"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Daşky gurşawy goramakda Durnukly energetika

Düýn Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika. Halkara tejribäni öwrenmek» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda «ýaşyl» şäherleri we durnukly energetikany ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän taslamalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýadan, Latwiýadan, Gazagystandan bilermenler, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda talyplaryň durnukly ösüşi gazanmak, ekologik taýdan arassa önümçilik desgalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli ulanmak babatda işläp taýýarlan taslamalaryna, oýlap tapyşlaryna orun berildi.

Bilim we terbiýe — gymmatly miras

Giň gözýetimli, ýurduň ösüşlerine öz goşandyny goşýan, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere işjeň gatnaşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu ugurda bilim işgärleriniň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmelerinde bilim ulgamyna möhüm orun berilýär. Milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde, halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikler bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde şu günki ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Milli Liderimiziň: «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýpden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris» diýen buýsançly sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir.

Pikir we tejribe alşyldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Umumybilim maksatnamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň bilim başarnyklaryna bildirilýän halkara talaplaryň we milli ýörelgeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan maslahata öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ilhalar ynsany hatyraladylar, mekdep muzeýine aýlanyp gördüler, ýörite guralan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bilim ojagynyň mejlisler jaýynda dowam eden usuly-amaly maslahatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere aýratyn üns çekildi. Onda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Internet olimpiadalary üstünliklere beslendi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersinden açyk internet olimpiadasy geçirildi. Onda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň baýrakly orunlary eýelemekleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu olimpiadada weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýew 2-nji orna, sirk sungaty taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Lukmanhekim Garajaýew 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda geçirilen biologiýa dersinden III halkara internet olimpiadasynda weterinar we sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplary Gülsona Şihmämmedowa, Maýagözel Çommulowa, atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Aşyrmuhammedow, weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Baýramhan Röwşenkulyýew, Resulmämmet Öwezmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bäsleşikler talyp ýaşlary ylym-bilim, döredijilik ýolunda ýeneki üstünlikli menzillere ruhlandyrýar.

Çaga dünýäsiniň päkligi

Ýakynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň hem-de çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary we körpeler bilim edaralarynda miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň, gülleriň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de ideg edilişini wasp etdiler hem-de öz taýýarlan suratlaryny, fotoalbomlaryny, wideoýazgylaryny görkezdiler.

Dil bilen dünýä giňişligine ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegi üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri goýýar. Köp dil öwrenmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dünýä dillerini öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Bagtyýar balalaryň bagt mekany

Türkmen halkynda çaga we onuň edebi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu asylly ýörelge has-da rowaçlanyp, çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy «Bagtyýar nesil» çagalar bakja-bagy hem welaýatymyzda göreldeli bilim ojaklarynyň biri. Bu ýerde körpe nesle rus dilinde çuňlaşdyrylan ýörite sapaklar berilýär.

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň kalby çäksiz buýsançly, guwançly. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller barada uly alada edýärler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň çuňňur düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwrebap çagalar baglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepler, şeýle hem sport mekdepleridir bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary bagtyýar çagalaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň kämil bilim almaklaryny, hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdaky aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny açyp görkezmegi üçin döredilýän amatly şertler oňyn netijesini berýär. Ajaýyp zamanamyzda ylymly-bilimli, ruhubelent, Watanyny söýýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatyna uýýan altyn nesil kemala gelýär. Bilimleriň çuňluklaryna aralaşýan we nurana geljege ynamly gadam urýan bagtyýar nesillerimiz özlerini döredijilik äleminde-de taplaýarlar. Olaryň döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklere we beýleki çärelere gatnaşyp gazanýan üstünlikleri Ga

Ýaşajyk zehin

Ýurdumyzda ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan çagalaryň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nursoltan Saparowadyr. Ýaşajyk zehin heniz çagalar bagyna gatnaýarka, aýdym-sazyň jadylaýjy dünýäsine imrinýär. 1-nji synpda eýýäm medeni-köpçülikleýin çärelerde aýdym aýdýar. Soňra Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde tans toparyna hem-de şäheriň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «tans sungaty» we «keteni-tara» gurnaklaryna gatnap başlaýar. Geçen ýyl döredijilik öýüniň guramagynda geçirilen «Iň gowy gurnak» bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolýar. Şeýle-de ol öz okaýan orta mekdebinde hem-de mekdepden daşary gatnaýan «keteni-tara» gurnagynda hem tapawutlanandygy üçin Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy sungat ýolunda ädimme-ädim üstünlik gazanyp başlan zehinli gyzjagazyň durmuşynda unudylmajak waka boldy.

Sanly bilim ulgamy — bilimleriň ak ýoly

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň esasynda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Şol sebäpli-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket

Ildeşimiz — «Türki halklaryň iň gowy talyby»

Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Dawut Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy we türki döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ösüşine goşan goşandy üçin I derejeli diplom, «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan, heýkeljik we şahadatnama bilen sylaglanyldy. Bu bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi hem-de «Žana Kazahstan» innowasiýa merkezi bilen bilelikde guraldy. Halkara bäsleşige türki döwletleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň talyplyk döwründe okuwda, ylymda, sungatda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine baha berildi.

Nesil terbiýesi — mukaddes wezipe

Çagalaryň irki ösüşi

Şanly ýyl mynasybetli

Änew şäherindäki N.Saryýew adyndaky Sungat mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan duşuşyga mekdebiň okuwçylarydyr mugallymlary, kitaphana işgärleri gatnaşdy. Mekdebiň baýramçylyk ruhunda bezelen eýwanynda ýaşajyk suratkeşleriň işleriniň sergisi guraldy. Sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmegindäki hoş owazly, şirin mukamly çykyşlar astynda sergini synlamak örän ýakymly boldy. Bu ýerdäki kitap sergisi hem özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.

Döwrebap sanly ulgam ösdürilýär

Usuly-amaly okuwlar işjeň ýagdaýda geçdi

«Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biz — mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi ösdürilýär. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmuny hil taýdan täzelenýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýada bellenen wezipeleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilýän işleriň many-mazmuny baýlaşdyrylýar we geljekki

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ene dilimize söýgi döretmek Ene dilimiz hakynda giňişleýin düşünje bermek gadymy sözlerimiziň manysyny düşündirmekden, söz baýlyklarynyň ähmiýeti hakynda beýan etmekden başlanýar. Okuwçylar sözleriň manysyna düşünmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde ene dilimize söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ene diline sarpa goýýan ýaşlar milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize, gadymdan gelýän medeniýetimize hem çuňňur sarpa goýýarlar. Onuň üçin hem ene dilimiziň gymmatlygy, sözleri hakynda köp pikir ýöretmeli, bular hakynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermeli. Sapakda dil bilimi, dilimiziň sözlük gory, leksikologiýa barada düşündirýärin. Sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýarys we dil we sözleýiş medeniýeti baradaky pikirlerini beýan etmeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylaryň öz pikirlerini beýan edip bilmekleri dil bilimine, ene dilimiziň baýlyklaryna düşünjäni kemala getirýär.

Ömrümiziň guwanjy, röwşen geljegiň daýanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň päk ahlakly, terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talabyna laýyk gelýän kompýuterler, tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalýarlar. Döredijilik bäsleşiklerine, halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýan, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri bolýan çagalar öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen diňe bir öz ata-enelerini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär. Watanymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edilýän aladalar bimöçber. Ýaş nesiller Gahryman

Kitap — bilimler çeşmesi

Kitap egsilmez hazynadyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkin bolýar. Geçmişdäki danalaryň, alymlaryň paýhasly jümlelerini öwran-öwran okaýarys. Bu parasatly sözler durmuş, ylym, dost-doganlyk hakyndaky pikirleri özünde jemleýär. Bu jümleleri okamak, ýol-ýörelge edinmek ynsanyň kämilligi bolup durýar. Emma iň esasy kämillik okamakdyr. Okaýan ynsan kämillige ýetýär, giň düşünjeli bolýar, ylym-bilime düşünýär. Kämillige barýan ýol okamagyň üsti bilen amala aşýar. Türkmen halky kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýýar. Esasan-da, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgämizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitabyň many-mazmuny hakynda çuňňur beýan edýär. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler.