«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawynda

14 Dekabr 2023
2121

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň kuwwatly ösüşe eýe bolmagy ugrundaky başyny başlan giň gerimli döredijilikli işleri bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda atçylyk sport toplumlary, döwrebap athanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär.

Ýakynda, has takygy, 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi habar berildi. Bu hoş habar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm ähmiýetli wakasyna öwrülip, ähli türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy.

Şamyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar