Allergiýadan ägä boluň!

1 Maý 2024
467

Allergiýa — bu bedeniň immun ulgamynyň adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti täsiridir. Bu keseliň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp bilýär. Onuň dowamlylygy bolsa, birnäçe minutdan ençeme güne çekýär. Şeýle-de gijilewügiň agyrlyk derejesi boýunça hem dürli-dürlüdir.

Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeleri, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Keseliň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler allergenler diýlip atlandyrylýar. Kähalatlarda gijilewükler şeýle bir gowşak ýüze çykýar we ondan ejir çekýändigiňizden bihabar galýarsyňyz. Allergiýa has agyrlaşyp, adamyň janyna howp hem salýar. Ondan ejir çekýän adamlarda bedeniň allergena bolan adatdan daşary ýiti garşylygy netijesinde agyr ýagdaýa hem getirýär. Burundan suwuklyk akmasy, göz ýaşarmasy we sowuklamanyň beýleki ýagdaýlary allergiýanyň ilkinji alamatlarydyr. Şeýle-de bedende uly bolmadyk örgün emele gelip ugraýar. Eger-de siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda keseliň şuňa meňzeş alamatlaryny ýüze çykaran bolsaňyz, hökman lukmana ýüz tutuň!

Ogulşat KALYMBETOWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar