«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar

3 Noýabr 2023
1077

1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.

«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary her hepdede 5 gezek Kazana, 10 gezek Stambula (gatnawlaryň biri 5-nji dekabrdan başlap ýola goýlar), 2 gezek Deli şäherine, 2 gezek Dubaýa, 2 gezek Pekine we 1 gezekden Maýnyň boýundaky Fankfurt we London şäherlerine uçarlar.

Beýleki habarlar