Äleme şugla saçýar medeniýetim, sungatym
27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň şeýle wajyp orny göz öňünde tutulyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde durmuşa geçiren beýik işleri, badalga beren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda üstünliklere beslenýän ilhalar tutumlaryň berk binýadydyr. Döwlet derejesinde edilýän şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, medeni ösüşini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda