"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Oňyn tejribe — beýik ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri talyp ýaşlaryň eziz Watanymyza söýgüsiniň, Garaşsyzlygymyza guwanjynyň, şonuň bilen birlikde, döwletimiziň ýokary bilimli harby gullukçylaryny taýýarlamak baradaky aladalarynyň dabaralanýan zamanasydyr. Golaýda hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen dostluk we özara tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Bu çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, ylmy-amaly maslahat, institutyň ylymda we bilimde gazananlarynyň sergisi, Türkmenistanyň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda görkezme-okuw sapaklary, tejribehanalarda we gurluşyk merkezlerinde okuw sapaklarynyň geçirilişi, innowasion okuw otaglarynda guralýan sanly bilim okuwlary, harby talyplar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertleri we beýlekiler barada gyzykly maglumatlar berildi. Bu duşuşygyň täsirli we ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Özara tejribe alyşmak duşuşygyna gatnaşan harby gullukçylaryň ýüzlerinden ata Watana belent söýgi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serd

Zehin bilen zähmet birleşende

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geljekki Watan goragçylarynyň okamaklary, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan durnukly bolup ýetişmekleri, öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris» diýip belleýär. Hut şonuň üçinem milli bilim ulgamynyň ösdürilmeginiň maksady hem hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Şonuň bilen baglylykda, biziň harby mekdebimizde «Kitap okan — dünýäni gezer» diýen pähimden ugur alyp, türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň, rota serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda kitap okamak bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri, çekilen zähmetiň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigidir. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde türkmen dili dersi boýunça harby okuwçylarym

Harby talyplarymyza buýsanýarys

Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýürekleri bagtly geljege bolan ynamdan pürepür ýaşlarymyz diňe bir ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikdir olimpiadalarda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda hem öz zehinlerini ykrar etdirmegi başarýarlar. Zehinli ýaşlarymyzyň ençemesini öňe çykaran şeýle bäsleşikleriň biri hem ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda geçirildi. Eýýäm üçünji gezek geçirilýän halkara olimpiadasyna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Ylma höwesli ýaşlaryň ençemesini bir ýere jemlän halkara olimpiadasynda 3-nji ýyl harby talyplarymyz Ýolaman Meretbaýewiň we Süleýman Merdanowyň baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmaklary, şahsy düzümi aýratyn buýsandyrdy. Olary bu halkara olimpiadasyna taýýarlamakda institutymyzyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň tagallasy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, Akmyrat mugallymyň taýýarlan harby talyplary Oguzhan Hojaberdiýew bilen Gündogdy Aýmämmedow dagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça geçirilen IV Açyk halkara olimpiadasynda 3-nji orna mynasyp bolupdylar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Täze ösüşlere badalga Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň başlangyç synp hem taryh mugallymy Çemen Gurbanowanyň ady diňe bir mekdepde däl, eýsem, Mary şäherinde tejribeli mugallymlaryň hatarynda hormat bilen tutulýar. Çemen mugallym 2020-nji ýylda Mary şäherindäki H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, indi üç ýylyň dowamynda 4-nji “E” synp okuwçylaryna täzeçe işlemegiň işjeň usulynda bilim we terbiýe berip gelýär. Ol halypasy Orazgül Mommadowanyň göreldesine eýerip işleýär. Çemen sanlyja ýylda arzyly kärinde baý iş tejribe toplady. Halypa mugallymlaryň iş tejribesinden özüne sapak edinip, okuwçylarynyň sanly bilim ulgamynyň ösen tehnologiýalary bolan interaktiw tagtalarydyr komputerlerden ugur alyp, olaryň döwür bilen aýakdaş gitmeklerini, dünýägaraýyşlarynyň giň bolup, durnukly bilim almaklary barada baý iş tejribesinden peýdalanýar. Tejribeli mugallym şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýylyň-ýylynda ýeňiji bolup gelýär.

Okuw sapagy täsirli geçdi

23-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžskaýa etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň okuwçylary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Hydyrow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Aýbölek Goçyýewa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tema boýunça sapak geçdiler. Mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly dürli soraglar berip sapagyň täsirliligini artdyrdylar. Şeýle hem sapakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy has-da täsirli boldy.

Ylym-bilimde beýik görelde

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň, nusgalyk ýollaryň biri hem ylym-bilim öwrenmekdir. Bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etmekde, döwrebap ösdürmekde bilim işgärleriniň mynasyp orny bardyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan terbiýe mekdebinde nusgawy edebiýata, halk döredijiligine ýüzlenýäris. Esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndan ugur alýarys. Bu ajaýyp kitaplardan ugur almak, pähimli sözlerinden peýdalanmak ýokary derejede netijesini berýär. Çünki bu ajaýyp eserlerde ýaş nesilleriň terbiýesine oňat täsir edýän baý maglumatlara duş gelmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş eden ajaýyp eserlerini okanymyzda, ata Watanymyza çäksiz söýgi, şöhratly geçmişimize buýsanç, umytly geljegimize bolan ynam kalbymyza dolýar. Ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary watansöýüjilige, millilige, ruhubelentlige ýugrulyp, bagtyýar nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, nusgalyk mekdebe öwrüldi. Bu eserler durmuş ýolunda çyrag bolup, paýhas dürdäneleri bilen giň gözýetime eýe edýär, elmydama rowaçlyga besleýär. Hut şonuň üç

Kämilligiň berk binýady

Ýaş nesliň bilim-ylym derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagy eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýokary netijeler gazanylýar. Ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap serişdeleri ornaşdyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly. Şu maksatdan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşýarlar» diýip belleýär. Dogrudan-da, täze taryhy eýýamyň ýaşlary döwrüň talaplaryny we durmuşyň zerurlyklaryny nazara alyp, innowasion tehnologiýalary

Mugallymyň iş tejribesinden

Okuwçylara bedewler hakynda düşündirmek Okadýan dördünji synpymda ene dili dersinden «Bedew — türkmeniň uçar ganaty» diýen temadan görelde sapagyny guradym. Munda multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalandym. Okuwçylara ilki atlar barada düşünje berdim. Okuwçylara gürrüň berýän wagtymda multimedia tagtasynda taýýarlan slaýd şekillerimi görkezdim. Wideorolikler bilen sapagyň täsirliligini has hem artdyrdym. Soňra bedew atlar barada Gahryman

Sanly bilimiň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgam ösdürilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu durnukly ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şertleri döredýän tehnologiýalara sanly ulgam diýilýär. Ähli pudaklara we ulgamlara sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ak mekdebiň gapysyndan ätlän çagalaryň kompýuterler bilen üpjün edilmegi olaryň döwrebap tehnologiýalar bilen içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijele

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza belent sarpa bar. Bu milli ýörelgeler esasynda geljegimiz bolan ýaş nesillere terbiýe berilýär. Esasan hem, sapaklarda, wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara milli gymmatlyklarymyz düşündirilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyz, Magtymguly Pyragynyň eserleri aýratyn orna eýe bolup durýar. Terbiýeçilik mazmundaky sözler, kyssalar, rowaýatdyr hekaýatlar, ertekiler türkmen halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde öz beýanyny tapýar. Milli mirasymyza daýanyp, gadymdan gelýän däp-dessurlardan ugur alyp, ýaş nesillerimiz bilen köp sanly terbiýeçilik işlerini yzygider guramak örän oňat netije berýär. Şeýlelikde, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelýändigini görýäris. Pähimdar pederlerimiz hemişe özüniň halallyk, geçirimlilik, birek-birege ynam we hormat ýaly ajaýyp endikleri, paýhasy bilen tanalypdyr. Bu häsiýetler nesilden-nesle geçip, türkmeniň milliliginde saklanypdyr. Bu ýörelgeleri gorap saklamak, nesillere öwretmek şu günki günde biziň wezipämiz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan nesil terbiýesi biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şunda mugallymlar hem, ene-atalar hem ýaşlara öwüt-nesihat berip, görüm-görelde bilen olarda ýagşy häsiýetleri kemala getirmelidir.

