"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Täze hasyldan geçginli harytlar

Şu günler biziň kärhanamyzda işiň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär, ýagny üstümizdäki ýylyň pagta hasyly gaýtadan işlenilýär. Ähli hünärmenlerimiz bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly geldiler. Tomusda pagta arassalaýjy enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. «Ak altynyň» hasylyny daşajak traktorlar, olaryň tirkegleri hem ähli talaplara laýyk getirildi. Şeýle çäreler kärhanamyzyň garamagyndaky pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-sinde hem amala aşyryldy. Netijede, kärhanamyzyň zähmetkeşleri täze hasyly gaýtadan işlemäge bellenilen möhletlerde girişdiler. Ondan pagta süýümi, çigidi, pagta galyndylary bolan ulýuk we lint öndürilýär. Pagta süýümi ýurdumyzyň dokmaçylyk kärhanalarynyň 12-den gowragyna iberilýär. Bu kärhanalarda, öndürilen önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Önüm öndürijiler höweslendirilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti oba hojalyk önümlerini öndürijileri giňden goldap, möhüm çözgütleri kabul edýär. Olaryň birinde 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän beýleki önümler bilen birlikde bugdaýyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahadan satmak bellenilipdi. Bu ilhalar çözgüdi ýerine ýetirmek işine Dostlugyň galla önümleri kärhanasynda jogapkärli çemeleşilýär. Kärhananyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň geçen döwründe önüm öndürijilere kärhana tarapyndan kepegiň 3900 tonna golaýy goýberildi. Topragyň berekedini artdyryp, bol önüm öndürýän ýer eýeleri özlerine degişli kepegi bökdençsiz alýarlar. Olaryň arasynda Muhiddin Gurbanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Zähmetkeş daýhan» daýhan hojalygy hem bar. Bu daýhan hojalygyna kärhana tarapyndan kepegiň 37 tonnasy goýberildi. Şeýle çemeleşme daýhanlary has netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär. Olar ýer eýelerini giňden goldaýan döwlet Baştutanymyza köp-köp sagbolsun aýdýarlar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Toprak altyna öwrülýär Bugdaýdyr pagtanyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, oba hojalygynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçiler welaýatymyzda sanardan köp. Şeýle tejribeli kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň ýaşaýjysy Döwletjan Öwezmyradowdyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri toprak bilen iş salşyp, onuň diline düşünip, ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başarýar.

Gant şugundyry ýygnalýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda daýhanlara işlemäge, ýerden bereketli hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Topraga ekleýjisi hökmünde garaýan ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň bugdaýdyr pagtanyň, süýjülik ekin bolan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryna esaslanyp, bu ugurda yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagy wezipe edip goýýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň kärendeçileri 17 müň 900 gektar ýere gant şugundyryny ekdiler. Kärendeçiler bu ekine agrotehnikanyň talaplaryna görä, otag, ýekeleme, suw tutmak, iýmitlendirmek işlerini göwnejaý geçirdiler.

Limon ýygnalýar

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň limonariýa ýyladyşhanasynyň işgärleri üçin şu günler gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Ýyladyşhananyň agzybir işçi-hünärmenleri berekedini bolluk bilen eçilen limon baglarynyň miwesini wagtynda ýygnap almakda yhlasly zähmet çekýärler. Hususy kärhananyň bölüm müdiri Hudaýberdi Sopyýewiň aýtmagyna görä, häzirki gyzgalaňly möwsümde günde 1 tonna barabar limon ýygnalyp, «Owadan Gämi» diýen ýazgyly ýörite gaplarda paýtagtymyza we welaýatlara bökdençsiz ugradylýar. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolan bu ýokumly önümler ildeşlerimiziň bereketli suprasynyň bezegine öwrülýär.

Baýramçylyga sowgatly geldiler

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 8 müň 100 gektar meýdana şaly ekip, bu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Ösdürilip ýetişdirilen şalynyň ählisi welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerine degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu gymmatly «sary altynyň» agramly bölegini ýygnamak S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçylarynyň paýyna düşýär. Daýhan birleşiginiň edermen şalyçylary häzirki günde 4 müň 750 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen şalynyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Daýhan hojalygynyň işgärleriniň, mehanizatorlarynyň hem-de 400-den gowrak edermen şalyçylarynyň gije-gündiz agzybirlikde çeken halal zähmeti netijesinde 21 müň 500 tonnanyň deregine, 21 müň 605 tonna golaý şaly hasyly ýygnalyp, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna şalyçylaryň zähmet sowgady boldy. Bellenen sepgide üstünlikli ýeten şalyçy kärendeçiler bu bereketli hasyly soňky dänesine çenli isripsiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärl

Datly çörekler – toý saçaklarynyň ýaraşygy

Ilaty ak bugdaýyň uny, çörek we çörek önümleri ýaly gündelik isleg bildirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde kärhanamyzyň işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, welaýat boýunça öndürilýän un we çörek önümleriniň saldamly bölegi biziň kärhanamyzda öndürilýär. Kärhanamyzda dürli kuwwatlykdaky degirmenleriň ikisi bolup, olaryň güýji bilen her gije-gündizde 180 – 200 tonna golaý bugdaý üwelýär. Kärhanamyzyň agzybir işgärleri şu ýylyň geçen 11 aýynda hem öndürijilikli işlediler. Şu döwürde kärhanamyzda ýokary, birinji, ikinji görnüşli unuň 53 müň 818 tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi we un önümçiliginde gazanylan ösüş 100 göterime barabar boldy. Şu döwürde kärhanamyzda bugdaý ýarmasynyň 1 müň 150 tonnadan gowragy, manny ýarmasynyň 37 tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi.

Geljek ýylyň aladasynda

2024-nji ýylyň hasyly üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 36 müň 900 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine kemsiz uýgunlaşan, köp hasyl berýän, kesellere garşy durnukly bugdaý ekip, geljek ýylda mähriban Watanymyzyň galla harmanyna azyndan 74 müň tonna guşgursak dänäni goşmagy meýilleşdirýän Sakarçäge etrabynyň gallaçylary bereketli hasylyň düýbüni mäkäm tutdular. Öz wagtynda, gysga möhletde, talabalaýyk ekişi amala aşyran zähmetsöýer adamlaryň yhlaslary ýerine düşdi. Ekinler hatasyz gögerip, atyzlar ýaşyl dona bürendiler. Ülpüldeşip oturan maýsalary görüp ruhlanýan ekerançylar ak ekini alada bilen gurşadylar. Ekin meýdanlaryny karbamid bilen iýmitlendirip, ösüş suwunyň depginini güýçlendiren kärendeçiler, ýer eýeleri işleriň hiline berilýän ünsüni hem pugtalandyrdylar. Bir we iki ülüşli otlary eýikdirmezlik üçin derwaýys işleri dowam etdirýärler. Gerbisid dökünlerini agrotehniki kadalara laýyk ulanmak arkaly haşal otlary düýp-teýkary bilen ýok etmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.

Bazar bolçulygyna mynasyp goşant

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçileri gök-bakja we miwe önümlerini öndürmekde guwandyryjy netijeler gazanyp, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Daýhan birleşigiň kärendeçileri, esasan-da, Gerkez jülgesiniň suwarymly ekin meýdanlarynda nar, alma we beýleki miwe önümlerini öndürip, ilatyň gök, miwe önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyny gazanýarlar. Etrabyň daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileri Amangeldi Töräýew 4 gektar meýdanda, Nursadap Annataganowa 1 gektar meýdanda nar agaçlaryny, Begmyrat Pepiýew 1,5 gektar ýerde alma agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen, ekin meýdanlaryndan alynýan önümleriniň hiliniň ýokary derejede bolmagy üçin yhlasly zähmet çekip, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýärler.

«Foodberry» miweleriň we gök önümleriň gabygyndan iýilýän gaplamalary taýýarlaýar

Miweleriň we gök önümleriň gabyklary tebigy gaplamalary taýýarlamakda ulanylýan esasan materiallardyr. «Foodberries» amerikan kompaniýasy beýleki önümler üçin hem şuňa meňzeş «gabyklary» öndürýär. «Häzirki wagtda köp adamlar ýolugra iýmitlenmäge mejbur bolýarlar. Şonuň üçin hem derrew taýýar bolýan, götermek üçin amatly we elbetde tagamly önümleriň meşhurlygy artýar. Emma şeýle önümler elmydama saglyk üçin peýdaly däl we olary ýygy-ýygydan sarp etmek plastik gaplamalaryň çykmagyny artdyryp biler» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Marti Kolýu belleýär.

Şalyçylaryň zähmet ýeňşi

Azyk önümçiliginiň öňdebaryjy gazananlary

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Bu iri gözden geçiriliş gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär.

Şaly hasyly — toýlara goşant

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Lebap welaýatynyň şalyçylary ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýene bir zähmet ýeňşine beslediler. Jeýhun ýakasyndaky welaýatda şaly hasylyny ýygnamak işine 7-nji oktýabrda girişildi. Güýzüň ahyrky günlerinde bolsa sebitiň daýhanlary 10 müň 200 gektar ýerden 48 müň tonna golaýladyp hasyl aldylar.

Şalyçylarymyzyň zähmet ýeňşi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we döwlete şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzda öndürilen şalynyň bereketli hasyly Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi. Şalyçylyk hojalyklarynda şalynyň, esasan, «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2» görnüşleri ekilip, olar hasyllylygy, azyklyk ýokumlylygy we toprak-howa şertlerimize durnuklylygy babatda şalyçy daýhanlarymyzyň köpýyllyk synagyndan geçip gelýär. Ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy edermen şalyçylarymyza ýerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berdi. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Dursunbaý Annamyradow, Tirkeş Baýryýew, Jahangül Gummanowa, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginden Durdymyrat Atanazarow, Baýramgeldi Kulyýew, Jennet Batyrowa ýaly tejribeli şalyçy kärendeçiler şalynyň bereketli hasylyny kemale getirmekde köplere görelde görkezmegi başardylar. Şalyçylarymyzyň zähmet üstünligini gazanmagyna welaýatymyzyň

Göwnejaý ideg edilýär

Täze ýylyň bol galla hasyly üçin bugdaý ekişini öz wagtynda geçiren Boldumsaz etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaş maýsalara ideg etmek işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalygyň gallaçy kärendeçileri 1113 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçirip, güýzlük bugdaýdan kadaly gögeriş almagy başardylar. Olar ýaşyl maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirip, wagtly-wagtynda suwaryp, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Çünki bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi zerur bolup durýar. Hojalykda ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýan gallaçy kärendeçileriň 600-den gowragy bolup, olar bugdaýyň idegini ýetirmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. — Daýhan birleşigimizde işine yhlasly kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň hatarynda Myrat Kakaýew, Nargül Durdymedowa, Döwran Sabyrow, Halbaý Söýünow dagyny agzamak bolar. Bu kärendeçileriň ýerlerinde bugdaýyň ösüşiniň has-da oňatdygy mese-mälim görünýär. Bugdaý agronomy Allaberdi Seýitjanow hem hemişe kärendeçileriň arasynda bolup, olardan degerli kömegini, maslahatyny aýamaýar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar Hojabaý Arazbaýew, Baýramdurdy Kiç

