Halk hakydasy
1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna başdan-aýak gatnaşan uruş we zähmet weterany Ilaman Gulçarowyň hem watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasy bolan ömür ýoly bar. Ol 1920-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň häzirki Maslahat geňeşliginde dogulýar. 1940-njy ýylda goşun gullugyna alnan Ilaman Gulçarow bir ýyl gulluk edenden soň, uruş başlanýar. Ol harby düzgünleri doly ele alan esger hökmünde ilkinjileriň hatarynda söweşe çykýar. «Adam başy daşdan gaty» diýleni. Ol urşuň ilkinji günlerinden başlap, tebigatyň epgegine, aňzagyna, gar-ýagmyryna garaman, gyşyna buz ýassanyp, gar ýapynyp, dişlerine çenli ýaraglanan duşmanyň garşysyna döş gerýär. Ilaman Gulçarow Batumi şäherinden başlan gulluk borjuny bütin Ýewropany pyýada geçip, Germaniýada ýeňiş bilen tamamlaýar. Ýowuz urşuň 4 ýylynyň içinde ol söweşde ýaralanyp, meýdan gospitalynda bejergi alan döwründe bolaýmasa, ýyly ýorgan-düşekde ýatmaýar. Ol bu döwrüň içinde duşman bilen aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, görkezen edermenligi üçin medallaryň, sylaglaryň ençemesine mynasyp bolýar. Iň agyr söweşleriň biri Kenigsberg şäherini faşistlerden arassalamak ugrunda bolýar. Söweş örän heýhatly. Iň soňky deminde janhowluna urunýan duşman ölenini-ýitenini bilmän, garşylyk görkezýär. Ýitgiler