Ýigidiň myrady bedew

15 Dekabr 2023
1766

Türkmenistan tarapyndan teklip edilen, ahalteke atçylyk sungatynyň we aty bezemek däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň milli seýisçilik sungatynyň, atşynaslyk däpleriniň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant bolandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi» diýip belleýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar