"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Gruzin dilindäki neşir tanyşdyryld

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň gru­zin di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi­niň di­ňe bir Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga däl, eý­sem, tu­tuş türk­men hal­ky­na hem bil­di­ril­ýän uly hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar, şol san­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, iki hal­kyň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky ede­bi gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

9-njy oktýabrda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjyl

Watanymyzyň ösüşleri hakda gürrüň edildi

Ahal welaýat kitaphanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga talyp ýaşlar, Ak bugdaý etrabyndan partiýa işjeňleri gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, ýörite guralan kitap sergisine aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary sergä bolan gyzyklanmany artdyrdy. Kitaphana işgärleri şol ajaýyp kitaplar hakda ýaşlara täsirli gürrüň berdiler.

Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap hassahanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirli boldy. Duşuşykda çykyş edenler berkarar Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmesöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Döwrebap lukmançylyk merkezleri halkyň hyzmatynda

Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda geçirilýän möhüm ähmiýetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi açyldy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş

Eşretli durmuşyň höziri

Düýn, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş işgärlerine täze şäheriň ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ol hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan toý baglary bilen bezelen ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdança Arkadag şäheriniň häkimliginiň we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Gymmatly önüm öndüriler

Düýn Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumy açyldy. Ýylyň iň şanly wakalarynyň birine öwrülen dabara gatnaşyjylar kalbyna dolan buýsanjy şeýle sözler bilen beýan etdiler: Guwanç SEÝIDOW,«Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy:

Baýramçylyga ajaýyp sowgat

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bosagasynda, Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylaryna hem-de saglygy goraýyş işgärlerine ajaýyp sowgat berildi. Mary şäheriniň Togrulbeg köçesiniň ugrunda gurlan welaýatyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde bina edip, onuň içinde ulgama, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna degişli, Ýewropa ýurtlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasiýa we sanly ulgama daýanýan lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrypdyrlar. Bu döwrebap binany gurduryp beren Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize welaýatyň saglygy goraýyş işgärleri we bagtyýar ýaşaýjylary tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş aýdýarlar. Ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris. Ogulnabat AGAJANOWA,Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri, Mary şäher halk maslahatynyň agzasy:

Hünär baýramçylygynda täze jaýlaryň açarlary

Düýn Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Berdinazar Hudaýnazarow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9 gatly 54 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Arkadag şäheriniň häkimi, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler asuda, parahat ýurdumyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi, şeýle-de ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Jaý toýuny tutýan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärlerine täze jaýlarynyň rysgally, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Maslahatly il myrada ýeter

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar sanardan köp. Olar halkymyzyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýär. «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok...», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»... ýaly nakyllaryň hem süňňüni halkyň agzybirlik taglymaty düzýär. Çünki agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy.

Şygryýet bossany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Bäs­le­şi­giň je­mi jem­le­ndi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şu ýylymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylyp, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuň mazmunly goşgularyny, öňe süren ideýalaryny, pikirlerini öwrenip, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ajaýyp döwrümizde akyldar şahyryň şahyrana setirlerde beýan eden arzuwlary hasyl boldy, türkmen halky berkarar döwletde erkana ýaşaýar, gurýar, döredýär. Munuň özi, ýaş nesiller üçinem görüm-göreldedir, nusgalyk mekdepdir. Žurnalymyzyň 2024-nji ýylyň 2-nji sanynda habar berşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaşlaryň arasynda «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edipdi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjekleri

Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun!

Ýyllar ýyllardan görk alyp, Garaşsyzlyk eýýamynyň täze taryhy şatlykly wakalar bilen barha baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimizde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden bellenildi. Bu şanly toýuň öňýanynda, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toý-baýramly Diýarymyzyň dürli pudagynda tapawutlanyp işleýän raýatlaryň ençemesine döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine Şa serpaýlary ýapyldy. Biz hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny žurnalymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.  Annajemal NURMUHAMMEDOWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy:

Döw­let­li­ligiň beýik tag­ly­ma­ty

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet we döwletlilik baradaky beýik taglymaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde düýpli özgerişliklere, rowaç tutumlara we sanly ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, ýetilen belent sepgitleriň buýsançly beýany bolmak bilen, Berkarar Diýarymyzyň mundan buýanky ösüşleriniň anyk ýoluny kesgitlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň uly syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösüşlerini üpjün edýän, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň artmagyny, ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanmagyny, şonuň bilen birlikde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Hormatly P

Agzybirlik hem bitewülik — rowaçlyklaryň gözbaşy

Garaşsyzlygyny gazananyna 33 ýyl dolan Türkmenistan Watanymyz şol ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu ösüşleriň has-da ilerleýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýändigi guwandyryjydyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, täze taryhy eýýamyň ilkinji günlerinden  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» badalga berilmegi bilen, ägirt uly ösüş-özgertmeler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ösüş-özgertmeleriň, taryhy tutumlaryň döwrebap derejede, täze üstünlikler bilen dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.