"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýeňijiler bäsleşikde saýlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň kämil maglumat tehnologiýanyň ösüşlerinden oňat baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde hem mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama (ylmy-döredijilik) we ders bäsleşikleri guramaçylykly geçirilýär. Golaýda Daşoguz welaýaty boýunça orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde geçirildi. Bu bäsleşige welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.

Körpeleri dil öwrenmäge gyzyklandyrmak

Mekdebe çenli bilim edaralarynda iňlis dili sapaklarynda mugallymyň döredijilikli çemeleşmegi kiçi ýaşly çagalaryň beden we pikir sagdynlygyny ösdürmäge oňyn täsir edýär. Sapaklaryň täsirli we gyzykly bolmagy mugallymdan edilýän esasy talaplaryň biridir. Dil kesgitlenen kada görnüşinde däl-de, owazlar keşpler, hereketler bilen öwredilende, çaga üçin sapak gyzykly bolýar. Sapaklarda we sapakdan daşary çärelerde aýdymlary, goşgulary, sahnalary ulanmak guramaçylyk meselelerini çözmäge we çagalaryň iňlis dilini öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam edýär.

Döwrebap bilim - kämil nesliň binýady

Dil öwrenmek – üstünlikleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýär. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça okuw geçirilýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň iri senagatynyň biri bolup, zawodyň gämi gurluşyk ugrunda işlerini netijeli ýola goýmakda, milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Bulardan başga-da «Balkan» zawodynyň aglaba bölegi ýaş gämi gurluşykçylardan ybarat bolup durýandygyny nazara almak bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik zerurlygy sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 23 (ýigrimi üç) sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça  gysga möhletli 2 aýlyk hünär toparynyň okuwlary  okadylýar.

Beýik işler bilime daýanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä hem durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyna uly tagallalar gönükdirilýär. Bu işler ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagynda aýdyň ýüze çykýar. Häzirki döwrüň öňde goýýan möhüm wezipelerine, bildirýän talaplaryna has içgin göz ýetirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gymmatly gollanma bolmak bilen, diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, ýaş nesil bilen iş salyşýan ähli hünärmenleriň, şol sanda bilim işgärleriniň hem ýankitabyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu kitapda: “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işleriň iňňän jogapkärlidigine ýene bir gezek ünsi çekýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmeginde bu kitapda ündelýän ýörelgeleriň, beýan edilýän tejribeleriň gymmatly ähmiýeti bardyr

Okuw maslahaty geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «Zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek, kämilleşdirmek döwlet syýasatynda möhüm mesele hökmünde kesgitlenilendir» diýen şygar bilen tehniki okuw maslahaty geçirildi. Agzalan konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden nebitgaz senagatynyň önümçilikleriniň zähmeti goramak we howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçylary, inženerleri, hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň döwlet inspektory Serdar Meretalyýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň zähmet şertleri bölüminiň başlygy Jennet Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň çykyşynda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwn

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bäsleşigiň welaýat tapgyry Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goýýar. Bu babatda möhüm ähmiýetli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly-bilimli, ukyp-başarnykly, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň uly ähmiýeti bar.

Oguz nesli ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýolunda

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda-da, uly adamlaryň arasynda-da dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesliler günsaýyn artýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige hemmetaraplaýyn mümkinçilikler-de döredilýär, şeýle-de ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini täze usulyýetler arkaly özleşdirmek üçin döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon dili-de öwredilýär. Häzirki wagtda täze dilleri öwrenmek hem döwrüň talaby bolup durýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tehnologiýa ylymlaryny öwredýän bilim ojagy bolup, onda okuw sapaklaryny iňlis, ýapon dillerinde geçmegimiz, esasan-da, öwrenýän tehnologiýalarymyza dahylly adalgalaryň ýapon dilinde aňladylmagy bize bu dili tiz öwrenmäge we ýatda saklamaga uly ýardam edýär.

Matematiki modelirleme boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigi geçirildi. DIM-niň HGI-iň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşdirilişi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim hem terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däplere eýerip, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak mugallymlaryň öňünde wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, häzirki döwürde türkmen diliniň öwredilişini täze talaplara laýyk guramak zerurdyr. Dilimiziň arassalygyny, many goýazylygyny, dil medeniýetini, köpöwüşginliligini okuwçylaryň aňyna ýetirmekde geçilýän sapaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Olaryň her biri türkmen diliniň gadymylygyndan hem-de şirinliginden habar berýär. Dildäki ähli serişdeleri sözleýişde dolulygyna amal etmek medeniýetlilikden nyşandyr. Sözleýiş medeniýetiniň kämilligi bolsa, ynsanyň sowatlylygynyň, giň dünýägaraýyşlylygynyň aňlatmasydyr. Şeýle hem mekdepde geçilýän «Sözleýiş medeniýeti» diýen temanyň üsti bilen okuwçylara sözleýiş medeniýetiniň ugurlaryny açyp görkezmek mümkin.

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmek esasy wezipelerimiziň biridir. Bu bolsa orta mekdeplerde her bir guralýan sapagyň döwrebap, dürli usullarda bolmagyny talap edýär. Edebiýat sapagynda hem okuwçylary milli ruhda terbiýelemäge bolan mümkinçilikler köpdür. Çünki edebiýat sapagynda pähimdar pederlerimiziň döreden edebi mirasyny, dilimiziň çeperçilik aýratynlyklaryny okuwçylara öwredýäris. Bu wajyp wezipäni amala aşyrmak üçin sapagyň dürli usullarda guralmagyny, innowasion tehnologiýadan ýerlikli peýdalanmagy gazanmak gerek. Sapaklaryň özara baglanyşykda bolýandygy her bir mugallym üçin aýdyňdyr. Alymlar «Edebiýat — durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitlemäni beýan edýärler. Aslynda hem, edebiýat çeper diliň önümidir, paýhasyň miwesidir. Şonuň üçin hem edebiýaty çuňňur öwrenmek dil baýlygyňy artdyrýar, pikirlenişi hem ösdürýär. Edebiýat mugallymynyň biliminiň köptaraply bolmalydygy hem şondan gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan, edebiýat sapagyny has-da täsirli geçirmek, okuwçylaryň ünsüni çeper edebiýata çekmek zerurdyr. Guraýan her bir sapagymyzda nusgawy edebiýatdan, okuw kitabyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Çagalarda surat çekmek endiklerini kemala getirmegiň usullary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesle döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek we olary ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bize — bilim işgärlerine möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamyna halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy tejribeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan beýik işler eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň iň ösen usullaryndan peýdalanylmagy netijesinde giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelýändigi bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ýaş nesli terbiýelemek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, oňat dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Olarda çagalaryň ählitaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek, açyk oýunlar we çag

Tehniki serişdeleri ulanmagyň esaslary

Innowasiýa tehnologiýalarynyň rowaçlanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi dünýäniň her bir ýurdunyň geljegini kesgitleýän görkezijileriniň esaslarydyr. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, täze tehnologiýalary we tehniki serişdeleri okuw tejribesine girizmek möhüm ugurlaryň biridir. Biz döreden elektron gollanmamyz arkaly tejribe-synag okuwyny Koreýanyň «Orient» kompaniýasynyň dil öwrenmek üçin niýetlenen NuriNet — NF multimedia otagynda geçirdik. Bu multimedia ulgamly abzal on bir sany kompýuterden we otagyň diwaryna berkidilen uly göwrümli elektron ekrandan ybarat. Bu ekran diňe bir okuw otagynyň tagtasynyň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, mugallymyň kompýuterinden goýberýän ähli maglumatlaryny hem-de talyplaryň kompýuterlerinde ýerine ýetirýän ähli okuw işlerini aýdyň görkezýär. Bu elektron ekranly okuw serişdesiniň mümkinçiliklerini diňläp düşünmekde we gepleýiş başarnyklaryny ösdürmekde okuw-türgenleşik işleri üçin peýdalanyp bolar.

Dil öwrenmek kämilligi – zehinli ýaşlaryň geljegi

Bagtyýar geljegi gurujylar

Döwrüň bedew batly ösüşleri bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze üstünlikler, rowaçlyklar bilen has-da öňe ilerleýär. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Döwrüň öňümizde goýýan möhüm wezipeleri, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde geljekde ýaşlara aýratyn uly ornuň degişlidigi bu ajaýyp kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu kitap türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem-de waspnamasydyr.

Maslahat geçirildi

Ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda Golaýda TKA-nyň Wekilbazar etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky 10-njy orta mekdepde hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli “Ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri, etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Şaguly Öwezow, etrapdaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulmiwe Akmyradowa, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Gylyçdurdy Saparow çykyş etdiler.

Zehinli okuwçylar öňe saýlandylar

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan informatika dersi boýunça geçirilen olimpiadada öňdäki orunlary eýelediler. Olimpiadanyň netijeleri baýry ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda paýlaşyldy. 11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlaryň üçüsiniň toplan utuklary birinji orna mynasdyp boldy. Olaryň ikisiniň biziň welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bolmagy has guwandyrýar. Has takygy, bu toparda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Şöhrat Mawlýanow 94, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Begmyrat Rozyýew bolsa 89 utuk bilen birinji ornuň eýesi boldular. Begmyradyň synpdaşy Guwanç Mämmedow ondan 3 utugy az toplap, ikinji orny eýelän okuwçylaryň başyny çekdi. Bu orunda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Suraý Hatamowa hem bar. Suraý ýaryşy 77 utuk bilen jemledi. Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebe wekilçilik eden Döwletjan Şatlykow bolsa 60 utuk bilen üçünji orny eýelän 9 okuwçynyň arasyna girmegi başardy.

Atçylyk — hem ylym, hem sungat

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň binalarynyň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy döwrümiziň taryhy wakalarynyň biri boldy. Meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän bu akademiýanyň Arkadag şäheriniň çäginde, ýelden ýyndam ahalteke atlarynyň dörän mekanynda ýerleşmeginiň hem çuňňur manysy bar. Dünýä atşynaslary bu ajaýyp tohumy döredip bilen halka hem-de onuň dörän mekanyna, tebigatynyň özboluşlylygyna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen halkynda maksada okgunlylyk, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepadarlyk, ar-namyslylyk hem-de watansöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň jemlenmegi ahalteke tohumynyň döremegine we kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirdi. Bu gün bolsa täze bilim ojagynda ahalteke atlarynyň tohumyny ylmy taýdan çuňlaşdyryp öwrenmek, atçylygyň möhüm ugurlary boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar.

Bilimli, bagtyýar ýaşlar

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesliň ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygynyň hem aýratyn nygtalmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň işleriniň has-da sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berer.