Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

26 Iýun 2024
364

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden «Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň jemlerine bagyşlanyp TKA-nyň welaýat birleşmesinde maslahat geçirildi.

Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň baş redaktory Aýbölek Nurtaýewa dagy çykyş edip, berkarar döwletimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli bäsleşikleriň, çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen akyldaryň döredijilik mirasyny öwrenmäge aýratyn uly üns berilýändigi hakynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar