Ýeňişleriňiz ýeňişlere uzasyn!

31 Iýul 2024
180

Sport

Ýurdumyzda sportuň ähli ulgamlarda giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleriň döredilendigine welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Toplumyň bedenterbiýe mugallymy Gurbantagan Ylýasowyň tälimçilik etmeginde şu ýylyň başynda bu ýerde terbiýelenýän we uçurym bolan oglanlardan ybarat kiçi futbol boýunça topar döredilip, onuň gysga wagtda gazanan üstünligi diňe öwgä mynasypdyr.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar