"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmastan burun» diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, adamda saglykdan gymmatly zat ýok. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz döwletimiziň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil hakynda uly aladalar edilýär. Şol aladalar çagalaryň abadan ýurtda, sagdyn durmuşda ýaşamaklaryny, döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakyndaky möhüm Kararlara gol çekmegi aýratyn bellenmäge m

Adam hakdaky alada täze derejelerde

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçilen ýola nazar aýlanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, bilim, medeniýet ulgamlarynda asyrlara barabar öňegidişlikleriň bolup geçendigine göz ýetirmek bolýar. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem ozallar hyýalyňa hem getirip bolmajak özgertmeler bolup geçdi. Ynsan saglygyny goramak, raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sagdynlygyň tükeniksiz çeşmesi

Güýz paslynda tebigatyň gymmatly nygmaty bolan kädi köpçülikleýin bişip ýetişýär. Ajaýyp tagamly bu önüm diňe bir iýmitlenmekde däl, eýsem, saglygy goramakda-da giňden peýdalanylýar. Kädi antioksidantlaryň, ýokumlaryň, minerallaryň we beýleki gymmatly maddalaryň baý çeşmesi bolup, onuň saglyga ýetirýän oňyn täsirleri sanardan köp. Ol öz düzüminde A we C ýokumlaryny saklaýar. Şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we bedeniň dürli ýokançlara garşy göreşmegini güýçlendirýär. Onuň düzüminde bar bolan kaliý we magniý gan basyşyny kadalaşdyryp, ýüregiň işini berkidýär. Kädi süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Çünki onuň düzümi kletçatka baý bolup, ganda şekeriň derejesini kadalaşdyrýar.

Gadymdan meşhur melhem

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenary hem dermanlyk ösümliklere baý bolup, ol ýerde esasan hem, buýan ösümligi köpdür. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir. Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal saklanýar» diýlip, onuň şypalylygy barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Golaýda bu ajaýyp kitabyň täze jiltiniň çapdan çykmagy bolsa biziň üçin diýseň ýakymly waka boldy.

Saglygymyz öz elimizde

Güýz paslynda hem edil beýleki pasyllardaky ýaly, sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalyşmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmit kabul etmek bedenimize zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpden her pasla görä öz durmuşyňy sazlaşdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döräp biljek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen her birimiz şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidiris. Kesel dörediji ýokançlaryň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Şol sebäpden narpyzly, ary bally we limonly çaýlary içmeli. Bular bilen bir hatarda gündelik iýmitimizde gök önümleri, miweleri, et we süýt önümlerini kabul etmegi endik edinmeli.

Peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

♦ Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.  ♦ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

HALKARA SAGALDYŞ-DIKELDIŞ MERKEZI: döwrebap şertler, täze mümkinçilikler

Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen, täze taryhy döwürde bolsa rejelenen görnüşde gaýtadan kabul edilip, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Raýatlarymyz döwrebap binalary bolan şeýle düzümleriň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ulanyşa girizilen halkara derejeli saglyk merkezleri bolsa bu ugurda täze mümkinçilikleri açdy. Olaryň biri-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezidir. 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden we kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap desgadyr. Şunda onuň tutuş Merkezi Aziýa sebitind

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi

Halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary we bejeriş usullary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Dünýä lukmançylygynyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy

Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan döwletimizde dünýä derejesindäki saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar bilen birlikde derman senagatynyň iri kärhanalary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň hatarynda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhana Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berildi. Bu kärhana dünýä bazarynda bäsleşige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga we olaryň daşary ýurtlardan satyn alynýan möçberini azaldyp, onuň ýerini tutýan derman serişdelerini öndürmek bilen bagly tabşyryklaryň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda goýlan esasy wezipeleriň ýerine ýetirilýänliginiň subutnamasydyr. Kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, ondan glisirrizin turşusy öndüriler we ol önüm daşary döwletlere eksport ediler.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Bedew batly eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça uly ösüşler gazanylýar, ýurdumyzyň abraý mertebesi has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekde, ilatyň saglygyny we daşky gurşawyň faktorlarynyň adamyň organizmine zyýan edip biljek täsirlerinden goramakda, adamyň oňaýly şertlerde yaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginde ýene bir ädim bolup durýar.

Ynsan saglygyna melhem

Lukman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Bu täze kitap diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli bolup, ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda bu kitaplarda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.

Ajaýyp üstünlikleriň beýany

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary bagl

Türkmenistanda brusellýozyň epidemiologiki aýratynlyklary

Кemal МАWLANOW, Мaýa АŞYROWA, Amanmyrat ŞÜKÜROWAýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň ýokanç keseller kafedrasy Brusellýoz – haýwanlardan adamlara geçýän zoonoz ýokançlaryna degişli bolup, bedeniň dürli agzalaryna ulgamlaýyn zeper ýetirýän ýokanç keseldir. Bu ýokanç zoonoz keselleriň has ýaýran görnüşi bolup, dünýäde her ýyl 500 000-den köpräk adam ejir çekýär. Brusellýoz Günbatar Aziýada, Hindistanda, Ýakyn Gündogarda, Günorta Ýewropada (Italiýada, Ispaniýada, Gresiýada we Fransiýada) we Latyn Amerikada has köp ýaýrandyr. Keseliň esasy sebäbi Bruselea melitensis mikrobedenjigi bolup, ol Awstraliýada, Kanadada, Israýylda, Ýaponiýada, Täze Zelandiýada ýok edilendir [1-3].

Böwrekleriň uly we koral daşlarynda dowamly piýelonefritiň geçiş akymyna baglylykda deriüsti punksion nefrolitotripsiýanyň geçirilişiniň aýratynlyklary

Allaberen ALLANAZAROW, Mämmetberdi ÇARYÝEWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa we andrologiýa kafedrasy Böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlary peşew daş keseliniň 5%-den 35%-e çenlisini tutýar. Uly we koral görnüşli daşlar bir we ikitaraplaýyn duş gelýär. Köp awtorlaryň pikirlerine görä, böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlary böwrekleriň yzyna gaýdymsyz derejede zeperlenmelerine getirýär. Şu kesel sebäpli näsaglaryň işe ukyplylygy peselýär, ahyrynda maýyplygyň agyr derejelerine getirip, ýaşaýjylyk dowamlylygyny azaldýar. Şol sebäpli böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde az inwaziw operatiw bejergi usulyny saýlap almaklyk urolog lukmanlarynyň öňlerinde goýlan maksatlarynyň biridir. Häzirki döwürde böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde deriüsti punksion nefrolitotripsiýa (DPNL) endourologik operasiýalaryň içinde «altyn standart» usul hasap edilýär [1, 4]. Bu operatiw bejerginiň netijesinde, böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlaryny 55-98%-e çenli doly aýryp bolýar [2, 6].

Çagalarda paralitik göz çaşylygynyň anyklanyşynyň ýokary tehnologiýaly barlaglar bilen oňaýlaşdyrylmagy

Gurban KARANOW, Aýgözel EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Ýazgül BEGLIÝEWA, Maýsa NAZGYLYJOWA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi Gözi hereketlendiriji muskullaryň motor ukyplaryny, görüş agzasynyň fuzion ulgamynyň ýagdaýyny kesgitlemek paralitik göz çaşylykly näsaglaryň ýagdaýyna dogry baha bermekde we olary bejermegiň usulyny saýlap almakda möhüm orny eýeleýär [1, 4]. Käbir awtorlaryň maglumatlaryna görä, çagalyk ýaşynyň perinatal döwründe kelleçanak içki gipertenziýasy olaryň 6,9%-inde paralitik göz çaşylygynyň döremegine sebäp bolýar [4, 7]. Çagalaryň nerw ulgamyna zeper ýetmeginiň utgaşdyrylan häsiýetli bolýandygyny göz öňünde tutup, çagalyk döwründe ýüze çykýan paralitik göz çaşylygynyň toplumlaýyn anyklanyşynyň ýokary tehnologik usullarynyň kömegi arkaly gözüň düýbüniň gurluşlarynyň jikme-jik barlanylmagy bilen oňaýlaşdyrylmagynyň zerurlygy äşgär edilýär [3, 5, 8, 9].

Milli saglyk ulgamynyň döwrebap ösüşi