"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Baş baýlygyň goragynda

Jana şypa, derde melhem Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde limony köpräk iýmek maslahat berilýär. Ol ýokanç kesellere garşy göreşiji hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adam sowuklan halatynda limon garylan bally çaýy içmeli.

Gyş paslynda kadalary berjaý ediň!

Gyşda peýdaly önümler

Mähriban çagalar, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde derläp daşary çykylmagy, sowuk howada köp durulmagy, iýmitiň sowuklygyna iýilmegi, buz ýaly sowuk içgileriň içilmegi sowuklama, dümew ýaly keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Eger dümewlän ýagdaýyňyzda hökman lukmana ýüz tutmaly. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin limonly çaý, gyzyl burç atylan unaş içmeli. Keselleriň öňüni almak üçin hemişe öz saglygymyzy berkitmeli. Immuniteti, ýagny bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaly. Onuň üçin wagtly-wagtynda hem saglyga peýdaly bolan iýmitleri, önümleri iýmeli.

“Sagdyn bedende – sagdyn ruh”

Gyş paslynda sagdyn bolmagyň kadalary

— Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. — Pasyl aýratynlyklaryna görä geýinmeli.

Sähralary nerli, maýaly türkmen

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň öri meýdanlarynda bolmagy hem-de ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen duşuşyp, onuň işi, durmuşy bilen içgin gyzyklanmagy bizde uly täsir galdyrdy. Şonda kärendeçilik usulynyň aýratynlyklary bilen tanşan Gahryman Arkadagymyz maldarçylygyň milli ýörelgelerine ünsi çekip, halkymyzda düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň il saglygy barada dynuwsyz alada edýändigini ýene bir gezek subut etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna möhüm orun berilýär. Ýedi hazynanyň biri bolan bu mal ata-babalarymyzyň asyrlarboýy peýdalanyp gelýän döwletli malydyr. Ir döwürlerde ümmülmez sähralary mesgen tutunan halkymyz, şol döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplaýar we düýe malyndan alynýan ähli önümleriň dermanlyk ähmiýetinden peýdalanyp gelýär. Şonuň üçin halkymyzyň dilinde ýer alan: «Geçili baý — kiçi ba

Syna sowugy söýmez

Ynsan ýaşaýşynyň öz kadalary bar. Adam iýmitlenende, geýnende we beýleki her bir ýagdaýlarda tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara görä, ünsli hereket etmeli. Mysal üçin, gyş pasly adamdan öz bedenini ýyly saklamagy talap edýär. Şonuň üçin howa derejesiniň peselen häzirki günlerinde paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, şeýle hem başgap bilen ellik geýmek hökmany talaplaryň biridir. Geliň, bularyň beden saglygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada durup geçeliň. Her paslyň özüne mahsus howasy bar. Güýzde howa sowap başlaýar, gyşyna has sowuk bolýar. Şunda howa şertlerine görä, esasan hem, aýaklary we kelläni ýyly saklamaga üns bermek gerek. Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur beden agzalarynyň hataryna girýär. Olar näçe ýyly saklansa, beden şonça-da ýyly bolýar. Ýöne ädigiň içinden gat-gat ýyly jorap geýip, aýaklary derläp durar ýaly hem etmeli däl. Eger aýaklar derlese, çyglanan joraplar bilen birlikde aýakgaby-da çalyşmaly.

Aşa gyzgyn naharlanmagyň täsiri

Gyzgyn iýmit ynsan durmuşyna doly ornaşan. Gyzgynjak naharsyz, çaýsyz suprany bu gün göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Ýöne aşa gyzgyn naharyň, içginiň soňlugy bilen saglyga ýaramaz täsir edip bilýändigini hem unutmaly däldiris. Mysal üçin, aşa gyzgyn çaý içilende, agyz boşlugynda ýara emele gelip bilýär. Gyzylödege agram düşýär. Sowuk iýmit bilen gyzgyn içgini birbada garyp iýmek has hem zyýanlydyr, çünki şeýle ýagdaýda dişleriň syrçasynyň çat açyp, ol ýerde bakteriýalaryň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Aşa gyzgyn içgi uzagyndan damagyň diwarjyklarynda çişleriň emele gelmegine getirip bilýär. Netijede, damagyň ýollary daralyp, öýkene howa ýeterlik mukdarda baryp bilmeýär we adam kadaly dem almakda kösençlik çekip başlaýar. Eýranly alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, 60 derejeden ýokary bolan iýmiti yzygiderli iýýän adamlaryň gyzylödeklerinde düwnük keseliniň emele gelmeginiň has ýokary bolýandygy anyklanyldy.

