Aşgabat — Watanymyzyň medeni merkezi

21 Aprel 2021
989

Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçylyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar.

Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir. Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi, medeni durmuşynyň merkezleridir.

"Nesil".
Beýleki habarlar