"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Halypalar futbol meýdanynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda halypa-şägirtlik ýoly giň gerimde dowam etdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasynda türkmen türgenleri öz döwründe netijeli çykyş eden halypalar bilen egin-egne berip türgenleşik işlerini geçmäge mümkinçilik alýarlar. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen «Nebitçi» futbol klubunyň guramagynda Balkan welaýatynyň hem-de paýtagtymyzyň halypa futbolçylarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamy boldy. Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionyna ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guralan ýoldaşlyk duşuşygy köp sanly futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolmazça hem däldi, çünki şol gün türkmen futbolynyň taryhynda yz goýan halypa futbolçylar duşuşýardylar. Janköýerlere öz söýgüli futbolçylary bilen pikir alyşmaga, dürli maslahatlary diňlemäge hem mümkinçilik döredildi.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hapkido boýunça Aşgabat şäheriniň açyk Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda Resul Döwletgeldiýew (32 kg), Aýhan Mämmedow (32 kg), Ybraýym Jumaýew (35 kg), Nowruz Ylýasow (38 kg), Muhammetresul Täçmyradow (33 kg), Şahtiýar Rahimow (50 kg), Pälwan Hudaýgulyýew (46 kg), Resul Begenjow (55 kg), Orazmyrat Işanmyradow (55 kg), Bezirgen Jumadurdyýew (75 kg), Serdar Oraznepesow (80 kg), Röwşen Şamyradow (85 kg) baýrakly orunlary eýeledi. Ýaryşyň umumy netijesi boýunça Aşgabat şäheriniň topary ýeňiji boldy.

Bedenterbiýe we sport

Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­re­bap sport mek­dep­le­rin­de ýaş tür­gen­ler spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim al­ýar­lar we dür­li ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, bar­ha kä­mil­leş­ýär­ler. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň ta­lyp ýaş­la­ry hem us­sat tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň tä­lim ber­me­gin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler. Şeý­le hem ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň äh­mi­ýe­ti giň­den wa­gyz edil­ýär. Bi­ze aja­ýyp za­ma­na­da oka­ma­ga, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Üzümgül HAJYÝEWA,

Taryhda şu gün

Şeýle-de, dabarada möwsümiň iň owadan goly hem mälim edildi. Geçirilen ses berlişikde Ronaldunyň 2008/2009 möwsümiň Çempionlar ligasynyň çärýekfinalynda «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde «Porto» toparyna geçiren topy saýlanyldy.

Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde  guramagynda «Sport — sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen at bilen sportuň şaşka, küşt görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş çekeleşikli boldy. Gyzykly pursatlara baý bolan ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlardan düzülen toparlar  gatnaşyp, ökdeler öňe saýlandylar. Olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

FI­FA ýy­lyň iň go­wu­la­ry­ny saý­la­dy

Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­lar as­so­sia­si­ýa­sy­nyň «FI­FA The Best» baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da ýy­lyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, «Re­al Mad­ri­diň» bra­zi­li­ýa­ly ýyl­dy­zy Wi­ni­si­us Ju­ni­or saý­lan­dy. «Al­tyn to­py» is­pa­ni­ýa­ly Rod­rä al­dy­ran Wi­ni­si­us Ju­ni­or bu ge­zek mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ol 48 utuk alyp, is­pa­ni­ýa­ly Rod­ri­den (47 utuk) hem-de to­par­da­şy Jud Bel­lin­gam­dan (37 utuk) köp ses al­ma­gy ba­şar­dy. Wi­ni­si­us FI­FA ta­ra­pyn­dan ýy­lyň oýun­çy­sy saý­la­nan 6-njy bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy bo­lup, on­dan öň Lu­is Ro­nal­do (3), Ro­nal­di­nio (2), Ro­ma­rio, Ri­wal­do hem-de Ka­ka 2009-njy ýyl­dan ozal FI­FA Dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­ny ga­za­nyp­dy­lar. Ar­gen­ti­na­ly Emi­lia­no Mar­ti­nes ýy­lyň der­we­ze­çi­si, ita­li­ýa­ly Kar­lo An­çe­lot­ti ýy­lyň tä­lim­çi­si diýlip saý­lan­dy.

Af­ri­ka­da ýy­lyň fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si bel­li bol­dy

Af­ri­ka fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy Ma­rok­ko­nyň Mar­ra­keş şä­he­rin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da ýy­lyň iň ök­de­le­ri­ni mä­lim et­di. Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ryn­da çy­kyş ed­ýän ni­ge­ri­ýa­ly hü­jüm­çi Ade­mo­la Luk­man ýy­lyň iň go­wy af­ri­ka­ly fut­bol­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. 27 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy bu ugur­da ma­rok­ko­ly Aş­raf Ha­ki­mi, Gü­nor­ta af­ri­ka­ly Ron­wen Wil­liams, kot-d’iwuar­ly Si­mon Ading­ra hem-de gwi­ne­ýa­ly Ser­hu Gi­ras­si da­gy­dan köp ses al­ma­gy ba­şar­dy. Baý­ra­gy ge­çen ýyl baş­ga bir ni­ge­ri­ýa­ly hü­jüm­çi Wik­tor Osim­hen alyp­dy. Af­ri­ka­da ýy­lyň ze­nan fut­bol­çy­sy baý­ra­gy­na ABŞ-nyň «Or­lan­do Praýd» klu­bun­da oý­na­ýan zam­bi­ýa­ly Barb­ra Ban­da my­na­syp bol­dy. Ol bu baý­ra­gy ga­za­nan il­kin­ji zam­bi­ýa­ly ze­nan fut­bol­çy diý­lip bel­li­ge alyn­dy.

«Milwaki Baks» topary NBA Kubogyny gazandy

ABŞ-nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da tä­ze dö­re­di­len NBA Ku­bo­gy­na «Mil­wa­ki Baks» to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Fi­nal­da «Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der» to­pa­ryn­dan 97:81 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «Mil­wa­ki Baks» to­pa­ry 2-nji ge­zek gu­ral­ýan bu ku­bo­gy «Los An­le­jes Leý­kers­den» soň ga­za­nan 2-nji to­par hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. Du­şu­şyk­da «Mil­wa­ki Baks» to­pa­ry­nyň su­per ýyl­dy­zy Ýan­nis An­te­to­kunm­po 26 utuk, 19 ri­baund hem-de 10 asist gör­ke­zi­ji­ler bi­len «trip­le-do­ub­le» edip, to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da uly rol oý­na­dy. Ol ýa­ry­şyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy.

Aziýa birinjiliginden bäş medal

Ýylyň tamamlanmagyna barmak büküp sanaýmalyja günleriň galandygyna garamazdan, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan medallarynyň, tüweleme, yzy üzülenok. Ýakynda olaryň üsti ýurdumyzyň ýaş küştçüleri tarapyndan gazanylan bäş medal bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň çagalar we ýetginjekler ýygyndylarynyň agzalary Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň birinjiligine gatnaşdylar. 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaş derejelerinde geçirilen yklym birinjiligi 31 döwletden 555 küştçini özünde jemledi. Bu ýaryşdan türkmen küştçüleri medallaryň bäşisi bilen dolanyp geldiler.

Beden maşklarynyň peýdasy

Saglyk ynsan başynyň täjidir. Ir säherde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, gimnastika bilen meşgullanmak, hereketli oýunlar bilen gezelenç etmek  saglygymyzy gorap saklamagyň özümize bagly taraplarydyr. Gahryman Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly gymmatly kitabynda: «Gadymy ertekilerden, halk rowaýatlaryndan, Görogly ýaly batyrlardan nusga alan nesiller beden maşklaryna höwesli ýapyşýar. Pälwanlaryň adynyň halk içinde guwançly tutulmagy ýaşlaryň aň-düşünjesine hem öz täsirini ýetirýär. Säher bilen örmegiň gündelik işiň şowlulygyna täsir edýändigine bolan ynamyň terbiýelenmegi hem sporta bolan söýgini ösdürýär» diýip ýazýar. Lukmanlar beden maşklaryny günde yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Ir säher bilen maşk etmek, diňe bir fiziki däl-de, akyl işjeňligini artdyrmagyň hem ajaýyp usulydyr. Irdenki beden maşklarynyň ynsan saglygyna edýän birnäçe peýdasy bardyr:

Türgenlerimiziň ajaýyp üstünligi

Sportuň dzýudo görnüşi boýunça  ýetginjek türgenleriň arasynda geçen “Olimp” orta sport mekdebiniň açyk birinjiliginde Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzyň sport mekdepleriniň birnäçesinden türgenleriň gatnaşmagynda geçen birinjilige ýetginjek ýaşlarymyzyň göwnejaý taýýarlyklar bilen barmaklary özüniň oňyn netijesini berdi. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde mekdebimiziň ýetginjek türgenlerinden Röwşen Şuhradow, Ylham Paltaýew degişli agram derejelerinde birinji orunlara, Mekan Permanow ikinji orna, Myrat Agamyradow, Remezan Amangeldiýew, Şöhrat Agajanow öz çykyş eden agramlarynda baýrakly üçünji orunlara mynasyp boldular.

Boks boýunça açyk çempionat geçirildi

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýetginjek türgenleriň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça açyk çempionat geçirildi. Ony Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty, şeýle-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi bilelikde gurady. Çekeleşikli geçen çempionatda welaýatymyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň türgenleri üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Olardan Salim Husainow 36 kilogram agram derejesinde, Umyt Amanmyradow 54 kilogram agramda, Döwran Kakajanow 63,5 kilogram agramda, Başgeldi Durdyýew 67 kilogram agramda, Bilol Pandžiýew 75 kilogram agramda, Ygtyýar Aýdogdyýew 86 kilogram agramda, Aziz Bäşimow 92 kilogram agramda, Allaýar Sähetmyradow 92 kilogramdan ýokary agram derejesinde üstün çykdylar. Bu üstünlik türgenlerimiziň ussatlygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Maksat — yklym çempionaty

Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda «Aziýanyň kubogy — 2027-niň» üçünji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişlige ikinji sebetden gatnaşan Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy «D» toparça wekilçilik etdi. Duşuşyklary geljek ýylyň 25-nji martynda başlap, 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanjak tapgyryň bije çekişligi 24 milli ýygyndynyň arasynda geçirildi. Olaryň 3-si birinji saýlama tapgyrda garşydaşlaryndan ýeňlen, 18-si ikinji saýlama tapgyrda toparçalarynda üçünji we dördünji orunlary eýelän, galan 3-si bolsa pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan ýygyndylardyr. Bije çekişligiň netijesinde, bu ýygyndylar alty toparça bölündiler. 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek yklym çempionatyna diňe her toparçanyň ýeňijisi gatnaşyp biler. Geçen tapgyrlarda üstünlikli çykyş eden 18 ýygyndy bolsa eýýämden yklym ýaryşyndaky ýerini berkidip goýdy.

Ýaş küştçülerimiziň üstünligi

Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri Täze ýyl baýramyna uly sowgatlar bilen geldiler. Olar Tailandyň Bangkok şäherinde 7 — 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň birinjiliginde medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Abraýly ýaryşdan gelen medallaryň ikisi küştüň rapid, galan ikisi hem blis görnüşi boýunça gazanyldy. Rapid boýunça ýaryşlarda 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Maksat Awlýakulyýew 72 döwlete wekilçilik eden bäsdeşleriniň arasyndan saýlanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Küştüň şu görnüşi boýunça 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýa Baýramowa hem ýurdumyza kümüş medal bilen dolanyp geldi. Ol bu üstünligi 39 döwletiň wekilleriniň arasynda gazandy.

Sport syýasatynyň gadamlary

RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Futzal ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy

Futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşda dördünji we bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, ýarym finalçylar belli edildi. Dördünji tapgyrda «A» toparçada «Bäş dogan» topary «Amuly» 10:9 hasabynda, «Köpetdag — Lebap» bolsa «Faraby» 6:2 hasabynda ýeňdi. «B» toparçanyň duşuşyklarynda «Bagtyýarlyk» «Amyderýadan» 10:5, «Jeýhun» bolsa «Kerki» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Sport täzelikleri

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa jemi toparlaryň 8-sinden 210 türgen gatnaşyp, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, şeýle-de «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleri dürli agram derejelerinde güýç synanyşdylar. Ýaş pälwanlaryň arasynda guralan çekeleşikli ýaryşlar ökdeleri öňe çykardy. Çempionatyň jemleri boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatymyzyň toparlary has-da tapawutlanyp, degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Şahsy we toparlaýyn görkezijileri boýunça ýeňijilere Hormat hatlary we medallar gowşuryldy. ***

Ökdeler öňe saýlandy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bilim bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda küşt ýaryşy geçirildi. Okuwçy ýaşlaryň arasyndaky ýaryşa mekdepleriň aglabasyndan ýaş küştçi oglan-gyzlar gatnaşdy. Akyl-paýhas oýny boýunça ökdeleri ýüze çykarmakda we höweslendirmekde, şeýle-de okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýaryş çekeleşikli geçdi. Duşuşyklaryň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda 14-nji orta mekdepden Gülşirin, Oguljan Annaýewalar, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepden Leýla Seýitmyradowa degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Sport baýramçylygyna öwrüldi

Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdepde mekdep sport festiwaly geçirildi. Ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen çäre “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Mekdep sport festiwalynyň barşynda oňa gatnaşmaga gelen okuwçy ýaşlar tanap çekmekde, woleýbolda, ýaglyga towusmakda, stol üstündäki tennisde özara bäsleşdiler, Okuwçy ýaşlaryň sporta höwesiniň we sport ussatlygynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolan çäre hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Bu çärä işjeň gatnaşan çagalara hormat hatlary gowşuryldy.

Mekdep sport festiwaly

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şatlykly günlerinde Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen mekdep sport festiwaly täsirliligi bilen tapawutlandy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan sport şüweleňi çagalary bedenterbiýä we sporta çekmekde, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakda ähmiýetli bildy.  Dabaraly ýagdaýda açylan mekdep sport festiwalyna ýaş nesliň işjeňligi ýokary boldy. Bu hakykat olaryň ýaglyga towusmak, woleýbol, tanap çekmek, stol üstündäki tennis boýunça özara bäsleşiklerinde aýdyň duýuldy. mekdep sport festiwalynda tapawutlanan ýaşlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.