Maldarlaryň gyş aladalary

Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, olaryň baş sanyny köpeldip, önümliligini artdyrmaga, şeýlelikde, maldarçylykdan ýokary girdeji gazanmaga döredilýän giň mümkinçilikler kärendeçi maldarlaryň yhlasly zähmet çekmäge bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşmak babatda ýadawsyz zähmet çekýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary häzirki günlerde mallary dok we ýyly gyşlatmak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler. Daýhan birleşigi boýunça jemi 100-den gowrak mal bolup, bu ýerde olara tejribeli maldarlar gözegçilik edýärler. Şeýle maldarlaryň biri-de Ödek Ödekowdyr. Häzirki wagtda onuň garamagynda iri şahly mallaryň 49-sy bar. Ol mallaryň sagdyn ösüp ulalmagyna, olaryň saklanýan ýerleriniň arassaçylygyna yzygiderli gözegçilik edýär. Mallary göwnejaý gyşlatmak maksadynda, ol 24,5 gektar meýdana ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyl aldy. Şeýle hem iri baldakly otlaryň 260 tonnadan gowragyny ýygnady. Ätiýaçlyk taýýarlanan bu ot-iýmleriň bolelin ýetjekdigini kärendeçi maldar Ödek Ödekow ynam bilen aýdýar. Mallaryň gyş möwsüminde sagdyn, ýokary önüm berijilik ýagdaýynda sakl

Ýyladyşhanadaky netijeli işler

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda ýylyň dowamynda dürli görnüşli gök önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda iş alnyp barylýar. Şol önümleriň arasynda pomidoryň esasy orunda durýandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, jemi meýdany 10 gektardan ybarat bolan bu toplumyň ekin ýerleriniň köp böleginde bu önüm ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýylda 2 müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanada ähli güýç şu meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. Toplumda pomidor düýplerine iýmit, suw bermek, ýylylygy, çyglylygy kadalaşdyrmak ýaly çäreler kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde el güýji zerur bolan işlerde 100-e golaý adam zähmet çekip, olaryň köpüsiniň ýaşlardygy bellärliklidir. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna pomidoryň bol hasylyny ýetişdirip, ilata hödürlemegi maksat edinýärler.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Buýsançly ýylymyzyň waspy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere, ýatda galyjy şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Geçip barýan ýyl türkmen jemgyýetinde asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň maddy, taryhy, medeni mirasynyň we däp-dessurlarynyň öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň ýaýbaňlandyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Işler sazlaşykly barýar

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynda möwsümleýin oba hojalyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Daýhan hojalygy boýunça geljek ýylyň hasyly üçin däne ekilen 135 gektardaky ak ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalaryna berk eýerilýär. Aýjahan Nuryýewa tarapyndan esaslandyrylan gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň gowaça meýdanlaryndaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak işi dowam edýär. Häzirki güne çenli hojalygyň 50 gektar bol hasylly meýdanlaryndan pagtanyň 190 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Bu görkeziji şertnamalaýyn borçnamanyň iki esseden gowrak berjaý edilendigini aňladýar.

Guwandyryjy görkeziji

«Ak üzüm» daýhan hojalygy diňe bir Ak bugdaý etrabynda däl-de, eýsem welaýatymyzyň öňdebaryjylarynyň hatarynda tanalýar. Bu daýhan hojalygy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pagtaçylykda guwandyryjy görkezijilere eýe boldy. Hojalygyň gowaça ýetişdirilen 60 gektar meýdanyndan ýokary hasyl alnyp, şertnamalaýyn borçnama irki möhletde artygy bilen ýerine ýetirildi. Muňa garamazdan, zähmet üstünligini artdyrylan hasylyň hasabyna has-da berkitmegi maksat edinýän hojalygyň daýhanlary şu günler meýdanlardaky «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen işleýärler. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň aýtmagyna görä, häzirki güne çenli pagtanyň 120 tonna derek, 194 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna tabşyryldy. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 33 sentnere ýetirilendigini aňladýar. Zähmet üstünliginde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň mynasyp hyzmaty, şeýle-de ýüwrük elli ýygymçylardyr, mehanizatorlaryň saldamly goşandy bardyr.