Maşklaryň adam bedenine peýdasy

12 Aprel 2021
905

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen zyýanly endiklere garşy alnyp barylýan aýgytly göreş halkymyzyň genofonduny gorap saklamaga, jemgyýetiň durmuş-ruhy sagdynlygyny kemala getirmäge we adamyň baş baýlygyny — saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşynyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Sport adamyň beden hem ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar hem hereket ediş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda dörän keselçilik alamatlarynyň ötüşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar. Üstesine-de, sport maşklary adamyň göwnüni göterýär, özi bilen pikirdeş adamlar bilen dostlaşdyrýar.

Aksoltan SÖÝÜNOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar