Taryhy we ruhy hazynanyň eýeleri
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyza ägirt medeni we ykdysady ösüşleri getiren 2024-nji ýyl iň şöhratly ýyllaryň biri bolup taryha girýär. Şygaryna Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne şygrynyň ady goýlan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda bütin dünýäde umumadamzat bähbitli beýik işleriň ençemesi durmuşa geçirildi, ençemesine-de badalga berildi. Dünýäniň 86 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň ykrary bolup jahana ýaýyldy. Bu ajaýyp ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri beýik ösüşlerimiziň çuň mazmunyna düşünmekde gymmatly gollanma boldy. Alym Arkadagymyzyň dürdäne eserleriniň dowamy bolan bu ajaýyp kitap giň okyjylar köpçüligi bilen birlikde, talyplyga gadam basan ýaşlar üçin has ähmiýetlidir. Çünki talyp bolup professor-mugallymlarymyzyň Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň many-mazmunyny açýan sapakla