"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Saglygy goraýyş ulgamy ösüş ýolunda

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň etrap zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Saglygy goraýyş ulgamy ösüş ýolunda» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde bitirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler, bagtyýar durmuşda ýaşaýan raýatlarymyzyň saglygynyň döwletimiziň baş baýlygydygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Mähriban halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini  arzuw etdiler.

Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mollagara şypahanasynda Balkanabat şäher häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, asuda Watanymyzyň waspyny edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleri açyp görkezýän sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Olara Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik  kitabynda beýan edilýän ot-çöplerden taýýarlanan melhemlik çaýlar hödür edildi. Medeni çäräniň dowamynda göreldeli zähmet çekýän lukmanlara we şepagat uýalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi açyldy

Çarşenbe güni Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. “Häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýän milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary özüniň binýadyny düýpli berkitdi. Munuň özi köp babatda iri özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça kabul edilýän çäreler we ornaşdyrylýan öňdebaryjy tejribeler bilen şertlenýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda bu ulgamda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrül

Döwrebap lukmançylyk merkezleri halkyň hyzmatynda

Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baş maksat — ilatyň abadan we sagdyn ýaşaýşy

Düýn paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabaraly açylmagy ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ynsan saglygyny dikeltmek üçin ähli oňaýly mümkinçilikler döredilen bu iri saglyk merkezleriniň aýratynlyklary barada ildeşlerimizdir daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri, ine, şeýle diýýärler: Nazar GARRYÝEW,Türkmenistanyň halk lukmany:

«Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr»

Baş baýlygyň baýramyna

Düýn Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara çäre 9 — 12-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän halkara sergide sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň degişli ulgamlarynyň diwarlyklary özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen köpleriň ünsüni çekdi. Onda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň sergi diwarlyklary bar. Olarda görkezilýän Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, hususan-da, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, «akylly» şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda alnyp barylýan döwrebap işler we onuň kämil mümkinçiliklerini açyp görkezýän wideoşekiller, çagalar we ulular üçin niýetlenen iýmitler, lukmançylyk serişdeleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

Ylmy-ensiklopedik neşiriň XVI jildi

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Binanyň giň eýwanynda Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyny, bilim-ylym ulgamyny, halkymyzyň milliligini, däp-dessurlaryny, durmuşyny baýlaşdyran dürli ýyllarda çap edilen gymmatly eserleri, ylmy işleri, şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan melhemlik çaýlaryň we suwlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.

Ýokary hilli, ýokumly

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orny eýelär.

Saglyk ulgamynda kanunçylyk-hukuk binýady

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňelýän Türkmenistan döwletimizde her bir adamyň saglygy we onuň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda adam döwletiň baýlygy hasaplanýar, onuň saglygy bolsa döwlet üçin möhüm we wajypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ganyň donorlygy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Adam bedeniniň agzalarynyň we dokumalarynyň transplatasiýasy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde şypahana ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň netijesinde şypahanalaryň durky täzelenýär, olar dünýä ülňülerine laýyk getirilýär we ýokary derejede täzeçil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär hem-de Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi, şeýle hem goralmagy çygryndaky gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Saglyk kelamy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde sagdynlyk, ruhubelentlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri ilkinji nobatda goýlupdyr. Şahyr adam saglygynyň gymmaty, öz saglygyňy gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden daşda durmak barada pikir ýöredipdir. Iň esasy belläp geçmeli zat hem, şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýänligidir. Dana şahyrymyz durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin sagdynlygy zerur hasaplapdyr. Ol:

Halkyň saglygy hakynda alada döwletiň baş wezipesidir

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany hem-de onuň jan saglygyny gorap saklamak baradaky taýsyz tagallalary halkymyzda uly buýsanç döredýär. Şunuň bilen baglylykda Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahanalar ulgamy, sport toplumlary, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary döredilýär. Ynha, bu gün hem 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri halkymyza hyzmat edip başlady. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi 7 gatdan ybarat bolup, onda 20-den gowrak bölümler hereket edýär. Şonuň bilen baglylykda Kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminiň wertual reabilitasiýa otaglary hem-de ol ýerde gurnalan Karen enjamlar toplumy iň ýokary kämil tehnogiýalar bilen üpjün edilendir. Onuň Ikinji gatynda Ablitasiýa bölüminiň 3D dinamiki lokomotor terapiýa otaglary ýerleşip, bu ýerde iň ýokary döwrebap lukmançylyk  enjamlary oturdylan. Mundan başga-da iň kämil enjamlary öz içine alýan Ortopediýa bölümi hereket edip, onda ulular üçin ýörite reabilitasiýa zallary häzirki wagtda halkyň hyzmatyndadyr.

Aziýanyň merjeni — bagtyýarlyk merkezi

Düýn, has takygy, 9-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda «Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeldip, bu ugurda toplan tejribämizi üstünlikli baýlaşdyrýarys» diýip nygtaýar. Däp bolşy ýaly, sergi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açyldy. Onda ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitirilen hyzmatlaryň ykrar edilýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.

Täze binalaryň öwüşgini

Düýn paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň açylyş dabarasy boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda ulanylmaga berlen döwrebap desgalar hünär baýramçylygy mynasybetli bu ulgamyň işgärleri hem-de ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Il saglygynyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Şunda lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda lukmançylygyň trawmatologiýa we ortopediýa ugry uly ösüşlere eýe boldy. Köpugurly hassahanalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmegi näsaglara tiz wagtda, ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge uly mümkinçilik döretdi. Lukmanlaryň daşary döwletlerde kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri täze döwrebap bejergi usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmaga ýardam berdi. Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň lukmanlary welaýat köpugurly hassahanalaryň trawmatologiýa bölümlerinde yzygiderli iş saparlarynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşýarlar. Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň ortopediýa bölümi ýurdumyzda bogunlara dessin bejergi geçirmegiň metodik merkezi bolup hyzmat edýär we bölümde tejribeli lukmanlar ýaş ortoped lukmanlara ilkinji kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler we olara amallary özbaşdak ýerine ýetirmek öwredilýär. Şikesleri bejeriş halkara merkezinde sanly ulgam arkaly teleköprüler ýola goýlup, bu

Başymyzyň täji

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere beslenýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyza lukmançylyk hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary, bejeriş-anyklaýyş hem-de saglygy dikeldiş merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa saglygy goraýyşda şu güne çenli döredilen iň kämil we naýbaşy eser bolup durýar. Bu kitapda howasy jana şypaly, her damja suwy derde derman, her ýapragy, oty müň derde melhem, her gysym topragy süňňe ýokumly türkmen tebigatynda bitýän dermanlyk ösümlikler dolulygyna beýan edilýär. Olaryň dermanlyk täsiri lukmançylyk ylmy nukdaýnazaryndan giňişleýin teswirlenýär. Paýhasly pederlerimiz bolsa «Iň kämil bagt — bedeniňde saglyk, Watanyňda asudalyk bolmagydyr» diýip, aýdyp geçipdirler. Halkymyzyň bagtyýarlygy, sagdynlygy, abadan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç, dowamat-dowam bolsun!

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Berkarar Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerimizde we obalarymyzda adam saglygy baradaky aladany has-da güýçlendirmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda we welaýatdyr etrap merkezlerinde ýokary lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda hereket edýän onlarça şypahana, kämil tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen hassahanalardyr saglyk öýleri, ajaýyp dynç alyş merkezleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy hem il-ýurt babatdaky belent maksatlardan gözbaş alýar. Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini lukmanlarymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Bu kärhananyň döredilmegi bilen dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediat

Saglyk — başymyzyň täji

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Bu nurana baýramyň bellenilýän gününde welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler we ýetilýän sepgitler dogrusynda söhbet etmek diýseň ýakymly. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem bu ugurda taryha altyn harplar bilen ýazylaýmaly işler alnyp barylýar. Tutuş Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk welaýat köpugurly hassahanasynda watandaşlarymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary guralýar. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly ildeşlerimize ýokary derejede hyzmat edilýär. Hut şu ýylyň özünde hem hassahananyň ozaldan bar bolan döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň üsti ýetirildi. Has takygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy satyn alnyp berildi. Häzirki wagtda bu enjamlaryň doly işe girizilmegi ildeşlerimize berlen saglyk serpaýydyr. Arkadag şäherinde işläp başlan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk enjamlarynyň, lybaslarynyň uly tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem bu

Il saglygy ileri

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-ulsumyzyň saglygy baradaky mesele döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň iň kämil enjamlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ähli sebitlerimizde we oba-kentlerimizde hem döwrebap saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri we köpugurly hassahanalar hereket edýär. Bular — ýurdumyzda il saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň anyk subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ynsanperwer ýörelgelere daýanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada durup geçmek bilen, ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köpsanly çaganyň saglygynyň dikeldilendigini we bu ynsanperwer işiň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belläp geçdi. Döredilenine üç ýyl bolan gaznanyň amala aşyrýan sogaply işleriniň abraý-mertebe bilen dünýä dolmagy aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.