Tagalla edilýär

30 Aprel 2021
929

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Gülden görkli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň her ýylda birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmäge hem-de dikeltmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary, sagaldyş merkezleri hereket edýär. Şäher merkezlerinde, şeýle hem oba ýerlerinde ilata saglyk öýleri hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler.

Tagtabazar etrabyndaky oba saglyk öýünde maşgala lukmany hem-de müdir bolup zähmet çekýän Annamyrat Gelenow indi halypa lukmanlaryň hatarynda tanalýar. Ol bu ugurda 54 ýyl bäri zähmet çekip gelýär we bu saglyk merkezinde 41 ýyl bäri müdir bolup işleýär. Annamyrat Gelenowyň ýanyna ýüz tutup gelýän oba adamlary onuň işinden örän hoşal bolýarlar.

Beýleki habarlar