Tarypa sygmaýan taryhy gün

13 Sentýabr 2024
479

Üç asyryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň döredijiligi dünýä türkmenlerini ruhy taýdan birleşdirýär, bitewüleşdirýär. Aslyýetinde, Magtymgulyny tanamak — türkmeni tanamak.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda akyldar şahyrymyzyň mertebeli adyny göterýän, maddy enjamlaýyn binýady berk umumybilim berýän döwrebap ak mekdep bina edildi. Türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezýän bu mekdepde bagtyýar çagalar okap bilim-terbiýe alarlar. Täjigistanda ýaşaýan türkmen doganlarymyz ýaş nesilleriň ykbalyna ýagtylyk çaýýan, ýollaryna nur saçýan döwlet Baştutanymyza egsilmez sagbolsunlaryny, ýürekden çykýan ak arzuwlaryny beýan edýärler. Sebitdeş ýurtda ýaşaýan köpsanly ildeşlerimiz üçin niýetlenen döwrebap mekdebe Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy olaryň bagtyna bagt, şatlygyna şatlyk goşdy. Şol sene olar üçin tarypa sygmaýan taryhy gün. Biz bolsa taryhy senäniň sebäpkärleri bolan şol mekdebiň okuwçylarynyň we mekdebiň müdiriniň ýürek buýsanjyny size ýetirýäris.

«Güneş».
Beýleki habarlar