Ýyl­gy­nyň gym­ma­ty we peý­da­sy

7 Maý 2024
944

Güneşli Diýarymyzyň tebigatyna aýratyn görk berýän, özboluşly tokaýlygy döredýän gyrymsy agaçlaryň biri hem ýylgyndyr. Ýylgynlar gülleýän wagtlary töwerege üýtgeşik gelşik berýärler. Ene-mamalarymyz tamdyrlaryň daşyny ýylgyn pürleri bilen garylan palçyk bilen suwapdyrlar. Il içinde ýylgyn pürleri bilen tamdyr suwalanda tamdyryň gyzgynlygynyň gowy saklanýandygy, ýapylan çörekleriň owadan bolup bişýändigi aýdylýar.

Häli-häzirlerem uzak ýola gidilende, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasynyň jümmüşindäki ençeme ýyllarboýy ösüp oturan ýylgynlary görüp bolýar. Ol ýylgynlar obamyzda gelin-gyzlaryň, ene-mamalarymyzyň ulanan saýgyçlaryny ýadyňa salýar. Ulugyz döwürlerimizde üýşüp keçe basardyk. Bu iş obamyzda gadymdan gelýän däpdi. Keçe basmak üçin gerekli ýüňleri taýýarlamakda gyzyl ýylgynyň çybygyny saýlap alyp, saýgyç ýasaýardylar. Ol juda berk bolýardy. Eger ýylgyn düwünli bolsa, ony päki bilen kesip, tekizleýärdiler.

So­na IL­MU­HAM­ME­DO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 4-nji Sag­lyk öýü­niň şe­pa­gat uýa­sy.
Beýleki habarlar