"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň degişli ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk saklamagy bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ösüşleriň belent ýollaryndan öňe barýan ata Watanymyzyň, edil ylym-bilim ulgamynda bolşy ýaly, halkara ykdysady we medeni gatnaşyklary hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen saklanylýan şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda bolsa, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär we onuň netijesinde dünýä dillerini suwara bilýän ýaş nesiller kemala gelýär.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. 2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Bilim binýadynyň kämilligi

Türkmen halky ylma-bilime edep-terbiýäniň açary, eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle bolansoň, ylmy-bilimi, düşünjedir paýhasy asudalygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirmek biziň halkymyzyň durmuş kadasyna, milli ruhuna mahsus häsiýetdir. Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr. Şoňa görä-de, biz — bagtyýar ýaşlar beýik maksada — demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyza, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim özgertmelerimize gowy okamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek, düýpli we amaly taslamalary amala aşyrmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrys. Has dogrusy, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek, ähli gujur-gaýratymyzy, alan bilimimizi, yhlasly zähmetimizi berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky işlerde amal etmek biziň perzentlik borjumyzdyr. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz taryhymyzyň uzak döwürlerinden bäri agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýa

Geljege iň uly serpaý

Sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran tagallalaryň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy ýyldyrym çaltlygyndaky ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň jemlerine we öňde duran wezipelere bagyşlanyp geçirilen mejlisi hem tassyklaýar. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimize habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplar halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallaryň 813-sini gazandylar. Munuň özi iňňän guwandyryjy netijedir, şol bir wagtyň özünde-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesle bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak babatynda edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir.

Körpeler we kompýuter

Ylmyň, tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde kompýuterler ynsan durmuşyna ymykly ornaşýar. Häzirki wagtda her bir maşgalada kompýuter bolup, ol hut telewizor ýa-da telefon ýaly adaty enjam hökmünde ulanylýar. Käbir ata-eneler çagalarynyň eýýäm 3-4 ýaşlarynda kompýuteriň düwmelerine ussatlyk bilen basyp, oňa erk edýändiklerini görenlerinde, buýsançly duýgulary başdan geçirýärler. Emma kompýuterden peýdalanmagyň hem öz kada-düzgünleri, şertleri bar. Şolar berjaý edilmese, ýaş çaganyň saglygyna zeper ýetmegi mümkin. Mysal üçin, kompýuter sebäpli skolioz, görejiň ýaramazlaşmagy we semizlik ýaly näsazlyklar ýüze çykyp biler. Ýöne kompýuteriň zyýany diňe onuň nädogry ulanylmagy zerarly ýüze çykýar. Öýlerde ata-eneler muňa ýol bermeli däldirler. Çagany kompýuteriň täsirlerinden gorap, doly derejede howpsuz we peýdaly kömekçä öwrüp, zyýanlaryndan goramak olara bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa şu şertleri berjaý etmeli: Çaga üçin kompýuter ulanmagyň ýaşyny anyklamaly

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin janaýaman zähmet çekýär. Şeýle hünäriniň ussady, 32 ýyl bäri bilim ulgamynda zähmet çekip gelýän mugallymlaryň biri-de Gülöwser Mollaýewadyr. Mugallym ilki Daşoguz welaýatyndaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, soňra Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny üstünlikli tamamlap, dürli ýyllarda dürli mekdeplerde zähmet çekdi. Ol Baýramaly şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Oguloraz Orazowadan okatmagyň inçe syrlaryny öwrendi. Şu günki gün bolsa, Gülöwser mugallymyň özi ýaş mugallymlara halypalyk edýär. Häzirki wagtda ussat mugallym Baýramaly şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdepde başlangyç synp hem-de türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Gülöwser mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen 1-nji synp okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar.

Bilimli nesil — ýurdumyzyň daýanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw -hemaýatlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň gerimli işler, taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini häzirki wagtda, ähli ugurlar bilen birlikde, milli bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde gazanylan ýokary netijeler hem subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýen sözleri muny doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşleri gazanmakda bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda ulgamyň ygtybarly kanunçylyk binýady döredilip, ony ösdürmegiň esasy maksatlary hem-de ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bilim ulgamyny kämil ýörelgeler esasynda döwrebaplaşdyrmakda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar, konsepsiýalar uly ähmiýete eýedir.

Nesil terbiýesi — bagtly geljegiň binýady

Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umumadamzat we milli gymmatlyklara hormat goýmak, ylma, bilime möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede däl-de, eýsem, daşary ýurt dilleriniň hem birnäçesini öwretmek wezipesi goýul

Zehinli okuwçylarymyzyň Dubaýdaky üstünligi

Türkmenistanly mekdep okuwçylary şu ýylyň 7 — 9-njy noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «MEMORIAD 2024» atly bütindünýä mental sport olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Mälim bolşy ýaly, «MEMORIAD» olimpiadasy, sportdaky Olimpiýa oýunlary ýaly, her 4 ýyldan bir gezek geçirilip, ýatkeşlik, mental hasaplama, mental arifmetika, çalt okamak boýunça ýaryşlaryň guralýan ýeke-täk meýdançasydyr. Bu zehin bäsleşigi 2006-njy ýylda dünýäniň 60 ýurdunda hasaba alnyp, şeýle görnüşdäki ilkinji ýaryşlar 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Türkmen mekdep okuwçylary bolsa «MEMORIAD» olimpiadasyna şu ýyl ilkinji gezek gatnaşyp, öz tebigy ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. 23 döwletden mental sporta höwesli mekdep okuwçylarynyň 150-den gowragyny bir ýere jemlän olimpiadada zehinli ýaşlarymyzyň 17-si Türkmenistana wekilçilik etdi. Jemi 15 derejede geçirilen özboluşly bäsleşikde ýaşajyk ildeşlerimiz mental arifmetika, fleş-anzan marafon, kwadrat köki çykarmak ýaly ugurlarda öz deň-duşlary bilen ýaryşdylar.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş babatda halkara hyzmatdaşlygy kabul edilýän Maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini has-da döwrebaplaşdyrmagy talap edýär.

Ylym - bilim ulgamy ösüş ýolunda

Ýurdumyzyň ösüşinde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan hem, bilim bermekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bularyň ählisi sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu oňyn mümkinçiliklerden ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem guralýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usulla

Döwrebap mümkinçiliklere esaslanyp

Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaş nesillerimiziň bu ugurda has-da kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýär. Bu babatda öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audiomateriallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, anyk wezipeleri we maksatlary nazarlaýan resminamalaryň kabul edilmegi ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde, döwletimi

Mekdep okuwçylaryny ders bäsleşiklerine taýýarlamak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary okuw dersleri boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlamak, olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak wajyp wezipeler bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikler geçirilýär. Bu bäsleşikleriň çäginde okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleri hem guralýar. bäsleşikleriň okuwçylary dersler boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň mekdep okuwçylary dersler boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy

Halk döredijiliginden peýdalanmak

Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek çagalary akyl taýdan ösdürmekde ähmiýetlidir. Çagalar baglarynda bu derse ýörite sagatlar berlip, körpeler sanamagy, hasaplamagy, deňeşdirmegi, tapawutlandyrmagy, böleklere bölmegi, giňişlikde ugur tapmagy, wagty kesgitlemegi, ýönekeýje meseleleri düzmegi we çözmegi öwrenýärler. Men hem uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparda matematika dersi boýunça öwrediji-ösdüriji oýunlardan, halk döredijiligi bolan matallardan, tapmaçalardan, sanawaçlardan, nakyllardan, ertekilerden peýdalanyp geçmäge çalyşýaryn. Ondan başga-da, goşgularda duş gelýän sanlary mysal getirýärin. Munuň özi körpelerde matematiki düşünjäni kemala getirýär. Biz — terbiýeçiler ýaş nesillerde milli mirasymyza söýgini, buýsanjy terbiýelemegi maksat edinýäris. Milli mirasymyzyň özeni bolan halk döredijiligine degişli bolan sanawaçlar, matallar, tapmaçalar, nakyllar, ertekiler arkaly guran matematika sapagyma çagajyklar uly höwes bilen gatnaşdylar. Sapakda kompýuterden, multimedia tagtasyndan peýdalanyp, çagalara ertekileriň gahrymanlarynyň eşiklerini geýdirdim. Olar bilen ýörite sahnajyklary hem taýýarladyk. Sapagyň dowamynda matallary, tapmaçalary, nakyllary, ýaňyltmaçlary goşgy setirlerine geçirip, çagalara ýatdan aýtdyrdym. Sorag görnüşindäki goşgulary çagalara höd

Harplary öwretmegiň aýratynlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili kämilleşdirilýär. Orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda döredilýän mümkinçilikler esasynda okuw sapaklaryny guramaçylykly alyp barýarys. Okatmagy döwrebap alyp barmak ýaş nesillerde bilim öwrenmäge höwes döredýär. Bu babatda ene dili sapaklaryny guramaçylykly geçirmek, olaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. 2-nji synpda türkmen dili sapagynda çekimli harplar öwredilýär. Şunda okuwçylaryň harplar we sesler, sesleriň aýratynlyklary hakynda düşünjeleri baýlaşýar. Olar ýazuwda we aýdylyşda harplaryň tapawudyna has-da oňat düşünip başlaýarlar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Başlangyç synplarda ene dili sapaklaryny guramak Türkmen halky ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly sypatlara uly sarpa goýup gelipdir. Milli terbiýäniň esasy bolup hyzmat edýän maşgala ojagynyň, onda ata-enäniň çagalaryna berýän terbiýesiniň, görüm-göreldesiniň möhümdigine uly üns beripdir. Çagalarymyza milli terbiýe bermegiň ilkinji basgançaklary başlangyç synplardan başlanýar. Magtymguly Pyragynyň hem goşgularynda däp-dessurlarymyzyň, edep-kadalarymyzyň, ýörelgelerimiziň ähmiýeti barada örän ýerlikli, ähmiýetli pikirleri öňe sürülýär. Çaganyň ýaşlykdan mylaýym, mähirli gatnaşyklar esasynda terbiýelenmelidigi, şeýle-de sözüň güýjüniň we söz manysyna düşünmegiň uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.

Kämilligiň berk binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Täze okuw kitaplarynyň we usuly gollanmalaryň ylmy taýdan esaslandyrylyp, hil taýdan ýokary bolmagy talyplarda özbaşdak pikirlenmek duýgularyny ösdürýär. Kafedralarda ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça durmuşa geçirilýän işlere ylma höwesli ýaşlary çekmek ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar, ylmy işleri geçirmegiň inçe ýollary öwredilýär. Uniwersitetimiziň talyplarynyň dünýä belli «Jhon Deere» kompaniýasynyň guramagynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda okuw tejribeliklerinde bolmaklary ýaşlaryň şol kompaniýanyň öndürýän tehnikalaryny çuňňur öwrenmeklerine itergi berdi. Talyplarymyz daşary ýurtlarda we ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Ýaş maliýeçileriň zehin bäsleşigi

Ýakynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 6 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan 100-den gowrak talyp gatnaşdy. Halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, talyplaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim başarnyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, nazary bilimlerini berkitmek, şeýle-de özbaşdak işlemek endigini kämilleşdirmek maksady bilen guraldy. Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy daşary ýurtlara degişli. Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portaly arkaly Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 31, Türkmen oba hojalyk institutyndan 4, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan hem 4 talyp olimpiada internetiň üsti bilen goşuldy. Meseleler türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanyldy. Düzgünnama laýyklykda, gatnaşyjylara 10 sany mesele hödürlenip, olary çözmek üçin 120 minut wagt berildi.

Usuly işler kämilleşdirilýär

Döwlet bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşine we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýada», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler oýlanyşykly durmuşa geçirilýär. 8-9-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki 183-nji çagalar bakja-bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň ýolbaşçylary we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy iş tejribeli bilim işgärleri gatnaşdylar.