26 ýyl garaşdyran çempionlyk
Formula 1 boýunça möwsümiň iň soňky ýaryşy BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde geçirildi. «Ýas Marina» trassasynda geçirilen ýaryşda «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norris ýeňiji boldy. Ol 58 aýlawy 1 sagat 26 minut 33,291 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 4-nji ýeňşini baýram etdi. Bu ýeňiş F1-iň gadymy 2-nji konstruktoryna, britan toparyna taryhy çempionlyk gazandyrdy. «McLaren» topary soňky gezek 1998-nji ýylda, 26 ýyl ozal çempion bolupdy. Bu «McLaren»-iň 9-njy çempionlygy bolup, topar 2-nji ýerdäki «Williams» bilen deňleşdi. «McLaren» topary mundan öň 1974-nji, 1984-nji, 1985-nji, 1988-nji, 1989-njy, 1990-njy, 1991-nji hem-de 1998-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Toparlaryň arasynda iň köp çempionlyk «Ferrari» toparyna degişli bolup, italýan konstruktorynyň 16 çempionlygy bar. Şu möwsümde soňky tapgyra çenli ýiti göreşen «Ferrari» topary 2008-nji ýyldan bäri çempionlyga golaý gelipdi. Karlos Saýns Junior bilen Şarl Lekleriň Abu Dabi «Gran Prisinde» 2-3-nji