Kanunçylygymyzyň berk binýady

21 Aprel 2021
1027

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy ýylsaýyn belende galýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem her bir raýatyň syýasy, ykdysady, ruhy-medeni hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzda adam hukuklary barasyndaky dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ähli kadalaryndan ugur alynýar. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyşmak bilen, özüniň üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny kemala getirýär. Bilşimiz ýaly, 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisini geçirdi. Ýokary guramaçylykly geçen mejlisde öňde durýan wezipelere garaldy, milli kanunçylygyň birnäçe ugurlary boýunça degişli çözgütler kabul edildi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleri döredildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy ähli türkmen halkynda buýsanç duýgusyny döretdi. Bu bolsa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygyny, şu wezipäniň geljekde hem mynasyp dowam etdiriljekdigini aňladýar.

Arzuwgeldi KULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar