"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Bagtyýarlygyň güwäsi

Eziz Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň, badalga beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ajaýyp miweleridir. Raýatlaryň saglygy we olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen döwletiň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň arasynda gös-göni, jebis baglanyşyk bardyr. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak wezipelerini ýurduň milli durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli hem-de esasy maksatlarynyň biri hökmünde üns berýär. Bu wezipeler köpugurly maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

Gözellik merjeni

Gözleriň bilen gören taryhy wakalaryň ýüregiňe has-da yssy görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Ak mermerli Aşgabat sebitiň iň işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, okgunly ösýän geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onuň binagärlik keşbinde gözellik we milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar. Professor Hans Maýsner şaýolunyň aýlawly çatrygynda gurlan «Kalbyň şypasy» atly bina hem bu künjege özboluşly görk berýär. Mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işje

Güýz paslynda kadalary berjaý ediň:

Saglyga peýdaly dermanlyk ösümlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam saglygy baradaky alada ýokary derejededir. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň ajaýyp netijesidir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar.

Miwe we gök önüm şireleri

Miwe şireleri süýjä we witaminlere, gök önüm şireleri bolsa mineral duzlara baý bolýar. Şireleri naharlanmazdan 30 — 40 minut öň ýa-da 2-3 sagat soň içmeli. Olaryň hersiniň özüne mahsus içmek düzgüni bar.

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Durmuşyň şatlygy daglarda

Daňdanyň ümüş-tamşynda daglar bilen didarlaşyp, Günüň dogşuny şol ýerden synlap görüpmidiňiz?! Tämiz oý-pikirlere, ýagşy dileglere berlipmidiňiz şeýle pursatlarda?! Dag belentligine çykyp, asmandyr Zemini özüňizde birleşdiren deý täsin duýgulary başdan geçirip görüpmidiňiz goýazy güýzüň sergin säherinde?! Arzuw deý ak, ynsap kibi päkize Aşgabady şol belentlikden synlap, onuň gözelligine gözüňizi, göwnüňizi dokundyrypmydyňyz, heý?! Olar beýanyna söz ýetmeýän, diňe başdan geçirilýän pursatlardyr. Ine, şeýle... Başga zady agzaw etmäniňde-de, 6 müňden gowrak adama şeýle pursatlary serpaý edendigi hem öňňin Saglyk ýoluna guralan ýörişiň gymmatyny, ähmiýetini aňladara-aňdyrara şeksiz-şübhesiz delildir, elbetde. Türkmen döwletiniň döwletli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň şanyna guralan bu ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy oňa aýratyn dereje, aýratyn öwüşgin berdi.

Asgyrmagyň medeniýeti

Burnuň nemli bardasynyň gyjynmagy netijesinde adam asgyrýar. Her bir zadyň, şol sanda asgyrmagyň hem medeniýeti, düzgün-tertibi bar. Şol kadalaryň dogry ýerine ýetirilmegi özüňiziň we daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny gorap saklamakda möhümdir. • Asgyrmak edebiniň ilkinji düzgüni ony mümkin boldugyndan bildirmän, ýuwaşrak asgyrmalydyr, ýöne burnuň üstüni ýapyp, asla sessiz asgyrmak hem zyýanlydyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

— Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli. — Kadaly iýmitlenmeli, D, С we beýleki witaminlere baý miwe önümleri iýmeli.

Be­lent ga­dam bi­len Sag­lyk ýo­lu­na

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 2024-nji ýy­lyň 2-nji no­ýab­ryn­da Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş ge­çi­ril­di. Bu ýö­riş Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut öz tek­li­bi bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Bu çä­re jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gin­de, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Syrdamlyk — sagdynlyk

Ynsanyň saglygy köp zatlara bagly. Ýöne şolaryň ilkinjileriniň biriniň dogry iýmitlenmek we ýeterlik hereket etmekdigini lukmanlar nygtaýarlar. Köplenç, ýönekeýje talaplary ýerine ýetirmezligimiz biziň bedenimiziň gereginden artyk ýag ýygnamagyna, şeýlelikde, olara artykmaç agram düşmegine getirýär. Şeýle ýagdaýda lukmanlar bedeni sagdyn saklamaklygyň ýollaryny salgy berýärler. Ine, şolaryň käbirleri: Çendenaşa ajykýançaňyz garaşmaň. Sebäbi näçe aç boldugymyzça, şonça-da köp iýýäris. Şonuň üçin çala ajyganyňyzdan garbanmagyň ugruna çykyň. Çünki ýene ýarym sagat garaşsaňyz, siz has köp iýersiňiz.

Saglyga sarpa — bagtyýarlyga barýan çelgi

Halk üçin gurmak, döretmek, elbetde, iň bir sogaply işleriň biri. Haçan-da şol binalar halkyň saglygyna gönükdirilende bolsa onuň sogabynyň müňlerçe esse artjakdygy öz-özünden hem düşnükli bolsa gerek. «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenilip taýýarlanylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerýär, ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde uly ösüşler gazanylýar, belent-belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen saglyk maksatly binalar hem bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Şol günki säher bilen şaýat bolan wakalarymyz kalbyňy şatlykdan pürepürleýär. Sebäbi şol gün gözel paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabara bilen açylmagy tutuş halkymyza egsilmez şatlyk paýlady. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş

Sagdyn ene — bagtly ene

Ene bolmak zenan maşgala üçin uly bagt hem belent borçdur. Şol sebäpli-de, maşgala ojagyny abat hem-de abadan saklamakda, perzentlerini dogry terbiýeläp ýetişdirmekde enelere aýratyn uly paý düşýär. Öý-ojagyň bagtdan pürepür bolmagy gönüden-göni enäniň yhlasyna baglydyr. Birek-birege bolan mähir-söýgi, düşünişmek, sazlaşykly gatnaşyk maşgalanyň, şol sanda çaganyň bagtyýar bolmagyna ýardam edýär. Durmuşymyzda «çaga» bilen «ene» sözüniň hemişe diýen ýaly bile getirilmeginde hem uly many bar. Hamyla zenan heniz çaga göwresindekä özüni ene hökmünde duýup başlaýar. Onuň her bir hereketinden, her bir sözünden täze durmuşyň alamatlary duýulýar. Şeýle döwürde geljekki enäniň sagdyn perzendi dünýä indermegi üçin onuň dogry iýmitlenmeginiň zerurdygyny bilmegi, özüne-de, perzendine-de peýdalydyr. Daşary ýurtly perinatal lukmanlaryň dowamly geçirýän barlaglarynyň netijesinde çaganyň entek ene garnynda wagtynda öz ejesiniň duýýan zatlaryny duýýandygyny subut etdi. Şundan ugur alyp, geljekki ene özüne doly erk etmelidir. Bu babatda, esasy orun pikir we duýga degişli bolup durýar. Ene garnynda ýatan çaganyň görmäge, eşitmäge, gynanmaga, hatda käbir zatlary öwrenmäge-de ukyplydygyny nazara alsak, onda geljekki ene özüne hemmetaraplaýyn esewan bolup, içki

EGRIM ARPA / Ячмень коленчатый

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Egrim arpa — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik çal ýaşyl reňkli, topbak bolup ösýär. Köki gotazjymak. Baldagy köp sanly, egrim-galyp duran, tüýsüz, ýylmanak. Ýapraklarynyň gyny tüýsüz ýa-da ownuk tüýlüje, ýokarkysy sähelçe çişijek, köplenç, başyna ýetýär. Ýapraklary inçe çyzykly, tüýsüz ýa-da birneme tüýlüje. Diljagazy örän gysga, kütek.

Beýi

Beýi ýokumly maddalara baýdyr. Onuň düzüminde birnäçe witaminler we minerallar bar. Ol belokdan, uglewodlardan, süýümlerden ybarat. Beýide C witamini, az mukdarda B witamini, demir, kaliý we magniý bar. Beýiden edilýän şerbet göwreliligiň başky aýlarynda ýüze çykýan ýürek bulanma, gusma ýaly alamatlary azaltmaga ýardam edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, beýi şerbediniň ýokumlylygy B6 witaminden hem has ýokarydyr.

Ýaşaýşyň sakasy saglyk

Ýaňy-ýakynda TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň hassahanasynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХVI jildi bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Işjeň ýagdaýda geçen dabara etrabyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, lukmanlar we şepagat uýalary we etrap häkimliginiň jogäpkär işgärleri gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler ozaly bilen beden we ruhy taýdan ösüşiň gözbaşynda saglygyň durandygyny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen pähiminden ugur almalydygyny, galyberse-de, hassany bejereniňden keseliň öňüni almagyň amatly bolýandygyny tekrarladylar. Işjeň geçen maslahatda alym hem lukman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplaryndan yerlikli peýdalanylýandygy, dermanlyk ösümlikleriniň köpüsiniň Pendi ýaýlasynda ösýändigi buýsanç bilen nygtaldy.

Sagdyn durmuş — sapaly ýaşaýyş

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz çuňňur manyly çykyşlarynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary we bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Halkyň saglygyny goramak bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, dünýä derejesine çykarmak döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri, guramalary, şol sanda BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen durmuşa geçirilýän işler hemmetaraplaýyn ykrarnama eýedir. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalary, milli we döwlet maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysy

Pasylda peýdaly

Güýz paslynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler we miweler witaminlere we ýokumly maddalara baý bolýar. Bu önümleriň ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly häsiýetleri bar. Beýi. Bu möwsümiň esasy miwelerinden biri bolup, ol antioksidantlaryň, demir, kalsiý, kaliý, fosfor, mis, A, B, C, E we PP ýaly witaminleriň gorudyr. Düzümindäki pektin agyr metallaryň, holesteriniň, radionuklidleriň we beýleki zyýanly maddalaryň täsirine garşy göreşýär. Şeýle-de bu önüm iýmit siňdiriş bozulmalarynda, ganazlykda peýdalydyr.

Hereket — sagdyn ýaşaýşyň özeni

Döwletimiziň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Golaýda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanylmaga berildi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, saglygy dikeltmek maksady bilen gurlan şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň aýdyň netijeleridir. Saglygy goraýyş ulgamynda dabaralanýan özgertmeleriň netijesinde keselleriň birnäçesiniň öňi alyndy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

«Saglygyň gadryny bilgil...»