"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Kämilligiň açary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda soňky sanlyja ýylyň içinde ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlarynyň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri bilim işgäri üçin ýolgörkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Mähriban halkymyzyň guwanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekany hökmünde hem giňden tanalýar. Şunda aragatnaşyk ulgamy häzirki döwürde adamyň gündelik durmuşynda mäkäm orun aldy. Bilimiň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy. Sapaklarda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, bilimlere bolan höwesini, dünýägar

Edebiýatyň genji-hazynasy

Dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň hatarynda ynsan kalbyna has ýakyn durýan, akgynly okalýan we ýatda galýan eserleri bilen mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutuş adamzadyň genji-hazynasydyr. Şygyr meýdanynyň «oragyny orup giden» akyldaryň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde dünýäniň çar tarapynda şahyryň edebi agşamlary geçirilýär, döredijiligi giňden öwrenilýär, dürli baýramçylyk dabaralary bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen halkynyň milli guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, akyldar şahyryň döredijiligini şöhratlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesillere olaryň many goýazylygyny düşündirmek, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça uly wezipeler öňde durýar. Şol mukaddes wezipelere eýerip, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde meýilnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Mekdep okuwçylarynyň arasynda uly höwes bilen geçirilýän edebiýat agşamlary ýaşlarda unudylmajak ýatlamalary galdyrmak bilen bir hatarda, Magtymgulynyň döredijilik ummanyna bolan belent söýgi-sarpany hem terbiýeleýär. Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen

Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebinde bilimini artdyrmaga isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, okuw merkezleriniň diňleýjileri, şeýle hem önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim almaga döredilýän giň gerimli mümkinçilikleri orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap binalarynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýaşlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan tanyşmagyny üpjün edýän şeýle «Açyk gapylar» günleri indi her ýyl geçirilýän asylly däbe öwrüldi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelen ýaşlar bu ýerde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işler, öwredilýän hünärler hem-de olaryň taýýarlyk ugurlary, okuwlaryň guralyşy, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, sport klubynyň işi

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Çagalaryň dünýäniň bezegine, durmuşyň gülüne deňelmegi ýöne ýerden däl. Pähimdar pederlerimiz edep-terbiýeli çagany miweli baga hem meňzedipdirler. Çünki terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, aň-düşünjeli, edep-ekramly nesil ýetişýär. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetli yrymlary, däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Nesil terbiýesi meselesinde parasatly pederlerimiziň miras galdyran ýol-ýörelgeleri biziň üçin görelde mekdebidir.

Ýeňişli ýyllaryň ýalkymy

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy–— ýeňişli ýollaryň ýalkymy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen Aşgabat şäheriniň mukaddes ýerleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýine hem baryldy. Ylmy-amaly maslahat üç bölümçede dowam etdi. Institutyň ylmy işleri boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazow, Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik Orazmyrat Annaýew hem-de harby talyp Wepa Baýramberdiýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekleriň, öňi bilen bolsa, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň görkezen gahrymançylyklary we watançylyga beslenen manyly durmuş ýoly barada nygtadylar. Hususan-da, milletimi

Akyl-paýhasyňa, pendiňe uýdum

Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir. 1995-nji ýylyň 25-nji maýynda ir säherden ýagyş damjalap ugrapdy. «Ýaz ýagşydyr, geçer-gider-dä» diýen çaklamam dogry çykmansoň, saýawanymy almak üçin yzyma dolandym. Ony goýan ýerimden tapman, kitap-depderlerimiň durýan ýerinden gözläp ugradym. Şol wagt elim degip, ertekiler kitaby ýere gaçdy. Aýawly saklap ýören kitabymy emaý bilen ýerden galdyranymda, onuň arasyndan okuwçy depderine ýazylan hat çykdy. Ol meniň altynjy synpda ýazan düzmämdi. Edebiýat mugallymymyzyň erkin temadan ýazdyran düzmesinde çagalygymyň arzuwy bardy. Men mugallym bolmagy arzuw edipdim. Çaga kalbymda bu arzyly käre söýginiň döremegine başlangyç synp mugallymym sebäp bolupdy. Onuň mähriban keşbi häzirem göz öňümde. 1-nji sentýabr güni ejem janyň elinden tutup, ak mekdebiň bosagasyndan ätlänimde Jumagül mugallym güler ýüz bilen garşy alyp, öň hatardaky partada oturdypdy. Birinji synpa gelýän oglan-gyzlaryň arasynda ejelerine gysmyljyrap, gapynyň agzyndan yzyna gitjek bolup duranlary-da bardy. Jumagül mugallym olaryň hersiniň elinden tutup, synpda oturdypdy. Soňra ene-atalara rugsat berip, biziň bilen ilkinji sapaga başlapdy.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Üstünlik yhlasa bagly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň pähim-paýhas mümkinçilikleriniň, başarnyklarynyň doly açylmagy, bilimleriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda maksada okgunly işler durmuşa geçirilýär.

Bilimli nesil ýurdumyzyň daýanjydyr

Täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek üçin hem ähli şertler döredilýär. Ulgamda ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň beýik ösüşlere sary aýgytly gadam urup, bagtly geljegini gurýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Eziz Diýarymyzda ulgama sanly bilimiň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Ýaş nesillerimiziň häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynda bilim almaklary, dürli dilleri we hünärleri öwrenmekleri olaryň ylymda täze belentliklere ýetmeklerine ýardam berýär. Kabul edilýän maksatnamalarda hem ylym-bilimi ösdürmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň esasy wezipeleriniň we ugurlarynyň kesgitlenmegi ulgama aýratyn ünsüň berilýändigini subut edýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanýan bilim binýadynyň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Ylmyň, bilimiň gülläp ösýän ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, saýlap alan hünärleriniň

Döwletimiziň kuwwatly güýji

Ynsan üçin bahasyz baýlyk hasaplanylýan bilim ruhy hazynadyr. Şonuň üçinem «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyzdan galan nakyl halkymyzyň ýörelgesine öwrülendir. Häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim programmalaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle işleriň netijesinde kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän ýaş hünärmenler kemala gelýär. Biziň uniwersitetimizde hünär öwrenýän ýaşlar hem elektron sözlükleriň, audio we wideo materiallaryň, gollanmalaryň, elektron kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini baýlaşdyrýarlar. Şeýtmek bilen, talyplar geljekde ýerasty baýlyklarymyzy gazyp almakda, olary işläp geçmekde, halkymyzyň netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakda tejribe toplaýarlar. Mundan başga-da, olar abraýly halkara bilim, sport, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we A

Üstünlikleriň sakasy

Ýaş nesillerimiziň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk bilim-terbiýe almagyny gazanmak milli bilim özgertmelerinde esasy maksat bolup durýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda badalga berlen ylym-bilim özgertmeleri täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Netijede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm aýratynlygyna öwrülen bilim özgertmeleri ýaş nesli milli ruhda, ýagny medeni mirasymyza, şöhratly geçmişimize, durmuş ýörelgelerimize laýyk terbiýelemek ýaly asylly tutumlar bilen sazlaşýar. Halkymyza, Watanymyza wepaly, halal zähmete sarpa goýýan, ylymdyr bilime teşne nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şeýle jogapkärli wezipä abraý bilen hötde gelmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýaş nesilleri terbiýelemekde Milli Liderimiziň özboluşly mekdep bolup durýan eserleriniň üstüni ýetirdi. Şöhratly geçmişimize, ruhy-medeni gymm

Dil bilmek — baýlyk

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri möhüm şertleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz geljekki ýurt eýeleriniň ýokary derejede bilim almaklary, dil öwrenmekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Berkarar ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen ýaşlary daşary ýurtlaryň dünýä belli ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär alýarlar, okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Okuwçylara kämil bilim bermekde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr.

Bilimli ýaşlar — Watan geljegi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrapdaky A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bilimli ýaşlar — Watan geljegi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy.

Kämillik menzilleri

Çaga terbiýesinde daşymyzy gurşap alýan tebigata, medeni gymmatlyklara hem-de sungat gözelliklerine söýgi döretmek, daş-töweregimizdäki adamlar, deň-duşlar bilen sarpaly gatnaşygyň ýola goýulmagyny ündemek uly ähmiýete eýedir. Gözellik, ýagşylyk, kämillik, sazlaşyk, Watana söýgi, dogruçyllyk, halallyk ýaly düşünjeleriň manysyny çagalara kiçiliginden öwredip, durmuş atly akymda özlerine mynasyp orun almagyny öwüt etmeli. Il-halkyň alkyşyny alýan ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin çagalara maşgalada we mekdepde asylly görelde görkezmeli. Çagalarda öz duýgularyny, içki ahwalatyny, tolgunmasyny, begenjini, dünýäni, tebigaty kabul edişini köplenç döredijilik eserleriniň üsti bilen mälim etmek häsiýeti bar. Bu olaryň döredijilik älemine girişmegine, zehinini ösdürmegine täsirini ýetirýär, daşyny gurşap alýan gözellikleri duýmak ukybyny kemala getirýär. Kiçi ýaşly çagalar köplenç surat çekmek bilen öz duýgularyny beýan edýärler. Eline galam bilen kagyz alan çaga, ilki bilen, ejesi bilen kakasynyň elinden tutup duran görnüşi, soňra öý, al-elwan açylan gülleri, asuda asmanda nuruny eçilip duran Güni, bulutlary, ýapraklary seçelenip duran agajy çekip, maşgalasyny, öý-ojagyny, özüni gurşap alýan zatlary suratlandyrmagy halaýar.

Beýik işleriň daýanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Mähriban Diýarymyzda biz—ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirilip, türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň 15-20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS — 2024) üstünlikli geçirildi. Bu bilim ojagynda 19-njy aprelde ýokary

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaş nesil yhlasly okaýar, zähmet çekýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okuw we tejribe işlerine täze, döwrebap usullar ornaşdyrylyp, dünýä tejribesinden netijeli peýdalanylýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu gymmatly kitaby okadygyňça, onuň many-mazmuny okyjyny özüne çekýär, türkmen halkynyň diňe bir sebitde däl-de, eýsem, dünýä medeniýetindäki ornuny açyp görkezýär.

Geçmişiň hem-de geljegiň sazlaşygy

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine höweslerini artdyrmak, olaryň kärine kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde kafedralaryň hepdeliklerini geçirmek boýunça işler ýola goýuldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde hem taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň «Taryh geçmişiň hem geljegiň aýnasydyr» atly hepdeligi guramaçylykly geçirildi. Hepdelige taýýarlyk işleri okuw ýylynyň başyndan ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenilip, onuň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Bilimli nesil — röwşen geljegimiz

Häzirki ajaýyp döwrümizde däp-dessurlary öwrenmek we jemgyýetiň belent ýörelgelerine eýermek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek asylly maksatlara öwrüldi. Pähimdar pederlerimiziň wesýetlerinden hem-de göreldelerinden kemala gelen milli ýörelgeler ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, nusgawy edebiýatymyz wagyz edilýär, dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň terbiýesine, ylym-bilimine aýratyn üns berilýär. Ýaşlara döwrebap terbiýe, bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli buýsanjyny, ata Watana bolan söýgüsini has-da berkitmeli. Watançylyk terbiýesi iňňän mukaddes we jogapkärli işdir. Şonuň üçin hem nesil terbiýesi watançylyk we milli gymmatlyklaryň esasynda alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenýändigini, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere ygrarly nesliň kemala gelýändigini aňladýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sapaklarda sanly mümkinçiliklerden peýdalanmak Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy hereketi tizleşdirýär. Döwrebap derejede tehnologiýalar bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara sanly serişdeleri, tehnologiýalary dogry we doly öwretmek gerek. Bularyň üsti bilen çagalar daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem doly mümkinçilik alýarlar.

Kämil bilim ulgamy

Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky yzygiderli aladasy netijesinde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan-da, bilim bermekde sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly wajyp resminamalar bar. Bu möhüm maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bular öz gezeginde, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem okadylýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen y

Körpeleriň dilinde Pyragynyň waspy

Çagalar bakja-bagymyzda «Pyragynyň paýhasy — dost-doganlyk köprüsi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Oňa etrabymyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda bagymyzda terbiýelenilýän körpeler şadyýan aýdymlary, joşgunly tanslary bilen çykyş etdiler. Doganlyk halklaryň milli lybaslaryny geýen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary, tanslary uly şatlyk hem-de başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen şirin labyzly aýdymlar olara mahsus sazlaşykly tans hereketleri bilen utgaşdy. Olaryň çykyşlarynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna öwran-öwran ýüzlenildi. Akyldar şahyryň halklaryň arasynda dost-doganlygy wasp edýän çuňňur mazmunly goşgy setirleri has belentden ýaňlandy.