"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk

Şu gün Türkmenistanyň  saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günüdir Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli taraplaýyn ösüşi döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baradaky aladadan gözbaş alýar. Munuň özi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlar bilen berk baglanyşykly bolup, halkyň sagdyn hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny görkezýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Sag başym — soltan başym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen ata-babalarymyzyň adam saglygyna bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hökmünde belent sarpa goýmak, saglygyň gadyryny bilmek baradaky ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Döwletimizde ynsan saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga hem-de olary bejermäge niýetlenen desgalary, binalary gurmak, ulgamyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, derman senagatyny, netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp b

Bagtyýarlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili, elýeterliligi ýokarlandy. Hereket edýän iri saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň durky täzelendi we täze binalar guruldy, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary, «Tiz kömek» awtoulaglary we beýleki serişdeler bilen üpjün edildi. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ägirt uly üstünliklere beslenip, dünýäniň ösen saglyk ylmynyň tejribesi bilen baglanyşdyrylyp, bejerişiň täze tehniki enjamlary bilen enjamlaşdyryldy we maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge,

Saglyk — bagtyň sakasy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işler durmuşa geçirilip, adam baradaky alada naýbaşy orunda goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimizde saglyk maksatly desgalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketi ösdürilýär, sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimize giňden ornaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşleri gazanmagyny, belent sepgitlere ýetmegini şol tutumly işleriň netijeleri hasaplamak bolar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, saglygy goraýyş düzümleriniň işleri döwrebap derejede  kämilleşdirilýär, ylmyň gazananlaryna daýanýan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi munuň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen kärhana degişli önümlere bolan islegleri kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Asuda hem sagdyn durmuşyň goragynda

Raýatlaryň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ömrüni, saglygyny, kanuny hukuklaryny goramak, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda hemişe öň hatarda durýan wezipelerdir.  Jemgyýetimizde asudalygy goramak bilen birlikde, her bir raýatyň öz kanuny hukuklaryna, borçlaryna düşünmegini, ýaşlaryň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen wagyz-ündew, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak biziň — polisiýa işgärleriniň esasy wezipelerine degişlidir. Kanuny talaplaryň, tertip-‑düzgüniň berk berjaý edilmegini gazanmak jemgyýetimiziň hemişe asuda bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Esasan hem, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, il-güne wepaly, ýokary adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin tejribämizi, başarnygymyzy gaýgyrmaýarys.

Sagdyn nesil — ýagty geljek

Mähriban çagalar, «Güneşiň» saglyk burçy» sahypasynda bu gezek size hoş habar bilen peýdaly maslahaty utgaşykly ýetirmegi makul bildik. Ol nähili diýýärsiňizmi? Aýtsam, çagalar, ol şeýle. Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhana şu wagta çenli saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanylýan lukmançylyk serişdelerini, pamyklary, agyz-burun örtüklerini, başgaplary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini... öndürýär. Bilýäňizmi näme, indi «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Olar şu aşakdaky görnüşlerdir:

Saglygyň gadryny bilgil...

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Pasyl aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.

Saglyk, sport hem-de bilim — bagtyýarlygyň binýady

Her bir döwletiň ösüşi ondaky esasy ugurlaryň kämilligi, döwrebaplygy bilen seljerilýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sporta aýratyn üns berilýär. Elbetde, sözümiziň subutnamasy hökmünde ady agzalan ulgamlar bilen baglanyşykly Diýarymyzda geçirilýän halkara maslahatlarydyr sergileri aýtmak bolar. Ynha, şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär. Bu foruma Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.

Saglyk — bagtyýarlygyň sakasy

Watan düşünjesi özüniň beýikligi, gymmatlygy, şeýle-de çuňňurlygy bilen gaýry düşünjelerden tapawutlydyr. Bilermenleriň aglabasy hem bagtlylygyň manysyny düşündirenlerinde, ony ynsanyň ýaşaýan topragy bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki Watan düşünjesi ýüreklerde ýaşaýar. Onsoň, niçikmi, ýüregiňde ýaşaýan gymmatlykdan, beýiklikden gaýry saňa lezzet berjek başga näme bolsun?! Bu gün bagtyýarlygyň eşretlerini görüp hem duýup ýaşaýan halkymyzyň guwanjy çäksizdir. Çünki biziň Diýarymyz hut bagtyň mesgenidir. Döredilip berlen bu ummasyz ajaýyplyklaryň sakasynda bolsa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk üns-aladalary bar. Äleme nusgalyk tagallalaryň netijesinde bolsa, her bir ulgamda ösüşe sary ilerleýän ýurdumyzyň abraýy günsaýyn dünýä giňişliginde aýdyň şöhlelenýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär. * * *

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmekde hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu hakykatyň aýdyň mysaly hökmünde düýn paýtagtymyzda açylyp ulanylmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini agzamak bolar. Munuň özi biziň ýurdumyzda türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamakda we bejermekde has netijeli täzeçil usullary ulanmaga mümkinçilik berer. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, ençeme etraplarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Bu günki gün ýurdumyzyň raýatlary dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk merkezlerinde ýokary derejeli lukmançylyk kömegini alýarlar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli

Şu gün — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni

Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ähli welaýatlarda döwrebap saglyk öýleri, hassahanalar, saglygy goraýyş, keselleri anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», «Ene mähri» merkezleri, etrapdyr şäherlerimizde, hatda iň alys obalarymyzda hem döwrebap saglyk merkezleri, saglyk öýleri gurlup ulanmaga berilýär.

Keremli topragyň tenekar iýmişleri

Sahawatly türkmen topragynda bitýän miwedir ir-iýmişler, gök-bakja önümleri ýokumlylygy, jana tenekarlygy bilen tapawutlanýar. Olardan taýýarlanylan kakadylan önümler, gury iýmişler hem ynsan saglygy üçin peýdaly witaminleriň, maddalaryň esasy çeşmesidir. Miweler kakadylanda düzümindäki suwuň bugarmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumly witaminleriň möçberi artyp, bedeni gurplandyryjy häsiýeti has ýokarlanýar. Kişmiş — ak we gara üzümiň kişmişi kaliý maddasyna baý bolup, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Halk tebipçiliginde kişmişiň degna dartgynlylygyny köşeşdiriji, rahatlandyryjy häsiýetleriniň bardygyna göz ýetiripdirler. Häzirki wagtda ylym hem kişmişiň nerw öýjükleriniň dartgynlylygynda, dowamly degna argynlygynda haýyr edýändigini subut etdi. Onuň düzümindäki B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler nerw ulgamyna köp agram salýan akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin has peýdalydyr. Kişmişde saklanýan fosfor, magniý, demir elementleri össürim, çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Ibn Sinanyň melhemlerinden

Alma. Ter alma ýüregi, şeýle hem gowşak aşgazany berkidýär. Hamyra salnyp bişirilen alma ganly içgeçmäniň emidir. Işdäsi tutulýan adamlar hem almany şeýle bişirip iýseler, işdäsiniň açylmagyna peýdasy kändir. Alma ýapragy we sykylyp alnan şiresi ýapgy edilse, dömme çişleriň täze dörän mahalynda peýdalydyr. Beýi. Bişirilen beýi ýeňil we peýdaly iýmitdir. Ony bişirmek üçin tegelek kesip, şänigini çykarmaly we onuň ýerine bal çalyp ýapmaly. Beýiniň sykylyp alnan şiresi demgysma keselinde peýdalydyr. Şeýle hem ol şire aşgazany berkidýär, teşneligiňi gandyrýar. Beýiden işdäňi açýan içgi taýýarlanylýar. Bal garyp gaýnadylan beýi has güýçli täsir edýär.

Sagdynlyk — röwşen geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet gurluşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkymyzyň saglygyny goramak, ruhy taýdan baý we beden taýdan kuwwatly, kämil bilimli nesilleri kemala getirmek meselelerini durmuş ugurly döwlet syýasatynyň özeninde goýdy. Merdana pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý milli tejribesine daýanyp, tutuş jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmak, ýurtda ýaşaýan her bir adamyň köpçülikleýin sporta işjeň gatnaşmagyny gazanmak, bedenterbiýäni ösdürmek, şeýlelikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu beýik başlangyçlar özüniň datly miwelerini hem berýär. Saglyk — jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen hem baglany

Lukmanyň ýandepderçesinden

Durmuşymyzy gözelleşdirýän, ömrümize many bagyşlaýan gymmatlyklaryň biri hem saglykdyr. Elbetde, janyň sag bolanda, durmuşyň her bir pursady lezzete, başyny başlan işlerimiz hem üstünlige beslenýär. Idi-yssywatsyz baglaryň tapdan düşüp, miwesiz galýandygyny unutmaň! Ynsan saglygy hem bag kysmydyr, oňa-da ideg gerek. Şonuň üçin hem saglygymyzy berkitmäge, durmuşymyzy gözelleşdirmäge täsirini ýetirjek gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris. — dowamly telewizora tomaşa edilenden soň, hamala, günuzyn agyr hem birsydyrgyn iş eden ýaly süňňüňizde, beýniňizde erbet argynlyk duýulýandyr. Onuň agyr zähmet ýadawlygyndan hem erbet täsiri bardyr. Hatda bu ýaramaz endigiň dowamly gaýtalanmagy hroniki (ötüşen) ruhy argynlyk keselini ýüze çykarmagy mümkin.

«Ýyly suw» — derde derman şypahana

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzyň tebigy çeşmeleriniň bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramakda ýurdumyzyň baý tebigy bejeriş serişdelerinden peýdalanmak barada aýratyn bellenilip geçilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup hyzmat edýär. Olaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemek we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy babatyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksatlarynyň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmagy kabul edilen kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzdaky şypahana edaralary

Iýmitlenmegiň möhüm kadalary

Iýmitlenmegiň möhüm kadalaryny berjaý etmek ynsanyň öz saglygyna goýýan sarpasydyr. Eger adam haýsy-da bolsa bir sebäbe görä kesellän halatynda, bejergi berhizini berjaý etse, onda keselden tiz wagtda saplanyp, onuň gaýtalanmazlygyny gazanyp biler. Aýratyn-da, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, şeýle hem horlukda, semizlikde berhiz saklamagyň ähmiýeti örän wajypdyr. Adamyň iýmitlenmeginiň onuň ýaşyna, çekýän zähmetine görä bolmagy, günüň dowamynda belli bir wagtda iýmitlenmegi, iýmitiň düzüminiň dürli bolmagy, ýokumlylygy we taýýarlanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmegi ähmiýetlidir. Iýmitlenmegiň kadalaryny bilmek diňe bir syrkaw däl, eýsem, sagdyn adamlar üçin hem wajypdyr. Iýmitlenmegiň möhüm kadalarynyňdyr dürli kesellerde peýdalanmaga niýetlenen bejeriş berhizleriniň dogry we öz wagtynda guralmagy hem-de geçirilmegi näsaglar bilen maşgala lukmanlarynyňdyr berhiz lukmanlaryň tagallalarynyň esasynda alnyp barylsa, onuň netijeliligi has-da ýokary bolar:

Berjaý edilmeli maslahatlar

♦ Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. ♦ Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Şeýle at bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Maslahatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanylýan ösüşler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň düýpli özgertmelere eýe bolýandygy, häzirki zaman keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleriniň, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, şypahanalaryň, derman senagaty kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi buýsanç bilen bellenildi. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş desgalary ulanyşa berildi

Raýatlaryň saglygy — döwletiň iň uly baýlygy. Hut şoňa görä-de, adamlaryň abadan durmuşy hakynda aladany ileri tutýan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şu gün — 9-njy oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolup, Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri we paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

Üstünlikler — täze sepgitlere badalga

Halkyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýar. 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen bu resminamada göz öňünde tutulan ugurlar boýunça işler doly amala aşyryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Gaýtadan kabul edilip, täze sepgitleri göz öňünde tutýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda has giň gerimli wezipeleriň kesgitlenendigini we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri gurulýar. Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokanç keselleriň 14-siniň garşysyna tölegsiz sanjym geçirilýär. Giň ýaýran ýokanç däl keselleri irki döwürde anyklamak, olary netijeli bejermek boýunça işler 2013-n