Ene dilim — asal dilim

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň çuňňur bilimli, arassa ahlakly, berk bedenli, watansöýer, başarjaň şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde bilim ulgamyna häzirkizaman innowasion tehnologiýalary, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, orta mekdeplerde kompýuter tilsimatlaryndan giňden peýdalanmaga giň ýollar açylýar. Bu bolsa ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek arakesmäni bilmeýän, maksatlaýyn ýagdaýda üznüksiz dowam edýän işdir. Ol ilki bilen çagalar baglarynda başlanyp, mekdepleriň başlangyç synplarynda dowam etdirilýär. Sebäbi çagalar baglarynda we başlangyç synplarda okuwçylara ýokary synplarda öwrediljek bilimleriň berk binýady tutulýar. Hut şu döwürde çagalary türkmen diline höweslendirmek meselesi ileri tutulmalydyr.

II matematika we fizika internet olimpiadasy

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 350-ä golaý okuwçy gatnaşdy. Bu bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy. Olimpiada matematika we fizika dersleri boýunça şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň (tohu.edu.tm) üsti bilen, bilim portalynyň binýadynda, onlaýn görnüşde guraldy. Olimpiada gatnaşyjylar Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutyna, B

Halkara olimpiadasy tamamlandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17 — 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, ylym-bilim ulgamyndaky milli tejribäni yzygiderli kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda wajyp ylmy garaýyşlar we meseleler boýunça pikir alyşmalary, çekeleşikleri guramak maksady bilen geçirildi.

Ýangyç-energetika pudagynyň hukuk binýady kämilleşdirilýär

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ugurlaryň biri ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmakdan we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynda eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS—2024) geçirildi. Halkara olimpiadada dünýäniň 18 döwletiniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler. 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy. Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylar bu möhüm akyl-paýhas bäsleşiginiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp, onuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça täze pikirleri ara alyp maslahatlaşmak we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde, 22-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, ABŞ-nyň Dallas uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk hünäri boýunça magistr derejeli, «Signet Jewelers» kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça inženeri, Türkmenistanyň raýaty Allamyrat Tüýliýew ýurdumyzda IT ulgamynda işleýän we bilim alýan ýaşlaryň öňünde okuw sapagy bilen çykyş etdi.

Wa­ta­nyň ynam­ly güý­ji siz, ýaş­lar!

Mähriban okyjylar! Mälim bolşy ýaly, biz žurnalymyzyň her sanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň çäginde akyldar şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalarda, okuw binalarynda bolup, ýörite söhbetdeşlikleri we makalalary taýýarlajakdygymyzy Size habar beripdik. Biziň indiki söhbedini etmek isleýän zähmet ojagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasydyr. Žurnalymyzyň şu sanynda TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň zähmet durmuşyndan taýýarlanan ýörite sahypany Siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. PY­RA­GY­NYŇ ADY — GÖ­WÜN­LE­RIŇ ŞA­DY

Türkmenistanly talyplar informatika boýunça halkara olimpiadada 10 sany altyn medala mynasyp boldular

Aşgabatda 15 — 19-njy aprel aralygynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadada türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen talyplary 10 sany altyn, jemi bolsa 43 medala mynasyp boldular. Ikinji orna 17 medal gazanan rus talyplarynyň topary ýerleşdi. Üçünji orun bolsa 10 medala mynasyp bolan HHR-iň toparyna nesip etdi. Bu barada «vestiabad» habar berýär.

Ylmy tejribeleri baýlaşdyran halkara olimpiada

Ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ýaşlary ylma, döredijilige höweslendirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şu ýylyň 15 — 20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmak, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak, häzirki döwürde informatika we onuň bilen baglanyşykly ugurlarda ýüze çykýan ylmy, amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirildi.

Kämillige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ynha, 17-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi. Ýokary derejede geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ady agzalan uniwersitet tarapyndan guraldy. Bu olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan we elektron maglumat hem-de dünýä internet ulgamyndan başarjaň peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi. Ýaşlara ösen döwletleriň bilim ulgamyna laýyk derejede ýeterlik bilim bermekde ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.