"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi we 2028-nji ýyla çenli ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşýandygynyň subutnamasy boldy. Konsepsiýada mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeler bilen işlemek boýunça öňde durýan anyk wezipeler beýan edilýär. Bu resminamada çagalar edaralary bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, okatmagyň hilini, mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalan

Kämilligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Häzirki wagtda gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri döwrüň talabyna laýyk gelýän iň kämil enjamlar bilen üpjün edilýär. Şeýle-de ak, gunduz ýaly mekdeplerde kämil bilim we terbiýe alýan ýaşlaryň geljegi barada hem üznüksiz alada edilýär.

Bi­lim­li il ozar

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Bi­lim ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi hem-de mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, ul­ga­myň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy Gah­ry­man Arkadagy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan, hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ru­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­ny, or­ta mek­de­bi, ýo­ka­ry mek­de­bi öz­gert­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ylym-bi­lim ul­ga­myn­da öz­gert­me­le­riň mak­sa­da la­ýyk dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ul­ga­my yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip, ony hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ýar.

Mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ählitaraplaýyn kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bilim ojaklarynyň möhüm orny bar. Şonuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ak mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine bada-bat girişildi. Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, Sarahs etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerine giň gerim berildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bolýan häzirki günlerde bu işleri talabalaýyk alyp barmakda mynasyp tagallalar edilýär. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde möhüm ähmiýete eýe bolan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilýär.

Kuwwatly ösüşiň binýady

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz taryhy döwri başdan geçirýär. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alýar. Durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň netijesinde tanalmaz derejede özgeren, gözelleşen ýurdumyzda täze sepgitler nazarlanýar. Döwrümiziň şunuň ýaly taryhy ösüşlerinde ylym-bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Sebäbi kämil bilim we ylym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleriň, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mizemez binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda iri möçberli, milli ruhy gymmatlyklary, bu ugurlarda gazanylan dünýä tejribelerini özünde jemleýän özgertmeleriň gerimini has-da giňeldýär.

Tejribeli mugallym ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi

Baýry ýokary okuw mekdebimiziň fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Göwher Şukurowa «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Mugallymymyz bu orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň diller kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Oguljennet Jumalyýewa bilen paýlaşdy.

Belent maksat rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olara hünär öwredilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ähli bilim edaralarynda sanly tehnologiýalar, ýokary tizlikli internet ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Şol tehnologiýalardan oňat baş çykaryp, saýlap alan ugrundan ökde hünärmenleri ýetişdirmek bolsa esasy maksadymyzdyr. Ähli ugurlarda täze tehnikalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylýan döwründe nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlarynyň innowasion tehnologiýalary bilen talyp ýaşlarymyzyň tanyşmaklary we öwrenmekleri üçin degişli dersler boýunça göçme sapaklar guralýar. Bu bolsa talyp ýaşlarymyzyň alýan nazary bilimlerini tejribede berkitmeklerine ýakyndan ýardam edýär.

Ýurduň nurly geljegi

Edep-terbiýeli bolmak ynsany bezeýän zerurlyklaryň hatarynda esasy orny eýeleýär. Perzentleriniň ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini, edep-terbiýeli, Watanyň mynasyp ogul-gyzlaryny, kämil neslini kemala getirmekligi ähli döwürlerde-de ömrüniň manysy hasaplan halkymyz bu meselä inçelik bilen çemeleşipdir. Pederlerimizden nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýol-ýörelgeler ajaýyp döwrümizde berk berjaý edilýär. Belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatda kämil, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň gözýetimli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup, ata Watanymyzyň nurly geljegidir. Ýurdumyzda döwrebap bilim berlişiniň ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän edep-terbiýe bilen utgaşdyrylýandygyny hem bellemelidiris. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, ylym-bilimli ýaş nesliň kemala gelmegine şert döredýär.

Bäsleşigiň jemi jemlendi

Bilim özgertmeleri — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen giň gerimli maksatnamalar kämil bilimli, innowasion özgertmelere taýýarlykly, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan ýaş nesliň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna, okuw işine innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bu syýasatyň bir bölegidir. Bu resminama häzirki döwürde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depgi

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ugrundan durmuşa geçirilýän işler her bir bilim işgärini, halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletli Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Şeýle döwletli işleriň ýola goýulmagy, ylym-bilimde özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly işlerde berk binýat bolup durýar. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde mugallymlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanýandygyny, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýändigini, ösen şertleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümiz

Tejribelik ― tejribe mekdebi

Institutymyzyň 1 ― 4-nji ýyl talyplary 22-nji iýundan tomusky okuw tejribeligine girişdiler. Birinji, ikinji we dördünji ýyl talyplarymyz institutyň binýadynda tejribelik geçýän bolsalar, üçünji ýyl talyplarymyz tutuş okuw ýylynyň dowamynda öwrenenlerini Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde we çagalar bakja-baglarynda özleşdirýärler. Okuw tejribeliginiň meýilnamasyna görä, birinji we ikinji ýyl talyplarymyzyň tejribeligi 5-nji iýula çenli dowam eder. Üçünji, dördünji ýyl talyplarymyz bolsa 12-nji iýula çenli tejribelik geçerler.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bilim ulgamynyň kämilligi – döwrebap ösüşleriň badalgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli

2024-nji ýylyň öňdebaryjy mugallymlary kesgitlenildi

Öňňin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik her ýylda hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny, kabul edilen bilim konsepsiýalaryny durmuşa geçirmekde, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesi bolan professor-mugallymlary ýüze çykarmak, olary täze üstünliklere höweslendirmek, pedagogik işjeňligini artdyrmak, iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen guralýar. Bäsleşikde ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyna, okadýan dersleri boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary işläp taýýarlaýandygyna, bilimi, ylmy we önümçiligi özara utgaşdyryp sapak okadýandygyna görä baha berilýär. Onuň esasy şertleriniň biri mugallymyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, sanly ulgamy, dünýä tejribesini ulanmak bilen, sapagy ylmy esasda guramagy başarýandygyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Şunlukda, tejribeli mugallymlaryň okadýan dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, el

Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Geçen hepdäniň şenbe güni baýry bilim ojagy bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan dabara hem ruhubelentlige, egsilmez şatlyga beslenip, many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilýän şu ýylda ýokary okuw mekdebini hünärleriň 30-sy boýunça 1 müň 521 uçurym tamamlady. Olaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa okuwlaryny tapawutlanan diplom bilen tamamladylar. Şunlukda, ýaş hünärmenleriň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda zähmet ýoluna ugradyldy. Uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.

Üstünlikleriň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hakynda aýratyn durup geçmek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy. Häzirki wagtda bu taryhy resminama we durmuşa geçirilýän özgertmeler barada bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bilim röwşen geljegimizi üpjün edýän, ýaşlaryň kämilligini peşgeş berýän güýçdür. Ol döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda

Ýaş nesil röwşen geljegimizdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, kämil we watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek jana-jan borjumyzdyr. Häzirki döwürde milli terbiýä, asylly ýörelgelere, bilim öwretmegiň döwrebap usullaryna uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinde bilim bermegi terbiýe bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň watansöýüji bolmagyny gazanmak ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şonuň üçin hem perzentlere çagalygyndan berlen edebiň edil daşa

Kämil bilimiň döwrebap binýady

Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine eýermek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilim-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biri boldy.

Kitap — gymmatly baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Kitap — ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy. Berkarar döwletimizde kämil, başarjaň, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti bimöçberdir. Kitap her bir adama durmuşda öz ornuny tapmaga, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini hemra edinmäge ýardam berýär. Kitap okap, onda öňe sürülýän paýhasly pikirlerden ugur alyp bilýän adamlar sowatly ynsanlar hasaplanýar. Kitap ynsan ömrüni manyly we abraýly günlere besleýär.