Sport, sagdynlyk, abadançylyk

3 Iýun 2024
649

Ylym dünýäsinde «Welosipedi gaýtadan oýlap tapmak» diýen jümle berk ornaşypdyr. Bu jümle ozaldan hem mälim bolan närsäni täzeçillik ýaly görkezmek isleýänleri ýaňsylamak üçin dörän bolsa-da, welosipediň oýlanyp tapylmagynyň we peýdalanylmagynyň ähmiýetini peseltmän, eýsem, bu ulagyň adamzadyň durmuşynda eýeleýän ornuny görkezýär. Ýönekeýlik, ýeňillik, elýeterlilik welosipedi beýgeldýän aýratynlyklardyr. Çünki hemme beýik we ajaýyp zatlar ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Ynsan üçin sagdynlygyň iň uly baýlyga, daşky gurşawyň abadançylygynyň bolsa döwrüň iň derwaýys meseleleriniň birine öwrülen zamanasynda welosipediň ähmiýeti has-da artýar. Şonuň üçinem sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygyň ulagynyň umumadamzat derejesindäki baýramçylygy — Bütindünýä welosiped güni birnäçe ýyl bäri Ýer ýüzünde giňden bellenilip gelinýär. 2024-nji ýylda bu sene mynasybetli dabaralar ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslendi. Paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň başyny hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çekmegi jemgyýetimiziň sagdynlyk, ruhubelentlik, ekologiýa abadançylygy ýaly gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmegini şertlendirdi.

Welosipediň oýlanyp tapylyşynyň taryhy barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlar beýan edilýär. Şol garaýyşlar bilen bu ýazgymyzy uzaldyp oturman, kimiň ýa-da kimleriň hyzmatydygyna garamazdan, welosipediň döremeginiň ynsanyýete beren peýdasy barada söhbet etmek gyzyklydyr. Sebäbi indi 200 ýyldan gowrak wagt bäri welosiped dünýäniň çar ýanynda diňe bir «ýediden ýetmişe» çenli däl, has kiçi we has uly ýaşdaky adamlar üçinem iň elýeterli ulag serişdesi hökmünde hyzmat edip gelýär. Özünden öňki we soňky ulag serişdelerinden tapawutlylykda, welosipedi herekete getirmek üçin uly yhlas ýa-da ýangyç zerur däl. Oňa erk etmegi bir gezek öwreneniňden soň, bu başarnyk ýyllar geçse-de ýitirilmeýär. Şonuň üçin-de, öwrenilmesi ýeňil işler babatda «Edil, welosiped süren ýaly, bir gezek öwrenseň, ýatdan çykaryp bolanok» diýen jümle döräpdir.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar