6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny talabalaýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada, şeýle hem döwlet emläginiň aýawly saklanylmagyna, netijeli ulanylmagyna we eýelik edilmegine geçirilen barlaglar boýunça habar berildi.