Guwandyryjy görkeziji

5 Dekabr 2023
625

«Ak üzüm» daýhan hojalygy diňe bir Ak bugdaý etrabynda däl-de, eýsem welaýatymyzyň öňdebaryjylarynyň hatarynda tanalýar. Bu daýhan hojalygy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pagtaçylykda guwandyryjy görkezijilere eýe boldy. Hojalygyň gowaça ýetişdirilen 60 gektar meýdanyndan ýokary hasyl alnyp, şertnamalaýyn borçnama irki möhletde artygy bilen ýerine ýetirildi. Muňa garamazdan, zähmet üstünligini artdyrylan hasylyň hasabyna has-da berkitmegi maksat edinýän hojalygyň daýhanlary şu günler meýdanlardaky «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen işleýärler.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan Ýusup Bäşimowyň aýtmagyna görä, häzirki güne çenli pagtanyň 120 tonna derek, 194 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna tabşyryldy. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 33 sentnere ýetirilendigini aňladýar. Zähmet üstünliginde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň mynasyp hyzmaty, şeýle-de ýüwrük elli ýygymçylardyr, mehanizatorlaryň saldamly goşandy bardyr.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.
Beýleki habarlar