"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Rowan saňa, dowam saňa, Täze ýyl!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilen ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly Beýik Ogullar reýhana kalplarynyň beýany bolan şygyr bilen, aýdym bilen, mukam bilen mübärekleýärler. Nesip bolsa, geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanar, özi-de halkara derejesinde. Mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjekdiginiň özi nämä degmeýär?! Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler.

Dünýä uzaýan milli edebiýat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meniň ykbalymda-da ýatdan çykmajak pursatlar az bolmady. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym ylhamyma ganat bekletdi. Golaýda bolsa maňa Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan «Dilde, pikirde, işde birlik. Türki dünýäsiniň edebiýaty (hekaýa) baýragyna» mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Onlarça ýurtdan ýazyjylaryň eserleri gatnaşdyrylan halkara edebiýat bäsleşiginde «Dünýäniň yşky» atly hekaýalar, nowellalar kitabym baýraga mynasyp görüldi. Türki dünýäsiniň görnükli döwlet işgärleriniň, edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen gowşurylyş dabarasynda «Janymyň jananasy», «Ýelpeselendi» ýaly aýdymlarymyzyň ýerine ýetirilmegi bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň, Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasynyň başlygy Derýa Örsüň, Türk dil guramasynyň başlygy Osman Merdiň çykyşlarynda-da, Azerbaýjanyň halk ýazyjysy, meşhur kinorežissýor, 88 ýaşly Anar Resul ogly Rzaýew bilen gürrüňdeşligimizde-de ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan dost-doganlyk syýasatynyň edebi gatnaşyklarynyň geriminiň

Döwrümiziň watançy şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Seýitnazar Seýdi ýaly serkerde şahyrlarymyz bar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Maksatmyrat Atabalowdyr. Maksatmyrat 1977-nji ýylyň 17-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ak altyn obasynda dünýä inýär. Çagalygyndan tebigy zehinli oglanjyk 4-5 ýaşlarynda Ata Salyhyň «Şagal we horaz» diýen basnýasyny ýatdan öwrenýär. Goňşy-golamlary Maksatmyrada: «Şagal bir gün ajykdyny» aýdyp ber, hany» diýip, oňa bu basnýany aýtdyrar ekenler. Heniz orta mekdebe barmanka, özbaşdak okamagy, ýazmagy öwrenen Maksatmyradyň mekdep ýyllarynda döreden «Obam» atly goşgusynda dogduk obasyny wasp edişi okyjyny biygtyýar ýatlama güzerine aýlaýar.

Halypalara 3 sowal

1. Täze ýyl gijesinde ýadyňyzda galan waka.2. «Hazyna eýesi» ýylan ýylyndan nämelere garaşýarsyňyz?3. «Bir arzuw aýt» diýseler...

Şygryýet

Nuranalyk Hoş geldiň, Täze ýyl, törde ornuň bar,Şowly ýyllaň düşümlisi bolup gel!Diýarymyň her bir öýne, ojagna,Egsilmez bagt, rysgal-döwlet alyp gel!

Kyrk bäş minut (Nowella)

Obamyzyň klubuna kino kän gelerdi. Obadaşymyz Işannuruň müdirlik edýän döwürleri klubuň sahnasynda etrabymyzyň çeper höwesjeňleri kän çykyş ederdiler. Medeniýet öýümiziň kitaphanasynda işleýän Ogulnar-da çeper höwesjeňler toparynda çykyş ederdi. «Ogulnar bilen Işannur halaşýarmyş» diýen gürrüňlerem deň-duş oglan-gyzlarymyzyň arasynda ýok däldi. Ýöne bir gün kitaphana golaýlamda şaýat bolan wakamdan soň, bu gürrüňiň esassyzdygyna göz ýetirdim. Men Işannuruň sesini derrew tanadym. Ol:

Surat (Hekaýa)

Her ýyl Täze ýyl baýramy gelende, çagalygymyň şadyýan pursatlary gözümiň öňünde janlanýar. Esasanam, garly gyşlary ýatlaýan. Şeýle pursatlarda süýjüje gussalarymyň dermanyny gözleýän dek, surat albomymy elime alýan. Onuň sahypalaryny agtaryp oturyşyma, çagalygyň dünýäsine girip gidenimi duýman galýan. Çagalygyň gyşy. Çagalygyň gary. Ol gyşlaryň, ol garlaryň özboluşly tagamy bar. Şeýle günlerde çaga kalbyna çalymdaş ap-ak dünýäde şadyýanja oýnap ýörşüňe deň-duşlaryň bilen jemlenişip gar adam ýasamagyň hezili-de üýtgeşik. Iň bärkisi şol oýunlarda birek-birek bilen basdaşlyk etmegiňem özboluşly lezzeti bardyr. Gar adam ýasamakda-da şeýledir. Ikibir-üçbir bolup kim has uly, owadan gar adam ýasamakda bäsleşersiň. Beýleki topardakylaryň arasynda bize görä uluraklar köp bolansoň, biz hemişe olardan asgyn gelerdik. Şonda-da, her gezek garaçynymyz bilen jan ederdik.

Täze ýyl sowgady (Erteki)

Her Täze ýyl baýramynda Badhyz goraghanasynyň jandarlarynyň ählisi bellibir ýere jemlenip, Aýazbabany garşylaýarlar. Edil häzirem owadan bezelen dag arçasynyň töwereginde şagalaň gurap ýören jandarlaryň gözi ýolda. Birdenem asmanda pelpelläp ýören bürgüdiň sesi töweregi gaplap aldy: — Gelýär, dostlar, Aýazbaba gelýär!

Bakylyga öwrülen setirler

— Magtymguly, bir tarapdan, halk döredijiliginden güýç alan bolsa, ikinji tarapdan, halk döredijiligine ullakan güýç goşan şahyrdyr. Ata GOWŞUDOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

«Magtymgula barýan ýol»

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň täze kitaby neşir edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan ýygynda dana akyldaryň döredijilik ýoluny yzarlaýan mirasgäriň şahyryň durmuşyndan söhbet açýan dürli mazmunly makalalary, söz ussadynyň kowumdaşlarynyň dilinden ýazyp alan rowaýatlary girizilipdir. Şeýle-de ýygyndyda awtor şahyryň manysy içinde, çözgüdi daşynda bolan tapmaça häsiýetli goşgularynyň çözgüdini ylmy esaslara daýanýan täze garaýyşlar bilen ýüze çykarýar. Kitap alymlara, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna hem-de dana Pyragynyň mirasy bilen gyzyklanýan adamlara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Sowgat (Italýan tymsaly)

Ir döwürlerde Milanda meşhur pälwan ýaşapdyr. Ol her Täze ýylda şäher ýarmarkasynda guralýan şowhunlara gatnaşar eken. Şeýle şowhunlarda göreş tutdurylyp, ýeňijä ajaýyp skripka sowgat ediler eken. Her gezegem ýaňky pälwan garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, arzyly skripka eýelik edipdir. Ol alan baýraklaryny, şol sanda skripkalary-da satyp, gerek-ýaragyny alar eken. Ýylyň-ýylyna Täze ýyl baýramynda şowhun baryny görkezýän pälwanyň dabarasy dag aşypdyr. Ýöne bir baýramçylykda ol, garaşylmadyk ýagdaýda, garşydaşyndan asgyn gelýär oturyberýär. Ýarmarka baran adamlar şowhun görmek üçin ýene-de göreş tutulýan meýdança jemlenýärler. Ýene-de şol pälwan garşydaşyny ýanbaşdan aýlap, urup durupdyr. Ahyrsoňy märekäniň arasyndan bir oglanjyk çykyp, pälwanyň alkymyna barýar-da, bil tutluşmagy teklip edýär. Pälwan bir pursat onuň ýüzüne seredip duransoň razylaşýar. Hemmeleri aňk edip, pälwan oglanjykdan asgyn gelýär. Oglanjyk skripkany alansoň, şatlykdan ýaňa uçaýjak bolup, märekeden saýlanýar.

Ylham eçilýän baýram

Täze ýyl baýramçylygy köpleriň hakydasynda iň bir ýagty, süýji ýatlamalar galdyrýar. Dünýä edebiýatynda, sungatynda uly yz goýan ynsanlaryň hem Täze ýyly garşylaýyşlary barada ýazgylar galypdyr. Şolardan käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Lew Tolstoýyň maşgalasynda Täze ýyl baýramyna tomusdan taýýarlyk görüp başlapdyrlar. Ir-iýmişleriň bişýän möwsüminde çagalar «wişnýa ýelimini» toplapdyrlar. Ony eredip, hoza çalyp, daşyna kümüşsöw, altynsow reňkli kagyzlary ýelmäpdirler. Kagyzdan dürli şekilleri ýasapdyrlar. Sofýa Andreýewna bolsa Tulanyň dükanlaryndan agaç gurjajyklary satyn alypdyr. Agşamlaryna çagajyklar bilen gurjajyklar üçin lybas tikişlerini Sofýa Tolstaýa özüniň ýatlamalarynda ýerleşdiripdir. Çagalaryň yhlasy bilen täsin lybaslara beslenen gurjajyklar Täze ýyl arçasynyň esasy bezegine öwrülipdir. Baýramçylykda töweregiň çagalarydyr maşgalanyň gatnaşýan adamlary Ýasnaýa Polýana çagyrylyp, Tolstoýlaryň öýleriniň ikinji gatyndaky arça agajynyň daşynda gyzykly çykyşlar guralypdyr. Elbetde, çagalara sowgatlaram paýlanypdyr. Çagalaryň joşgunynyň esli wagtlyk ylham eçilýändigini Tolstoý gürrüň berer eken.

Täze ýyl, gel, garaşýarys!

Gel, küýselýän myhmandansyň, ornuň gözleň üstündedir,Mübärek gadamyň alna sylasy gelýär adamlaň.Biz — aşyk biz, a sen bolsa misli magşuk kysmyndasyň,Seniň bilen has bagtyýar bolasy gelýär adamlaň. «Hakyda göwheri» — baýlyk. Senem sakçysy hazynaň,Guýrugyňdan basmarys biz. Basanlar özüni gynar.Seniň hazynadardygňa, elbetde, düşüner synan,Halal zähmet bilen has baý bolasy gelýär adamlaň.

Käbäme sowgat

(Şahyrana oýlanma) Salam, eje! Galamy elime alan ilkinji günümden sen hakda ýazyp başlasym geldi. Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda, ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli günüm dertdeşim, şirin duýgularyma syrdaşym sen, käbäm! Käbäm, meniň saňa meňzäsim gelýär! Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam nahar bişirýärin.

Sekiz zat

Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi  täsin,  ýöne  ynsanyň  muňa  asla  ähmiýet  bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin. Kyn günlerde sabyr etmek agyr, emma  ondan  gazanjak  sogabyňy  zeýrenç  arkaly  ýele  gidirmek, ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma duýup bilýän adam üçin olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».

Ýylan ýylynda doglanlar

Biz 2025-nji ýylyň bosagasynda ýylan ýylynda doglan meşhur şahsyýetleriň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Fýodor Dostoýewskiý, 11.11.1821. Hünäri boýunça inženerdigine garamazdan, meşhur rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň ady dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň sanawynda ilkinjileriň hatarynda tutulýar.

Şamçyrag

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Jümle jahan jigeriniň jemalyn,Jowur ak paýtagtyň çyrazyn görüň!Bu gün bagtyň reňki oňa ýar bolup,Şuglasyny berýär gymmatly dürüň.

Täze ýylyň bosagasynda

Gurbannazar EZIZOW Hany, geçiň giň saçagyň başyna!Bäş minut galypdyr onki bolmana.Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,Sarpa goýduk bereketli ummana.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Adamyň ili bilen jebisligi, dosta wepalylygy, mertlige sarpasy bu adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleriniň — watançylygyň beýan edilmesidir. Watançylyk sözüniň manysyny bolsa, ýüregiňdäki telwasly sözler bilen beýan edeniň azlyk eder. Watançylygyň iň esasy şerti adam bolmakdadyr. Bu mert gerçekleriň ömrüniň bize galdyran sapagydyr. Mertler tutuş il-ulsuny özüne dost, ýakyn hemdem bilýär. Köýtendag sebitlerinde Abdyllahan galasy diýen bir köne gala bar. Ol barada okanlarymdan size ýetireýin. Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy:

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Dünýäniň hoşzyban kelamy bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!Barlygyň bezemen jemaly bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara! Uýup beýik Pyragynyň pähmine,Eýlenip zamanaň gyzgyn mährine,Watan gujagyna — tylla tagtynaHoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!