Peýdaly önümler

Kadaly iýmitlenmek adamyň saglygy, kesellere garşy göreşijilik ukybynyň güýçli bolmagy, ösüşi, beden agzalarynyň sazlaşykly işlemegi üçin wajypdyr. Iýmit bilen adam ýaşaýyş üçin zerur gerek bolan witaminler, minerallar, nutriýentler, umuman, peýdaly serişdeler bilen üpjün bolýar. Gyş möwsüminde peýdaly iýmit iýmek bilen, biz käbir nähoşluklardan aňsat gutulyp, kesele sezewar bolmak ähtimallygyny aradan aýyrýarys.

Hoz

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dürli dermanlyk ösümlikleri we olaryň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şolaryň arasynda gadymy hem uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişli bolan, ýokary derejede dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz agajy hem-de onuň dermanlyk häsiýeti barada hem durlup geçilýär. Ýurdumyzda gadym döwürlerden bäri ýetişdirilip gelinýän hozuň peýdaly iýmitdigini halkymyz ir döwürlerden bäri bilýär. Hoz maňzyny paslynda ulanmagyň esasy zerurlygy onuň adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirýändigi bilen baglydyr. Şeýle hem bolsa, onuň düzüminde köp mukdarda ýagyň bardygy üçin, günüň dowamynda 5-10 hozdan köp iýmek maslahat berilmeýär.

Ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak

Ýiti respirator wirus ýokanjy, adyndan belli bolşy ýaly, ýiti görnüşinde geçýär we bu keseli wiruslar döredýär. Onuň bilen islendik adam keselläp bilýär. Ylaýta-da, keseliň öňüni alyş çäreleri doly we dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, näsag adamdan howa-damja, galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sagdyn adamlaryň bedenine düşýär we olaryň kesellemegine getirýär. Ýiti respirator wirus ýokanjy bilen kesellemezlik üçin onuň öňüni alyş çärelerini dogry berjaý etmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, ýaramaz endiklerden daşda durmaly, özbaşdak antibakterial derman serişdelerini ulanmakdan saklanmaly. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat bolan ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden peýdalanmaly. Üzärligi ýakyp, onuň tüssesi otaga ýaýrandan soň 10-15 minutdan penjiräni açyp, otagy ýelejiretmeli, soňra çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.

Ilatyň saglygynyň goragynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, ilatyň saglygyny goramak boýunça başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurulýar. Bular bilen birlikde ýerlerde hassahanalaryň durklary düýpli täzelenilýär. Şeýle işler biziň etrap hassahanamyzda hem geçirildi we ol geçen ýylda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bu ýerde kämil lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şonuň netijesinde etrabymyzyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary has elýeterli boldy. Bular barada hassahananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hasabat ýygnagynda guwanç bilen durlup geçildi. Ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm meselede oňyn netijeleri gazanmakda lukmanlar üçin kadaly iş şertleriniň döredilmeginiň ähmiýeti kiçi-girim däldir. Bu mesele diňe bir etrap hassahanasynda däl, eýsem, beýleki saglyk merkezlerinde hem üstünlikli çözülýär. Agzalaryň 360-a golaýyny özüne birleşdirýän kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bu meseläni üns merkezinde saklaýar. Hasabat döwründe agzalaryň 40-a golaýyna arkalaşyk kömegi berildi. Şeýle-de saglygy goraýyş işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzyň sapaly ýer

Saglyk — baş baýlyk

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli — bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, wirusly gelip çykyşlydyr we beden synalaryny düýpli gowşadýar, immunitetiňi pese düşürýär. Bu wiruslar näsag adamdan howa-damja ýollary arkaly geçip bilýär. Ol çalt ýaýraýar, netijede az wagtyň içinde belli bir ýerde köp adam keselleýär. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Onuň köpçülik ýerlerine barmagyny çäklendirmeli. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselinde öz-özüňi bejermäge ýol bermeli däldir. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Derman serişdelerini özbaşdak, esasan-da antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman ulanmaly däl, sebäbi kesel dörediji wiruslara, antibakterial serişdeler täsir etmeýärler, olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň peselmegine getirer.

