Milli demokratiýamyz dabaralanýar

14 Aprel 2021
923

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Bu Maksatnamany amala aşyrmagyň baş maksady ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlulygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk, guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri, şeýle-de, täze döwrebap önümçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Bezirgen ATAÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň maslahatçysy.
Beýleki habarlar