Giň gujagy em-melhemli Awaza
Ýylyň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyşlar gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň raýatlarydyr daşary ýurt myhmanlary bu möwsümi şatlyk-şowhun bilen geçirmek üçin Hazar deňziniň düri-merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýärler. Olar deňze suwa düşmek, ekologiýa taýdan arassa kenarda gezelenç edip, hoştap howadan dem almak, attraksionlarda suw oýunlary bilen meşgullanmak arkaly wagtlaryny hoş geçirýärler. Gojaman Hazaryň kenarýaka giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda gämilerde, gaýyklarda, katamaranlarda gezelenç etmegiň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Bu behişdi mekanlarda dynç almak bilen adamlar saglyk ýagdaýyny berkidýärler. Deňiz suwunyň saglyga peýdasy barada lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ykrar eden maglumatlaryny sanamak bilen soňuna çykmak mümkin däl. Şeýle hem bolsa, olaryň käbiri barada durup geçeliň. Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenarynyň howasyndaky we suwundaky mineral maddalar bejerijilik häsiýete eýe bolup, bu ýerleriň hoştapdan aram howasy, endamyňa hoş ýakýan güneşi, arassa çägeli kenary ynsan saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak üçin örän peýdalydyr. Deňiz suwunyň we kenar howasynyň bejerijilik häsiýetleri adamlara köp ýyllardan bäri mälimdir. Şeýle bolansoň, suw boýunda dynç almagyň, kenarda ýöre