Naryň saglyga peýdasy

Naryň şiresi antioksidant täsirli bolup, işdäňi açýar. Arterial gan basyşyňy peseldýär, iýmit siňdiriş mäzleriň işini sazlaýar. Süýjüli diabet keselinde ganyň düzümindäki süýjiniň ýokarlanmazlygyna ýardam edýär. Öt sowuklama, aşgazanasty mäziň sowuklamasyna hem täsiri uly. Ol bedeniň umumy gowşaklygynda, sowuklama keselinde, göz kesellerinde, üsgülewükde bejerijilik täsirine eýe bolup durýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, nerw ulgamyny köşeşdirýär, içgeçme keselinde hem derdiň dermany bolup hyzmat edýär. Nar immun ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Dürli görnüşli işdäaçarlar taýýarlanylanda, nardan peýdalanmak maslahat berilýär. Çünki onuň düzüminde C witamin bolup, ol iýmiti siňdirijilik häsiýete eýedir.

Limonyň peýdasy

Limon adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny has-da berkidýär. Häzirki günlerde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limony ary balyna garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.

Hormatly ildeşler!

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ukynyň, iýmitlenişiň we hereketiň sazlaşygyny berjaý edeliň! Кöpräk pyýada ýöräp, saglygymyzy berkideliň! Gyşda ýyly geýneliň!

Peýdaly maslahatlar:

— gyş paslynda ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranyň; — kesel dörediji wiruslar dem alyş ýollary arkaly bedene aralaşmaz ýaly, «Oksolin» melhemini öýden çykanyňyzda burnuň nemli bardasyna çalyň;

Antibiotiklerden peýdalanmagyň düzgünleri

Kesel bejerişde birnäçe usullar, dürli derman serişdeleri ulanylýar. Olaryň biri-de antibiotiklerdir. Antibiotikler bakteriýalardyr beýleki mikroblaryň köpelmegini togtadýan maddalardyr. Olar täsiri boýunça iki topara bölünýär. Birinjisi bakterisidler bolup, onuň işjeň maddalary bakteriýalary doly ýok edýär. Şeýle güýçli dermanlar kabul edilenden soň, adam bedenindäki kesel dörediji mikroflora aýrylýar. Ikinjisi bakteriostatikler bolup, ol bakteriýalaryň ösüşini we ýaýramagyny togtadýar. Antibiotikler, esasan, pnewmoniýany, inçekeseli, salmonellezi we beýleki keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Olary ulanmagyň düzgünini kesel bejeriji lukman kesgitleýär. Häzirki döwürde antibiotikler birnäçe tapgyrda ulanylýar. Bu ýagdaý mikroblaryň antibiotiklere durnuklylygy bilen baglydyr. Mikroblar ozalky antibiotiklere gowy uýgunlaşandan soňra, olaryň täze tapgyryny ulanmaly bolýar.

Saglykda ýetilen sepgitler

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdirler. Bu ýol-ýörelge bolup, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornap galypdyr. Taryhy eýýamlardan gelýän bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de bu ýol-ýörelge döwrebap dowamat-dowamyny saklap gelýär. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Gyşyň güni sowuklama ýa-da dümew nähoşlugyna uçramaz ýaly, bedeniň kesele garşy goranyjylyk ukybynyň güýçlenmegine üns bermeli. Onuň üçin witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmeli, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli, gün tertibini dogry düzüp, iş we dynç alyş wagtyňy sazlaşykly utgaşdyrmaly. Käşir, kelem, kädi, şugundyr, turp ýaly önümleri köpräk iýmeli, şeýle-de limonly, bally çaý içmek siziň bedeniňiziň kesele garşy goranyjylyk ukybynyň güýçlenmegine oňyn täsirini ýetirer. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Otagyň howasyny yzygiderli ýelejiredip durmaly. Eger-de sowuklama ýa-da dümew nähoşlugyna ýolugan bolsaňyz, onda hökmany suratda maşgala lukmanyna habar etmelidir.