Baş baýrama bagyşlandy
«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan her bir üstünligiň, ýetilýän sepgitleriň aňyrsynda Garaşsyzlygymyzyň uly paýy bar. Garaşsyzlyk — halkymyzyň bagtyýarlygynyň, döwlet berkararlygynyň, ösüşlerimiziň gözbaşy, ata-babalarymyzyň köňül arzuwy. Döwürleriň seresi bolan ajaýyp döwrümizde Baş baýramymyzy uly dabaralara besläp belleýän halkymyz mukaddes Watanymyza, onuň Garaşsyzlygyna, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz guwanjyny hem söýgüsini öz ýürek sözlerinde beýan edýär. Häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýarys.