Milli gymmatlyklara daýanyp
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar. Ahlak medeniýeti bolsa jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz düzüminiň bir bölegidir. Ahlak adamyň özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini kesgitleýän düzgünlerdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmen halky üçin ata Watan hemme zatdan eziz hem mukaddesdir. Ata-babalarymyzyň ündeýişleri ýaly, edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan türkmen halkynyň ýüreginiň bir bölegidir. Türkmen özüniň Watana dahyllydygyny, oňa gerekdigini, zerurdygyny kalby, onki süňňi bilen duýanda, özüni bagtly hasaplaýar. Watany söýmek, Watanyň mukaddesligine uýmak, Watana sygynmak türkmeniň ata-baba aňyrdan gelýän gadymy hem müdimi dessury, mizemez milli ynanjydyr.