Ýyladyşhanadaky netijeli işler

6 Dekabr 2023
837

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda ýylyň dowamynda dürli görnüşli gök önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda iş alnyp barylýar. Şol önümleriň arasynda pomidoryň esasy orunda durýandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, jemi meýdany 10 gektardan ybarat bolan bu toplumyň ekin ýerleriniň köp böleginde bu önüm ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýylda 2 müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanada ähli güýç şu meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär. Toplumda pomidor düýplerine iýmit, suw bermek, ýylylygy, çyglylygy kadalaşdyrmak ýaly çäreler kämil enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde el güýji zerur bolan işlerde 100-e golaý adam zähmet çekip, olaryň köpüsiniň ýaşlardygy bellärliklidir. Ýyladyşhana toplumynyň işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna pomidoryň bol hasylyny ýetişdirip, ilata hödürlemegi maksat edinýärler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar