"Täze oba" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 92-nji jaýy
Telefon belgileri: 44-74-72

Makalalar

Sportuň dostlaşdyryjylyk güýji

Käbir duşuşyklary iki sagatdan gowrak dowam etse-de, tennis janköýerleri asla ýadatmaýan sport görnüşleriniň hataryna girýär. Gaýtam, türgenleriň haýsydyr birine janköýerlik edip oturyşyňa, wagtyň nähili geçenini hem duýman galýarsyň. Bu duşuşyk seniň üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär. Ýakynda merjen paýtagtymyz şeýle sport baýramçylygyny kabul etdi. Ýer ýüzüniň 12 döwletinden iň güýçli ýetginjek tennisçileriň 60-dan gowragy «Ashgabat Open 2024-iň» ýeňijisi bolmak üçin göreşdiler.

Çempionyň ýoly

Geçen hepdäniň şenbe güni ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri boldular. Olaryň 9-sy lebaply ýaşlardyr. Bu arzyly baýraga eýe bolanlaryň arasynda kuraş boýunça dünýä çempiony, Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow hem bar. Daýanç Omirow — 2023-nji ýyldaky kuraş boýunça dünýäniň çempiony. Beýle diýmek, şol ýyl dünýäde pälwanyň arkasyny ýere degiren tapylmady diýmekdir. 1996-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Kerki etrabynyň Ussalar obasynda doglan Daýanç maşgaladaky üç çaganyň körpesi. Ol sportuň dzýudo, kuraş, türkmen milli göreşi görnüşlerini çagalykdan bäri gowy görýänini aýdýar. Häzirem boş wagtlary yzygiderli türgenleşýän pälwan toýlarda-da göreş tutup, ussatlygy bilen tanalýar. Ol: « 9 — 10 ýaşlarymdadyryn, şol wagtlar ilkinji halypam Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Alymerdan Döwranowdan tälim alyp başladym. Soňra-da yzygiderli türgenleşikler bilen dünýäniň çempionlygyna çenli ýetdim» diýip, çempionlyga çenli geçen ýoluny gürrüň berýär.

Ýurt goragçylarynyň halkara üstünlikleri

Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport bäsleşiklerinde türkmen Tuguny buýsançly pasyrdadyp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrýan ýaş türgenleriň ýeňişleri aýdyňlygy bilen delillendirýär. Şeýle ýeňişleriň ýylsaýyn artýandygy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda sport bilen meşgullanýan ýaş nesillere ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändiginden habar berýär. Şu ýylyň 10 — 13-nji noýabry aralygynda hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylaryndan Abdyresul Durdyýew 62 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, esger Nobatgeldi Nazarow 100 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Çaryýar Ataýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçysy, seržant Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna myn

Ýeňişli ýollar

Ýakynda paýtagtymyzda sportuň kik-boksing görnüşinden Aşgabat şäheriniň we Kik-boksing federasiýasynyň bilelikdäki açyk birinjiligi we Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň we Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň türgenleri-de gatnaşdylar. Ýaryşda 63 kilogram agramda Harby-deňiz institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, matros Kemal Annamuhammedow 1-nji, Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Amanmyrat Gökow 2-nji, harby-deňiz mekdebiniň 10-njy synp harby okuwçysy Arslan Kasymow 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary, medallar, kuboklar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Gazanylan üstünliklere bilim ojagymyzyň Bedenterbiýe we sport kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant Sähet Ýagşymedowyň goşandy uludyr.

Sport. Sport. Sport.

Türkmen türgeni — dünýäniň çempiony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen sportuny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary indi sporta höwesek ýaşlaryň islegli mekanyna öwrüldi. Türgenlerimiziň dünýä çempionatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy guwandyrýar.

Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde sportuň ähmiýeti

Ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, ruhy we beden taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň dünýä möçberinde we halkara derejede geçirilýän dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri biri-birine ulaşmak bilen, olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän aýratyn uly ünsüniň, döredýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir kämil türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde hem wajyp hasaplanylýar. Şol esasdan, ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilatyň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda şäherlerde, şäherçelerde, obalarda gurlan sport desgalarynda saglygyny berkidýän, öz höwes edýän sport görnüşi bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky raýatlarymyzy gören

Hemişelik hemramyz

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar, dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar hem yzygiderli giňeldilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bilim basgançaklary bilen öňe gitmegine, häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmegine, daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmegine ýakyndan ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynyň dürli halkara ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp bolmaklary Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar. Ylym-bilim bilen bir hatarda, biziň — ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagymyz, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, biz okuwdan boş wagtlarymyz sport bilen meşgullanmagy durmuş endigimize öwürdik. Bu biziň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegimizde möhüm ähmiýete eýedir.

Erjeller bäsleşdi

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Oňa sport mekdebine gatnaýan çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çagalar päsgelçiliklerden top bilen ylgap geçmek, haltada böküp geçmek, halkadan ylgap, päsgelçilikden geçmek ýaly şertler boýunça erjelligini görkezdiler. Onuň netijesinde “Berkararlyk” toparyndan üstün çykan “Bagtyýarlyk” topary ýeňiji boldy. Ýeňiji toparyň agzalaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Bir ýaryşdan dört medal

Türkmen pälwanlary ýakynda Hytaýyň Sian şäherinde göreş boýunça geçirilen «Bir guşak — bir ýol» atly halkara ýaryşda dört medala mynasyp boldular. Ýaryşa Hytaý Halk Respublikasyndan we Merkezi Aziýa döwletlerinden onlarça türgen gatnaşdy. Halkara ýaryşda erkin göreş boýunça 86 kilograma çenli agram derejesinde türkmen pälwany Döwlet Orazgylyjowa taý tapylmady. Göreşiň bu görnüşi boýunça 125 kilograma çenli agram derejesinde Zyýamuhammet Saparow kümüş, 70 kilograma çenli derejede Perman Hommadow bilen 97 kilograma çenli derejede çykyş eden Şatlyk Hemelýaýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen tennisçileriniň üstünligi

16-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Küşt ýaryşy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry guramaçylykly geçdi. Etrapdaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde geçen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Etrabyň orta mekdeplerinden gelen okuwçy oglanlar we gyzlar akyl-paýhas oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşda 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 16-njy orta mekdebiň topary ikinji, 7-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Birinji orna mynasyp bolan topar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Sportuň hem-de dostlugyň baýramy

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň jemleýji duşuşyklary, şeýle hem ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. 11-nji noýabrda badalga berlen ýaryşda 12 ýurtdan ýaş tennisçiler oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşlerde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallaryny we reýting utuklaryny gazanmak ugrunda göreş alyp bardylar. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşyň final oýunlary 15-nji noýabrda ýaýbaňlandyryldy. Oglanlaryň arasynda 16 jübütiň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda ildeşlerimiz Nazargeldi Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegow garaşylmadyk ýagdaýda has güýçli garşydaşlardan üstün çykyp, altyn medallara mynasyp boldular. Olar jemleýji duşuşykda çekeleşikli göreşde Ýunus Annamyradow bilen Aly Geldiýew jübütini 7:6 (7:4), 7:6 (7:4) hasabynda ýeňdiler.

Halkara tennis ýaryşy üstünlikli geçirildi

Paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip, ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmen sportunyň şöhratly sahypasy

Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy üstünlikli tamamlanyp, 16-njy noýabrda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu halkara ýaryşa 12 döwletiň, şol sanda Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýaş tennisçileri gatnaşdylar. Alty günläp dowam eden halkara ýaryş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşde geçirildi.

Futbol: çempion ― «Bagtyýarlyk»

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň Lebap sebitinde çempion boldy. Duşuşyklaryň 12-sinde garşydaş derwezelere 55 pökgi geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 20 gol gören «Bagtyýarlyk» 29 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi. Ol iň ýakyn bäsdeşinden 6 utuk öňe saýlanmagy başardy. Ýaryşda ikinji orny ýene-de welaýat merkeziniň «Miras» topary eýeledi. Aslynda, üçünji orundaky «Nesil» bilen ikinji orundaky «Mirasyň» ikisi hem 23 utuk toplady. Ýöne käbir artykmaçlyklara görä, «Mirasa» ikinji, «Nesile» bolsa üçünji orun berildi.

Küşt: birinji liganyň saýlama duşuşyklary geçirildi

Şu aýyň birinji ongünlüginde Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasyna saýlama duşuşyklar geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Dänew we Saýat etraplaryndan küştçüler gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, bu ýaryş erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär. Ýöne Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, şu ýyl bolsa 16 we 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolan Gülmira Seýilhanowa, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempionlary Mähri Agamyradowa we Jahan Rejebowa dagy ýokary hem-de birinji ligalarda ozaldan oýnap gelýändigi sebäpli erkekleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşdyryldy.

Sportuň rowaçlanýan ýurdy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sport ýurdy hökmünde şan-şöhrata eýe bolýar. Berkarar Watanymyzda halkara ähmiýetli iri sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagy we olaryň üstünlikli geçirilmegi buýsanç bilen şeýle diýmäge esas berýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel we taryhy ýerinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň özi hem soňky sanlyja ýylyň dowamynda iri ýaryşlaryň birnäçesini kabul etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň ondan gowragyndan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenleriň gatnaşandygyny bellemek juda ýakymly. Ýaş türgenlerimiziň abraýly ýaryşdaky üstünligi bolsa ulus-ilimizi buýsandyrdy.

Türkmen tennisçileri — «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!

16-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Akyl-paýhas oýnunyň ýaş ussatlary

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa etrapdaky mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Her toparyň düzümi bir oglan we gyz okuwçydan ybarat boldy. Olar öz aralarynda akyl-paýhas oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen tennisçileri — «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.