"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şatlyk ýaňlanýar Arkadag Prezidentimiziň körpe nesil hakynda edýän aladasy netijesinde ýaş nesiller üçin amatly şertler döredilýär. Gözel binaly täze çagalar bakja-baglarynyň ýylsaýyn sany artyp, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Häzirki zaman esbaplary bilen doly üpjün edilýär.

Körpeler — röwşen geljegimiz

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, ony has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde çagalar baglarynyň gurulmagy, ozaldan hereket edýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň durkunyň täzelenip, häzirki zamanyň kämil okuw tehnologiýalary, enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi bu ugurda özüniň oňat netijesini berýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap derejede bilim almagyna itergi berýär, şonuň bilen bir hatarda bilim işgärleriniň, terbiýeçileriň ýokary amatly şertlerde netijeli zähmet çekmegine ýardam edýär. Bäherden etrabynda hem döwrebap çagalar baglarynyň birnäçesi guruldy, ozaldan bar bolanlar döwrebap görke getirildi. Bu gün şol çagalar baglary bagtdan paýly körpeleriň ygtyýarynda bolup, olar uly mähir, bimöçber söýgi bilen gurşalýar. Olaryň her bir gününiň manyly, şadyýan we netijeli geçmegi gazanylýar. Çagalar baglarynyň otaglarynda degişli ýaşdaky çaga toparlary üçin şertleriň üpjün edilmegi we talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, şol sanda dil öwrediş, kompýuter, aýdym-saz, sport gimnastikasy otaglarynyň bolmagy olaryň döwrebap terbiýelenmeginiň esasy şertleri bolup durýar. Geçilýän okuw sapaklarynda peýdalanylýan görkez

Bilim — bagtyýarlygyň şuglasy

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biziň ýaşaýan döwrümiz ylmy-tehniki ösüşleriň asyrydyr. Hut şonuň üçin ylmyň häzirki gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bu gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýän görkezijileriň esasy bolup durýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagy, ýaşlary milli ruhda terbiýelemegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzda kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky tagallalaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygy nazarda tutulyp, dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek.

Çagalaryň irki ösüşinde oýunlaryň ähmiýeti

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Çagalar mekdebe gatnap, bilim dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiz bilimli-terbiýeli çagalary kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi bilim işgärleriniň döredijilikli işlemeklerine, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge oňat ýardam edýär. Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanýarys hem-de bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik edýäris.

Körpeleri terbiýelemek bagty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky «Merjen» atly 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Göwher Nurmuradowanyň çagalary terbiýelemekde oňat tejribesi bar. Ol terbiýeçilik, bilim boýunça geçirilýän bäsleşiklere hem gatnaşyp, mynasyp orunlara eýe bolýar. Tejribeli terbiýeçi Göwher Nurmuradowa çagalary terbiýelemegiň milli ýörelgelerinden peýdalanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle berilýän bilimiň döwrebap we kämil bolmagynda, çagalaryň tebigy zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda öwrediji oýunlaryň ähmiýeti örän uludyr. Bu oýunlaryň üsti bilen çagalara ahlak, watançylyk hem-de gözellik terbiýesi berilýär. Çagalarda tebigata, daş-töwerege, Watanymyza söýgi, buýsanç duýgulary ösdürilýär. Sowat öwretmek boýunça çekimli we çekimsiz harplar, bir, iki we üç bogunly sözlerden suratlar boýunça atlandyryp, ses ulgamyny kämilleşdirmek, kesme harplardan söz düzmek bolýar. Şeýle hem bu oýunlaryň üsti bilen körpeleriň sözleýiş dil baýlygy, başarnygy, ugurtapyjylygy, ýady, ünsi we pikirlenişi ösdürilýär. Duýgulary öwretmek sapagynda gök önümleri we miweleri reňki boýunça saýlamak we ýüpe düzmek arkaly körpeleriň ownuk motorikasy ösdürilýär, çagalar ýüpe düzüp, miweleri ýerli-ýerinde goýmagy öwrenýärler. Daş-töwerek we tebig

Suratlardaky 7 tapawudy tapyň!

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

Adam görki — akyl, söz görki — nakyl. Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan.

Terbiýäniň gözbaşy

Halk döredijiliginiň iň kämil görnüşleriniň biri bolan nakyllar nesil terbiýesiniň başlangyjydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişden gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyz şu günüň beýikligi bilen utgaşyp, döwre we geljege laýyk altyn sazlaşygy hasyl edýär. Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjyň kemala gelmegi, ýaşlaryň aňynda berkemegi üçin taryhymyzy, abraýa beslenen şahsyýetlerimiziň geçen ýoluny bilmegimiz üçin yzygiderli tagallalar edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ajaýyp zamanamyzda ruhy gymmatlyklarymyzyň öwrenilmegine, halka ýetirilmegine, dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Çünki ol gymmatlyklaryň aňyrsynda milletiň, halkyň bakylygy we beýikligi ýatyr.

Asylly görelde — terbiýe mekdebi

Durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim bilim-terbiýeden başlanýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda bir ajaýyp rowaýat bar: «Ir zamanlar bir adam dananyň ýanyna maslahata barypdyr. —Dana, meniň ähli baýlygym bar. Okadym, her dürli tälimleri, hünärleri öwrendim. Ummasyz köp baýlyk topladym. Garaz, göwnümde arman galar ýaly bolmady. Indi özümden soňky nesillere iň gymmatly baýlygymy miras galdyrasym gelýär — diýipdir. Özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigini ondan sorapdyr. Şonda dana: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýipdir». Ine, şu rowaýatdan hem görnüşi ýaly, mynasyp terbiýelenen nesil biziň ýüzümiziň tuwagy bolup, üstünlikleri bilen begendirýär.

Sapaklary döwür bilen baglanyşdyrmak

Eşretli zamanamyzda ýaşlara bilim bermek bagtynyň bilim işgärlerine, ýagny mugallymlaryň paýyna düşýändigi üçin biz bagtly ynsanlardyrys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur aladalary bilen Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş neslimiziň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolmagy baradaky oňyn işler durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe biz mugallymlaryň sapaklarymyzy döwür bilen baglanyşdyryp guramagymyz ösüp gelýän ýaş neslimiziň gursagyna synmaz watançylyk söýgini guýdugymyzdyr. Hut şonuň üçin-de türkmen dili we edebiýat mugallymy hökmünde her bir sapagy temasyna görä, döwür bilen baglanyşdyryp guraýaryn.

Işeňňirleriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmekde terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Bu ugurda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyndaky 20-nji çagalar bagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Bu çagalar bagynda terbiýeçiler özara tejribe alşyp, agzybirlikde zähmet çekýärler.

Bagtyýar nesil

Çaga we kitap Kitap adamyň iň ýakyn dosty, maslahatçysy hasaplanýar. Esasan hem, kitaplar bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagy hökmandyr. Kitap çagalaryň pikirlerini durlaýar, özbaşdak netije çykarmak ukybyny ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Çagalarda kitaba, okamaga bolan söýgini kemala getirmek köp babatda ene-atalara baglydyr.

Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki bu ulgam beýleki pudaklaryň durnukly ösüşinde wajyp ähmiýete eýedir. Bilimli hünärmenler zähmet çekýän pudagynyň üstünliklere eýe bolmagyna itergi berýärler, şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti kuwwatlanýar.

Möhüm ugurlaryň biri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, amala aşyrylýan şanly wakalar ýurdumyzyň at-abraýyny belentliklere çykarýar. Beýik işleriň, beýik maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli pudagyna uly üns berilýär. Şeýle-de döwletimiziň geljegi hasaplanylýan bilimli, ahlakly ýaş nesilleri kemala getirmek barada alada döwletimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, milli ruhda terbiýeli, berk bedenli, belent ruhly, edepli-ekramly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek onuň esasy wezipesidir.

Döwrebap ösüşler we şowly üstünlikler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilýär, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşýarlar. Şol sanda biziň mekdebimiziň okuwçylary hem dürli ýyllarda halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, öňdeligi eýelediler. Hususan-da, 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Erudit» halkara internet bäsleşiginde Ogulgerek Seýilhanowa we Aýlar Abdurasulowa dagy ýeňiji bolup, altyn medala we birinji derejeli diploma eýe boldu

Watansöýüji ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz gülläp ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiz ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, halkyň röwşen geljegini, ýurduň nurana ykbalyny ünsden düşürmän, hemişe ýurdumyzyň, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. Şeýle tutumly işler häzirki bagtyýar günlerde hem dowamat tapýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuş-medeni maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Halk bähbitli uly işlere badalga berilýär. Muny biz Arkadag Prezidentimiziň geçirýän maslahatlarynda, mejlislerinde, edýän taryhy çykyşlarynda aýdyň görýäris. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi we ýylyň nyşany tassyklanyldy. Munuň özi, elbetde, türkmen raýatlarynyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny ösdürmäge ýardam edýär. Çagalar sungat mekdebimizde okaýan okuwçylarymyzyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri hakynda söhbetdeşlik geçirip durýarys. Bagtyýar nesillerimiziň bagtly çagalygynyň olaryň ertirki güne bolan ynamyny berkidýä

Ykdysadyýetiň gadamlary

Ösüşüň döwrebap ýoly Üçünji müňýyllyk tehnikanyň we tehnologiýanyň asyry hasaplanýar. Şonuň üçin-de ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak döwrüň möhüm talaby hökmünde öňe çykýar. Häzirki wagtda şu talapdan ugur alnyp, ýurdumyzda ähli pudaklary sanly ulgama geçirmekde depginli işler durmuşa geçirilýär.

Mis peýdalymy ýa-da ýok?!

Mis biziň her birimiziň bedenimizde ýerini çalşyp bolmajak mikroelement hökmünde saklanýar. Munuň özi kadaly ýaşaýyş üçin zerurdyr. Şeýle zerur elementleriň sany bolsa ençemedir. Olaryň arasynda demir, marganes, sink, molibden, kobalt, ýod we mis hem bar. Misiň ýerine ýetirýän işi witaminleriň ähmiýetine deň hasaplanylýar. Bedende mis ýetmedik ýa-da agdyk bolan halatynda ösümlik-de, haýwan-da, adam- -da kesele ýolugýar.

Özüňi alyp barmagyň medeniýeti

Orta mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna girizilen özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersi hem okuwçylaryň terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ynsanperwer şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmakdan, şeýle-de olaryň ata-enesine, mugallymlara, ýaşuly nesle hormat goýmaklaryny öwretmekden ybaratdyr. Sapaklar dürli usullarda guralmalydyr. Bu ders boýunça okuwçylar bilen dürli görnüşli oýunlary guraýaryn. Şolardan täsirli geçen temalarymyň we oýunlarymyň üstünde durup geçmekçi. “Kime medeniýetli adam diýip bolar?” diýen sorag-jogap guradym. Onda okuwçylara 10 minutyň dowamynda öz pikirini ýazmaça beýan etmegi, pikirlerini durmuşy mysallar bilen delillendirmegi tabşyrdym. Okuwçylar sapaga işjeň gatnaşyp, ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirdiler.

Tebigy bilimleri öwrenmekde fizikanyň orny

Fizika ylmy tebigatyň esasy we düýpli kanunalaýyklyklaryny öwrenýär, onuň kanunlary beýleki tebigy ylymlaryň esasyny düzýär. Orta mekdepde fizikany okatmagyň esasy maksatlary çagalarda öwredilýän hadysalaryň esasynda gyzyklanmany we başarnyklary ösdürmekden ybaratdyr. Olarda öwrenijilik we döredijilik işjeňligini emele getirmek, öwrenilýän esasy ylmy düşünjeleriň manysyna göz ýetirmek we olaryň arasyndaky özara baglanyşygyny özleşdirmek, dünýäniň fiziki gurluşy baradaky düşünjeleri emele getirmek zerur şertleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin okuwçylary tebigy hadysalara göz ýetirmegiň we barlaglary geçirmegiň ylmy usullary bilen tanyşdyrmaly, olara mehaniki, ýylylyk, elektromagnit, kwant hadysalary we olary häsiýetlendirýän fiziki ululyklar bilen tanyşdyrmaly. Bular bolsa öz gezeginde olara daş-töwerekde bolup geçýän hadysalary synlamak we tejribeleri geçirmek endikleriniň emele getirmekligine, ölçeg gurallaryny ulanmak arkaly laboratoriýa barlaglaryny geçirmek başarnyklaryny ele almaklaryna ýardam berer. Fizikany öwrenmegiň zerurlygyny aşakdaky sebäpler bilen esaslandyryp bolar: