"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Watanyň ýüregi — Aşgabat

Mermer paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanmaga berilýän önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar Aşgabadyň gurluşyk infrastrukturasynyň has-da ösýändigini we ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän şäherdigini tassyklaýar. Hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 16-njy martynda milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky we beýleki gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem doly tassyklaýar. Bu günki gün Aşgabat belent ösüşleriň şäheri hökmünde tanalýar. Ak şäherimizde bina edilýän ak mermerli binalarda özara sazlaşyk bar. Olar Watanymyzyň ähli ugurlarda ýetýän belent sepgitlerini, bedew batly ösüşlerini, şöhratly türkmen halkynyň galkynyşyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň ýüregi — gözel şäherimiz Aşgabatda iri halkara maslahatlary geçirilýär, umumadamzat bähbitli çözgütler kabul edilýär, möhüm döwlet çäreleri durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösen merkezdigini dolulygyna subut edýär.

Milli demokratik esaslaryň rowaçlanmagy

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Nurana geljegimiziň hatyrasyna

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşanlara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Aşgabat — halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan binalarda binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyzda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalaryndaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy.

Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň golaýda geçirilen mejlisi barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşyp, ses beren raýatlarymyzyň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ses berenleriň köpsanly bolmagy biziň jemgyýetimizde oňat netije gazanmak üçin möhümdir.

Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy.

Adam hakyndaky alada — ähli özgertmeleriň esasy ugry

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy. * * *

Ýagşy arzuwlara beslenip

Ýakynda maýor Söhbet Kömekowyň serkerdelik edýän harby bölüminde täze günüň, täze ýylyň buşlugy bolup dünýä inen taýçanaga hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýmagyna bagyşlanyp, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler ýazlaryň ýaraşygyny özünde jemläp dünýä gelen Aşgabat atly taýçanagyň Akhanyň neslidigini, mälim bolşy ýaly, «Aşgabat — 2017-de» Aziadanyň alawynyň Olimpiýa şäherçesine Akhanda getirilendigini, 2018-nji ýylda iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başaran Akhanyň üstünliginiň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini, şeýle hem bu gün onuň taýçanagy — Aşgabadyň paýtagtymyzyň şanly toýuna ajaýyp sowgat bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalanmagy ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Suraý ŞYHMYRADOWA, TÝG-niň gullukçysy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy. ***

Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Beýik işler rowaçlanýar

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredilen bu mejlisde käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Ykdysadyýetimiziň pudaklary sazlaşykly ösdürilmelidir

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Toýly Alladurdyýewiç Ataýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. * * *

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Durmuş ulgamyny nazarlaýan anyk maksatlar

26-njy martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.