Taryhda ýazylmyş Änew şäheri

31 Ýanwar 2024
1361

TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýylda Änew şäherini Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň geçmiş taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Örän irki döwürlerden bäri bu bol çeşme suwly, mes toprakly dag etekleri adamlaryň köpçülikleýin mesgen tutýan ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde irki döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk ösüp gelipdir.

Günorta Türkmenistanda eneolit döwri ylymda «Änew medeniýeti» adyny aldy. Ol şu medeniýete degişli ilkinji öwrenilen, Änew şäheriniň golaýyndaky ýadygärlikleriň ady bilen baglydyr. Türkmenistanda eneolit döwrüniň ýadygärlikleri ululy-kiçili, dürli depeleriň aşaky gatlaklarynda saklanypdyr. Köpetdagyň gerişlerinden demirgazyga, düzlüge inýän bol suwly çeşme-çaýlaryň boýunda amatly ýerlerde düýbi tutulan obalarda ençeme asyrlaryň dowamynda könelen toýundan we çig kerpiç jaýlaryň kesekleri tekizlenip, onuň üstünden täze jaýlar yzygiderli gurlupdyr. Ol depeler — ýadygärlikler ülkämiziň çäklerinde ýüze çykan gadymy medeniýetleri öwrenmek üçin möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Paşaguly GARAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar