"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bilim

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň bilimli, zehinli bolmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim işgärleri öz yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Nursähet Babalyýewdir. Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan Nursähet mugallym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetini tamamlap, dürli ýerlerde zähmet çekýär. Mugallym häzirki wagtda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde okuwçylara bilim berýär. Onuň bilim berýän okuwçylary geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanýarlar. Nursähet mugallym 35 ýyl bäri okuwçylaryň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman işleýär. Zähmetsöýer, hünäriniň ussady bolan mugallyma ene-atalar çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar. Mugallymyň soňky ýyllarda ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlara halypalyk edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Dabaralara taýýarlykly barylýar

25-nji maýda bilim ojaklarynda giňden ýaýbaňlandyryljak mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge Ak bugdaý etrabynda häzirden degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň çäginde etrabyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda TMÝG-niň etrap Geňeşi şu günler 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak mekdep uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. “Soňky jaň” dabaralaryny özboluşly toý ruhunda, guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän şeýle çärelere mekdep mugallymlarynyň, şeýle-de mekdep uçurymlarynyň ata-eneleriniň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesine mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, “Soňky jaň” dabaralarynda etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak, okuw ýylynda tapawutlanan mekdep uçurymlaryny jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylaglamak meýilleşdirilýär. Munuň özi 25-nji maýda geçiriljek dabaralara baý many-mazmun goşar. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, mekdep okuwçylarynyň “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegini gazanmakda mynasyp tagalla ederis.

Beýik işlere buýsanç

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalar hem-de ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle halkara bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara, bilimlere höwesini has-da artdyryp, özara tejribe alşylmagyna ýardam edýär. Halkara internet olimpiadalary barha giň meşhurlyga eýe bolup, ýurdumyzyň ýaşlary olara gatnaşyp, ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Halkara olimpiadalar ýaşlary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek, olaryň dünýä ülňülerin

Bilimli ýaşlar geljegimizdir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlar uly güýç hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär edinmegi, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalaryny durmuşymyzyň her ädiminde duýýarys hem-de şol aladalara mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri hem yzygiderli geçirip durýarys. Ol çäreler ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Mugallymyň ussatlygy — üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil mugallymlary taýýarlamak boýunça döwletimizde netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda döredilýän mümkinçilikler öz miwesini berýär. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürlerde hem halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy ugry bolupdyr. Watanymyzyň şöhraty bolan terbiýeli nesiller biziň röwşen geljegimizdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikler esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, bilim-terbiýe bermegiň kämil usullary giňden ulanylýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek we ony döwrebaplaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolmak bilen bir hatarda, bu ugruň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem zerur bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda bu ulgama degişli döwlet çäreleri-de yzygiderli guralýar. Asylly däbe öwrülen «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşigi hem bu ugur boýunça amala aşyrylýan netijeli işleriň biridir.

Tejribeli terbiýeçileriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry boldy. Aşgabat şäherindäki 99-njy çagalar bakja-bagynda guralan bu bäsleşik iki gün dowam etdi. Oňa bäsleşigiň welaýat tapgyrynda we Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji gününde terbiýeçiler eminler toparynyň taýýarlan meýilnamasy esasynda nätanyş toparda bellenen wagt aralygynda sapak geçdiler. Tejen etrabyndan terbiýeçi Aýnabat Körpäýewa daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagyny işjeň ýagdaýda geçirmegi başardy. Ol öý işi boýunça «Türkmenistanyň şypahanalary» we täze tema boýunça «Ulularyň çekýän zähmeti bilen tanyşmak» temalaryny okuwçylara giňişleýin düşündirdi. Şeýle hem Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Güljahan Kulyýewa ýönekeý matematik düşünjeleri öwretmek sapagyny täsirli gurady. Ol «Geometrik şekiller» diýen tema boýunça birnäçe oýunlar esasynda temany düşündirdi. Lebap welaýatyndan terbiýeçi Şirinjemal Şükürowa bolsa sözleýşi ösdürmek dersi boýunça gyzykly sapagy guramagy başardy. Ol öý işiniň temasy boýunça A.Allanazarowyň «Taýçanak» hekaýasyny gyzykly gürrüň be

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalary zähmete ugrukdyrmak Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda el zähmetini öwretmekde çeperçilik zähmeti dersi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda çagalary ilkinji zähmete ugrukdyrmak, ownuk hereketlere işjeňligini artdyrmak esasy zerurlyklaryň biridir. Şu esasda synp otagynyň içinde nobatçylary bellemek, janly burçlara, ýagny otag güllerine ideg etdirmek, okuwçylaryň kitap-depderlerini tertipleşdirmek ýaly işlere ugrukdyryp bolýar. Mundan başga-da, gyzjagazlara iňňe tutmagy öwretmek, kök atmak, alaja örmek ýaly ýönekeýje işleri öwredip bolýar. Oglanjyklary hem otag gülleriniň topraklaryny çalyşdyrmak, düýplerini ýumşatmak işlerine ugrukdyrmak bilen el zähmetine bolan höwesi artdyrmak mümkin.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär «Açyk gapylar» gününde ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Türkmen döwlet maliýe instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

Türkmen döwlet maliýe instituty 2024-nji ýylyň 4-nji we 11-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutyň gurluş düzümi, institutda bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň ugurlary, okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň geçirilişi, institutyň ösüş taryhy barada maglumat berýän muzeýi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlyk ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berler.

Ene dilim — eziz dilim

Ynsanyň ömrüne baky hemra bolýan gymmatlyklaryň biri hem ene dilidir. Dil ynsanyň pikirlenişi, oý-hyýallary bilen berk baglanyşyklydyr. Ene dili ene mähri, hüwdüsi bilen ýüreklerde orun alýar. Alymlar, dilçiler, akyldarlar dil bilen baglanyşykly parasatly sözleri beýan edýärler. Pederlerimiz dilimiziň baýlyklaryny edebiýata, halk döredijiligine siňdiripdirler. Nusgawy edebiýatymyz, taryhy kitaplar diliň baýlygy hökmünde saklanyp gelýär. Bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere düşündirmek aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar.

Bilim – kämilligiň ýoly

Häzirki döwürde ylym-bilim ösýär, täze mümkinçilikler giňden peýdalanylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiligini hem aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym-bilim ykdysady ösüşleriň hem berk binýady bolup durýar. Bu ugurda kämil, bilimli hünärmenleriň aýratyn ornuny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň berk binýady bolan bilim ulgamynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalarynyň has-da kämilleşdirilmegi, mekdepleriň döwrebap, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ökde hünärli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladadyr. Häzirki wagtda sanly bilimiň ösdürilmegi bilen maglumat-bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim m

Sapakda nakyllar bilen işlemek

Edebiýat sapagynda temalar boýunça berilýän halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan nakyllara okuwçylaryň ünsüni çekmeli we öwretmeli. Nakyllaryň manysyna düşünen we olary ýat tutup, aýtmagy endik edinen çagalaryň sözleýiş dili çeper, kämil bolýar. Şol esasynda okuwçylara özbaşdak ýumuşlary hem tabşyrýaryn. Edebiýat dersi boýunça okuwçylaryň çeper eserleri, şygyrlary özbaşdak köp okamaklaryny ündeýärin. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde nakyla öwrülen setirleri tapyp, ýat tutmaklaryny we depderlerine bellik etmeklerini sargyt edýärin. Berlen öý işi boýunça okuwçylardan nakyllaryň manysyny hem soraýaryn. Mysal üçin: Doga bilen är gögär, Ýagmyr bilen ýer gögär, Är oldur – alkyş alar, Ýerlere baran gerek.

Ýa­pon di­li­niň we ýa­zu­wy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry

Ýer togalagynda näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bardyr, emma olaryň ulanylyş derejesi birmeňzeş däldir. Dilleriň bir topary köp sanly adamlar tarapyndan işjeň ulanylsa, başga bir toparyny az sanly adamlar ulanýar. Diller adamlaryň özara aragatnaşygynyň möhüm serişdesidir. Ýapon dili hem dünýäde köp ulanylýan dilleriň biridir. Ylmy maglumatlara görä, dünýäniň diňe bir ýurdunda ulanylýan bu dilde 125 000 000-a golaý adam gepleýär. Ýaponlaryň sözlük gorunda hytaý dilinden geçen sözler köpdür. Ýapon dili owazly dil hasaplanylýar. Ýazuwy garyşyk häsiýetlidir. Bu dilde hem Hytaý ýazuw belgileri — ieroglifler sözleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Okuwçy ýaşlaryň täze üstünligi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika dersleri boýunça geçirilen ikinji internet olimpiadasynda welaýatymyzyň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, olimpiadanyň matematika ugry boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýazmyrat Şemsetdinow bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Aýna Döwletowa birinji orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem bu ugur boýunça welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň dördüsi ikinji, ikisi üçünji orunlary eýelediler.

Dört dersden olimpiadalar geçirildi

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Saýlama we jemleýji tapgyrlardan ybarat bolan olimpiadalara ýurdumyzyň dürli sebitlerinden zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Olaryň iň gowy netije görkezen 250-ä golaýy jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy. Paýtagtymyzyň we beýleki welaýatlarymyzyň okuwçylarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşan bäsleşiginde ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde, matematika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde paýtagtymyzdaky 135-nji orta mekdebiň okuwçylary Maksat Babageldiýew bilen Hamza Allaberdiýew hem-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Döwletgeldi Şakirjanow beýleki bäsdeşlerinden tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň 5-si ikinji, 10-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp görüldi.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşiginde

Paýtagtymyzda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň içinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem bar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan halkara olimpiadasyna 18 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi. Ikinji tapgyrda bolsa talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuş tabşyryldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly esse bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Astrahan oblastynyň Priwolžskaýa raýonynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň 8-nji we 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak bäsleşigiň jemi jemlendi. Mekdep okuwçylary bu bäsleşikde pikirlerini beýan etmek üçin beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini köp okap taýýarlanandyklaryny görmek bolýar. Çünki okuwçylar ýazan essesinde şahyryň şygyrlaryny has içgin öwrenip, döredijilikli çemeleşipdirler. Olar pähim-paýhasa ýugrulan setirlerden ylham alyp ýazan esselerinde giňişleýin beýan etmegi başarypdyrlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak boýunça bäsleşiginiň netijesi boýunça Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň 8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Alina Satlykowa, 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa Sofiýa Plaşenkowa birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Esse ýazmak bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Russiý

Netijeli bäsleşik

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhly, dünýä ülňüsine laýyk gelýän ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklige hem uly üns berilýär. Şunuň esasynda orta mekdep bilen ýokary okuw mekdebiniň arasynda dil öwrenmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda: «Perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmek her bir adamyň öňündäki ömre barabar wajyp borjy. Häzirki wagtda döwrüň ösüş, özgeriş tizligi mese-mälim artdy. Biz öz nesillerimizi diňe şu gün üçin däl, geljegiň zerurlyklaryny hem göz öňünde tutup taýýarlamaly. Bu ýollarda çeken zähmetimiziň, siňdiren yhlasymyzyň ertir bizi begendirýän datly miweler bolup dolanjakdygyna şübhe ýok» diýip belleýär. Şeýlelikde, ýaş nesillerimiziň diňe bir terbiýeli bolmagy bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ylymly-bilimli bolmaklaryny, hem köp dil öwrenmeklerini gazanmaly. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 10 — 11-ne ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmak

Bilim bilen belent basgançaklara

Ýene bir okuw ýylynyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Oba hojalygynda «jüýje güýz sanaşylýan» bolsa, bilim ulgamy babatynda «jüýje sanaşylýan» möwsüm bahar bilen tomsuň sepgidine gabat gelýär. Şol günler ýakynlaşdygyça öňdebaryjy bilim ojaklarynda ýetilen sepgitler belentligi, alnyp barylýan işler netijeliligi bilen has göwnüňi dokundyrýar. Häzirki wagtda 1154 okuwça bilim berýän Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdep hem şeýle bilim edaralarynyň biri. Bu mekdebiň binagärlik gurluşyndaky döwrebaplyk onda alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işlerine hem siňipdir. Täsin ýagdaý: mekdebiň şunça okuwçysynyň arasynda bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň haýsy hem bolsa bir görnüşine gatnaşmaýany ýok diýerliklidir.