"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi 14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere milli Liderimiz gatnaşdy.

Dünýä ýaň salan şanly wakalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara beslenýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky desganyň ulanylmaga berilmegi milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Beýik işler dünýä dolýar

14-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň toý bagyny kesip, binany gözden geçirenden soň, onuň kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Ählumumy abadançylygyň, ruhy bitewüligiň bähbidine

15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Demokratik ýörelgelere ygrarlylygyň dabaralanmagy

14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Milli Liderimiz binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. * * *

Milli demokratiýanyň täze belentlikleri

14-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň aja­ýyp bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň tä­ze pa­la­ta­sy­nyň bi­rin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­re hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz gat­naş­dy. Baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len tä­ze bi­na­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da joş­gun­ly­lyk we şat­lyk duý­gu­la­ry hö­küm sür­di. Bu ýe­re ge­len mil­li Li­de­ri­mi­zi Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň tä­ze saý­la­nylan ag­za­la­ry we Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Köpugurly hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär

15-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gat­naş­ma­gyn­da iri des­ga­la­ryň iki­si­niň — Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň we Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re ýygnananlar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. * * *

Döwletimiziň kanun çykaryjylyk esaslary berkidilýär

Öňňin paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara — Halk Maslahaty döredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi Aşgabat, 14-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 14-nji apreli) Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!

Paýtagtymyzyň gözelligi bilen sazlaşýan täze binalar

12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine gelýär. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri garşylaýarlar.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti ilçini kabul etdi

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Hünär kämilligi ugrunda

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan öz işine ussat döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyndan ugur alnyp, akademiýanyň professor-mugallymlary irginsiz zähmet çekýärler. 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komissiýasynyň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäklerinde «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirilýär. Okuwlar 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli her hepdäniň duşenbe, anna, şenbe günleri akademiýada, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, günleri bolsa ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binasynda onlaýn görnüşinde halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Bu Maksatnamany amala aşyrmagyň baş maksady ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlulygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk, guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri, şeýle-de, täze döwrebap önümçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Demokratik ýörelgeler rowaçlyklara beslenýär

Düýn milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň açylyş dabarasyna we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine gatnaşdy Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň açylyş dabarasy köp adamly boldy. Ir säher bilen bu ýere Mejlisiň Başlygy, milli parlamentiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesdi.