Saglygy goramagyň hukuk binýady

30 Aprel 2021
978

Eziz Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Pasyllaryň çalyşmagy, howply ýokanç keselleriň öňüni almakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilat arasynda çagalardan başlap, ýaşululara çenli halk köpçüligine ýiti ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin degişli hünärmenler bilen bilelikde dogry iýmitlenmek, witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýmek, her günde azyndan 2 litr arassa suw içmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleri sabynlap ýuwmak, 8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyny almak, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamak, öý we iş otaglarynda penjireleri açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp durmak, üzärlik tütedip, çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak, ähli adamlaryň oksolin melhemini ulanmagy ýaly meseleler boýunça yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär.

Prokuratura edaralary tarapyndan diňe bir düşündiriş işlerini geçirmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň kanuny talaplarynyň, şeýle hem «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendinde: «Pudaklaýyn dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäkde raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagy we berkidilmegi, keselleriň öňüni almak we sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy boýunça çäreleriň geçirilmegi üçin şertleri döredýärler» diýlip, bellenilen kanuny talaplaryň ähli raýatlar tarapyndan berk berjaý edilişi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Diňe kanuny talaplary berjaý etmek bilen çäklenmän, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhem çaýlary içmegi endik etmeli.

Annamyrat AMANGELDIÝEW,
Çärjew etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar