Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça birnäçe kararlaryň taslamalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisini