Aşgabat — halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

31 Mart 2021
1105

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan binalarda binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyzda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalaryndaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar