"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Akyldar şahyryň eserleri dünýä dillerinde

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sungatyň zergäri hasaplanýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik beýan edilýär. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan şahyr şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. XVIII asyr türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli-de şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir.

Ene dilimiziň baýlygy — halk hazynasy

Dilimiziň gymmatly baýlygyny öwrenmek, ylmy garaýyşlary öňe sürmek häzirki ajaýyp döwrümizde uly many-mazmuna eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biri hem ene dilimiziň baýlyklarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimiziň baýlyklaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň üçin hem ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle hem diliň söz baýlyklaryny, semantikasyny, etimologiýasyny öwrenmekde alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmekde halk döredijiligi, esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri gymmatly çeşme bolup durýar. Şeýle bolansoň, halkyň janly gepleşigi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Ata-babalarymyzyň döreden pähimlerinden, nakyllaryndan görnüşi ýaly, edep başy dilden başlanýar. Dil bilmek, ýerinde manyly gürlemek edeplilikden nyşandyr. Ene dilimiziň çuňlugyna düşünip, gadymdan gelýän sözleriň many-mazmunyny özleşdirmek dünýägaraýşyňy giňeldýär. Danalarymyz, pederlerimiz bize goşgudyr dessanlary, parasata ýugrulan sözleri miras galdyrypdyrlar. B

Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr

Ynsan durmuşy kitap, edep-terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçinem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, sahypalaryny seresaply açmak, gözüň göreji ýaly aýamak gerek. Şeýle hem ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem özboluşly edebi bardyr. Kitap okamak edebi özünde birnäçe düzgünleri jemleýär. Okamagy söýmek durmuşymyzda boş sagatlarymyzy manyly sagatlara öwürmek diýmekdir. Kitap okalanda, möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek özüň üçin peýdalydyr. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr. Kitaby ýeke elde tutup okamak onuň tiz dargamagyna getirer. Şonuň üçinem kitaby jaýlaşykly oturyp, iki eliň bilen tutup okamak edeplilikden nyşandyr.

Zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilýän nesiller

Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Mekdep derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek işleri üstünlikli alnyp barylýar, gurulýan ähli bilim edaralarynda häzirki zaman kompýuter, interaktiw we multimedia tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Bu ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, gözýetimini giňeltmäge we ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary we usullary döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Milli maksatnamalar, Konsepsiýalar durmuşa geçirilýär.

Halkara Olimpiada gatnaşan talyplaryň ýürek buýsançlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek barada alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 7 döwletden gatnaşýan IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Birnäçe günläp dowam edýän halkara matematika olimpiadasyna işjeň gatnaşýan daşary ýurtdan gelen talyplaryň ýürek buýsançlaryny söhbetdeşlik arkaly size ýetirmegi makul bildik.

Halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

Düýn Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) jemi jemlendi. Birnäçe günläp dowam eden olimpiada-da Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň we Özbegistanyň jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 110-dan agdyk, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy.

Şanly ýylyň döredijilik ruhy bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Bu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda dürli ders bäsleşikleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, halkara ylmy maslahatlaryň we beýleki medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda-da degişli işler alnyp barylýar. Institutda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary döwletleriň bilim ojaklarynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda daşary ýurt dilleri, şol sanda rus dili boýunça hem onlaýn görnüşde ders bäsleşikleriniň geçirilmegine badalga berildi. Olara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň birnäçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşmaklaryna Arkalaşygyň giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garamak bolar. Ders bäsleşiginiň şertleriniň we sowallarynyň düzülişi, ony geçirmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy institutda halkara derejedäki çäreleri guramakda uly tejribäniň toplanandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan dünýä bilen dostlaşýar

Bäsleşige gatnaşyjylara söz berýäris Ysmaýyl KUWWATOW,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby:

Halkara olimpiada zehinlileri saýlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: 4-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2024) açylyş dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, bu olimpiada ata Watanymyzda ilkinji gezek «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» uly üstünliklere beslenipdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nobatdaky gezek geçirilýän bu halkara derejesindäki olimpiada gatnaşmak üçin dostlukly döwletleriň 7-siniň, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň, Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden dürli ugurlar boýunça okaýan talyplaryň 110-dan gowragy paýtagtymyza geldiler. Biz hem merjen şäherimizde badalga berlen bu halkara derejeli bäsleşik mynasybetli taýýarlanan ýörite sahypamyzy okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Ata Watanymyzda bu gün ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklary, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ýagty geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ös

Bagtyýarlygyň açary

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebimizde sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Onda Dil öwreniş bölümi bolup, ähli birinji ýyl talyplara iňlis dili derejesini kämilleşdirmäge, ýapon diliniň başlangyç derejesini ele almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa okuwyň soňky ýyllarynda hünärlerini iňlis we ýapon dillerinde öwrenmäge ýardam edýär. Biziň uniwersitetimiz geçen ýyllarda ýurt derejesinde orta mekdep okuwçylary üçin «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadasyny, 18 — 35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigini gurnady. Iki çäre hem ýokary netije berip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Times Higher Education Awards Asia 2024» sanawynyň «Student Recruitment Campaign of the Year» ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegine ýardam etdi. Häzirki wagtda hem uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II integrirlenen olimpiadany geçirmek üçin taýynlyk işleri alnyp barylýar. Bu yzygiderli geçirilýän çäreleriň esasy maksady bolsa, aýratyn zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan, Türkmenistanyň zehinli okuwçylaryndan

Garawul gullugynyň ezberleri

Ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky harby bölümlerde gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirip, garawul gullugyny alyp barmakda tapawutlanandyklary, şeýle hem ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň degişli düzgünnamasyna laýyklykda, podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylary — kiçi seržantlar Hemra Ataýew, Güneş Agaýew, Kerim Gurbandurdyýew, esgerler Öre Nurýagdyýew, Aýdogdy Nuryýew, Resul Saparow, Döwletgeldi Rahmankulow, Rejepgeldi Baýramow, Merdan Arazdurdyýew dagy «Harby gullugyň tapawutlanan esgeri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandylar. Biz ezber harby gullukçylarymyza guwanýarys.

Ýaş watançylara buýsanç

Häzirki wagtda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň milli terbiýe ulgamynda ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Olaryň Watanymyza, il-günümize wepaly, ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik taglymatyny mynasyp dowam etdiriji nesil bolup terbiýelenmeginde täzeçe usullar ulanylýar. Şeýle depginli işler TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş Watan goragçylarynyň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini Ýöriteleşdirilen harby mekdebimizde harby okuwçylarymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak babatynda degerli işler alnyp barylýar.

Watana wepaly ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy we guwanjy bolan ýaşlara uly üns berýär. Olara döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermegiň, olary halallyk, ahlaklylyk, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň özeni bolup durýandygyny nygtaýar. Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, onuň at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak ýaşlar üçin uly bagtdyr. Ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegiň mukaddes borçlarydygyna oňat düşünýän türkmen ýaşlary häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly özgertmeler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim bagtyň çyragydyr. Bu çyragyň ýiti şugla saçmagy barada taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Bilimli ýaşlar saýlandylar

Ýakynda welaýatymyzyň etraplarynda we Daşoguz şäherinde aýratyn zehinli, bilimli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň ýene bir  tapgyry  geçirildi. Oňa türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, rus dili, taryh, geografiýa, himiýa, biologiýa, fizika, matematika, informatika dersleri boýunça bäsleşigiň mekdep we mekdebara tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän 8 – 9-njy synpyň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň döwrebap okuw esbaplary, maglumat we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen otaglarynda geçirilen şäher tapgyrynda şäheriň çägindäki 36 sany orta mekdebiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Okuwçylar bäsleşigiň şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirmek bilen özleriniň bilimlerini, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde tapawutlanan okuwçylara 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli we höweslendiriji Diplomlar gowşuryldy.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umumadamzat we milli gymmatlyklara hormat goýmak, ylma, bilime möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýul

Bilimli ýaşlara buýsanç

IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde öňe saýlanmagy babatda guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň geljekde hünärli ýaşlar bolup ýetişmeginde dürli ugurlarda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, zehinleri ýüze çykarmak, talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, ylmy maglumatlary özleşdirmek, özara pikir alyşmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyp ýaşlarynyň arasynda Açyk halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi öňde goýlan maksada ýetmäge mümkinçilik berýär.

Magtymguly, öwüt bardyr sözümde

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, öwüt bardyr sözüme» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemegi, ýaşlaryň Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny artdyrmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmagy hem-de döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşan okuwçylar onda berlen şertler esasynda güýç synanyşdylar.

IV Açyk halkara matematika olimpiada öz işine başlady

Düýn, 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. IV açyk halkara matematika olimpiadasynyň ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyza 7 döwletiň ýokary okuw mekdeplerindne dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.