"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Bilim bilen ganatlanýarys

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyny türkmen milli ýörelgesi esasynda has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek bilen bagly meseleler ileri tutulýar.

Bilim binalarynyň şuglasy

Bu gün Aşgabat diýleninde, ilkinji nobatda, onuň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi göz öňüňde janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherini ösdürmek we kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzyň çäginde ylym-bilim ulgamynyň binalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň edara binalary ýaşlarymyzyň okap, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, ak mermerli binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şeýle häzirki zaman okuw binalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň G

Röwşen geljegiň eýeleri

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesle ilkinji başlangyç bilimi bermekde başlangyç synp mugallymlaryna aýratyn orun degişlidir. Başlangyç synp mugallymlary hem okuwçylaryň bilimli, sowatly bolup kemala gelmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Tawus Nazarowadyr. Tawus mugallym 2009-njy ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol häzirki wagtda şol mekdepde 4-nji synp okuwçylaryna okatmagyň täze hem döwrebap usullaryndan peýdalanyp bilim berýär. 15 ýyla golaý iş hyzmatly mugallym kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Synpyndaky okuwçylarynyň ene-atalary Tawus mugallyma çagalaryna oňat bilim berýändigi üçin öz minnetdarlyklaryny bildirýärler.

Kämil bilimli harby talyplar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek barada ýurdumyzyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Bu wezipeler türkmen ýaşlaryny döwrebap derejede terbiýeläp ýetişdirmekden, olara dünýä ülňülerine laýyk, sanly ulgamyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly bilim bermekden ybaratdyr. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen, häzirki zaman tehnologiýasyna laýyklykda ýaşlaryň bilimini ösdürmek we kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şular dogrusynda gürrüň edilende, ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetinde şu okuw ýylynyň okuw maksatnamasy boýunça geljekki lukman harby talyplara adam saglygy babatda düýpli düşünjeleriň fakultetiň kafedralarynyň mugallymlary tarapyndan has içgin öwredilmegini ýerine düşen iş hökmünde bellemek isleýärin.

Gymmatly baýlyk

«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen halkymyz ähli döwürde-de ylymly-bilimli bolmaklyga, hünär öwrenmeklige aýratyn üns beripdir. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň gadymy şäherlerinde ylym gülläp ösüpdir we olarda ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Gadymy Merw, Köneürgenç şäherleri ylym-bilimiň merkezine öwrülipdir. Belli alymlaryň ýaşap geçen topragy bolan eziz ata Watanymyzda täze taryhy eýýamda işlenip düzülen maksatnamalara laýyklykda, ylym-bilimi ösdürmek, ulgamyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüşleriň özeni hasaplanýan sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem döwrüň möhüm wezipesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň hatyrasyna bilim alýarlar, dürli hünärleriň eýeleri bolýarlar. Bu gün kämil hünärli, iş başarjaň, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ylmy-tehniki gazananlary we innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimizde giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi ileri tutulýan ugurlarda ýokary netijeleri gazanmagyň, belent sepgitlere ýetmegiň möhüm şertidir.

Kämilligiň berk binýady

Çagalar — röwşen geljegimiz

Ata Watanymyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler şeýle diýmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarydyr desgalary ýaş nesil hakdaky aladanyň nyşanydyr. Watansöýüji, ilhalar, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar. Şoňa görä-de, çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýäris. Geçirýän çärelerimiziň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly asylly sypatlaryň kemala gelmegini, olarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak barada düşünje bermegi maksat edinýäris.

Dil bilmek biziň medeni derejämiziň görkezijisidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyň

Bilim — ösüşiň berk binýady

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Nusgalyk kitaplardan peýdalanmak Bilim işi bilen okuwçylaryň terbiýesine üns berilmegi hökmany ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Mugallymlar ähli dersleriň watançylyk, edep-terbiýe bilen bagly pursatlaryna aýratyn üns berýärler. Terbiýeçilik sagatlarynda hem mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ulyny sylamak, kiçini, ene-atany söýmek ýaly milli gymmatlyklarymyzy hormatlamak bilen bagly temalar geçilýär. Bular boýunça ýolbaşçylyk edýän ýokary synp okuwçylarym bilen terbiýeçilik sagatlarymyň gyzykly we netijeli bolmagy üçin okuwçylara ýörite ýumuşlary tabşyrýaryn. Olar sapakda watançylyk temasy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan okan tymsallaryny, rowaýatlaryny gürrüň berýärler. Olaryň many-mazmuny boýunça sowal-jogap pursatlaryny guraýaryn. Ata-babalarymyzyň merdanalyk häsiýetleri barada okuwçylar öz pikirlerini aýdýarlar. Soňky sapaklarda hem okuwçylar bellenilen temalar esasynda özbaşdak eserleri, kitaplary okamagy endik edinýärler. Sapakdan soňra okalan eserler boýunça okuwçylar bilen aýratynlykda pikir alyşýarys. Şeýle ýagdaý okuwçylarda kitap okamaga bolan höwesi we özbaşdak pikirlenmäni, döredijilige bolan ukyplaryny has hem kämilleşdirýär.

Okuwçylara çekimsiz sesleri öwretmek

Çagalara bilim we sowat öwretmek üçin başlangyç synpda aýratyn üns bermelidir. 2-nji synp okuwçylary bilen türkmen dili sapaklarynyň has täsirli bolmagy üçin taýýarlyk görýärin. Olaryň türkmen dili boýunça öwredilýän temalary özleşdirmekleri üçin sowalnamalary hem taýýarlap, sapagyň dowamynda peýdalanýaryn. «Çekimsiz sesler» diýen tema boýunça guran sapagymda okuwçylara türkmen dilinden sesler we harplar bilen baglanyşykly soraglar bilen ýüzlendim. Meselem: «Türkmen dilinde näçe ses we harp bar?», «Ses näme, harp näme?» ýaly soraglary berdim.

Başlangyç synplarda synp sagadyny guramak

Eziz Watanymyzda ýaş nesli edepli-terbiýeli edip ýetişdirmek meselesine örän uly üns berilýär. Çagalar hakyndaky alada bolsa döwletli Diýarymyzyň geljegi barada edilýän tagalladyr. Şu durmuş hakykatyny ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirmek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Şu meselede synp sagady boýunça guralýan sapaklaryň uly ähmiýeti bar. Men birnäçe ýyldan bäri başlangyç synp okuwçylaryna bilim we terbiýe berýärin. Okuw-görkezme esbaplaryndan, aýratyn-da kompýuterlerden, multimedia tagtasyndan, slaýdlardan yzygiderli peýdalanýaryn. Bu bolsa çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrýar. 2-nji synpda okuwçylara synp sagadyndan «Ýaşululara hormat goýmagyň we olary diňlemegiň edebi» diýen temany geçenimde täze tehnologiýalaryň täsirlidigine açyk göz ýetirdim. Sapaklar şeýle guralanda çagalaryň her biriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip bilmegine ýardam edýär. Bu işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramakda mugallymlar döredijilikli zähmet çekmelidir. Pedagogik ýörelgelerden baş çykaryp bilmelidir.

Bilimli nesliň kämilligi ugrunda

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde möhüm ugurlaryň biridir. Konsepsiýada bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleriň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmelidigi beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň zähmetsöýer, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep-kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjyň we söýginiň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigi aýdylýar. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar. Mekdebe çenli bilim edaralary çagalaryň intellektual — döredijilikli ösüşi üçin şert döretmäge we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokary derejede amala aşyrmaga niýetlenendir. Döwlet bilim resminamalary bilimleri öwretmegiň we bilim bermegi guramagyň dürli usullaryny, ýollaryny salgy berýär. Şolara esaslanyp, bu işler biziň çagalar bagymyzda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

Halkymyzda ylym-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba uly hormat-sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Kitaplaryň taryhyň synagyndan geçip, geçmiş barada dil açýan tapylgysyz hazynadygy, kitap okaýan adamyň ýüreginiň mähir-muhabbetden pürepür bolýandygy barada hemmämiz bilýäris. Kitap geçmişi, şu güni bir ýere jemleýär. Kitaplar bize geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, ylym-bilim derejesi, döredijilikli ýollary, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan ilerlemegine kömek edýär. Kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, dosty we ýoldaşydyr. Perzent terbiýesinde ata-babalarymyzyň öz öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, ruhubelent ýaşaýşa höwes döredýär.

Möhüm wezipeleriň çözgüdi

Dil bilen dünýä açylýar

Aslynda, daşary ýurt dilini öwrenmäge her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne daşary ýurt dilini hünär hökmünde saýlaýan ýaşlarda bu höwesiň çagalykdan başlanýandygyna ynanasyň gelýär. Çaga dünýä inen gününden daş-töweregindäki adamlaryň ählisiniň şol bir heňde, şol bir owazda gürleşmegine uýgunlaşýar. Onuň gulagynda ene diliniň sözleri zol-zol ýaňlanýar. Emma soňra teleýaýlymlarda ýa-da kompýuterlerde multfilmlere, kinofilmlere ýa-da çagalara niýetlenen beýleki gepleşiklere daşary ýurt dillerinde tomaşa etmegi çaganyň ünsüni çekýär. Eşidýän sözleriniň öz gepleýän dilindäkiden üýtgeşik bolmagy onda gyzyklanma döredýär. Bilesigeliji çaga haýsydyr bir diliň del owazy täsir edýär. Diýmek, onuň gepleýän dilinden başga hem nätanyş dil bar eken. Hemme adamlar özi ýaly gepleýändir öýdüp ýören çaganyň dünýäsinde täze gapy açylýar. Öz gepleýän dilinden başga diliň bolmagy, şol bir düşünjeleriň başga sözler bilen ýaňlanýandygy onda şol dili öwrenmäge bolan höwesi oýarýar. Öňler ýaşlar daşary ýurt dili hökmünde galapyn rus dilinde gürlemäge ýykgyn edýän bolsa, indi iňlis we beýleki dillerde erkin gürleýänleri görmek geň däl. Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny, öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek maksady bilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda Duşak şäherçesinde ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirilen “Açyk gapylar” güni hem şeýle çäreleriň biri boldy. “Açyk gapylar” gününe welaýatymyzyň ähli etraplarynyň bilim-terbiýeçilik edaralaryndan myhmanlar gatnaşdylar. Mekdebiň ähli synplarynda ýylyň şygary bilen baglanyşykly göreldeli okuw sapaklary geçirildi. Mundan başga-da sapakdan daşary mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen, rus, iňlis dilleri boýunça aýdym-sazly dabara geçirildi. Onuň barşynda türkmen edebiýatynyň şamçyragy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň aýdym edilip aýdylmagy, şeýle-de labyzly okalmagy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdele